Activities calendar

01 September 2021

Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenildi

Turkmen

Şu gün Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli şanly senäni — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny bellemäge taýýarlyk görýän eziz Diýarymyzda çagalar üçin gapylaryny giňden açan täze mekdepleriň birnäçesi ulanylmaga berildi. Bu desgalaryň gurluşygy ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan amala aşyryldy, olar öz öňünde goýlan wezipäniň hötdesinden abraý bilen geldiler. Täze binalaryň hatarynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap obasynda gurlan ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdep hem bar.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliň mukaddes borçlary hem-de wezipeleri barada umumy sapak geçdi

Turkmen

Şu gün paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy okuw sapagyny geçdi.