Activities calendar

14 September 2021

Täze desgalar — rowaçlykdan nyşan

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda taryh üçin gysga döwrüň içinde ýurdumyzda demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň berk esaslary döredildi. Halkymyzyň aň-düşünjesinde, medeni we ruhy durmuşynda uly özgertmeler bolup geçdi. Bütinleý täze jemgyýetçilik gatnaşyklary emele geldi. Şu döwürde mukaddes Garaşsyzlygymyza daýanýan döwletimizde halkymyzyň gözbaşyny asyrlardan alyp gaýdýan maddy we ruhy gymmatlyklary, nesilden-nesle geçip gelýän belent ynsanperwer däpleri dikeldildi.

Turkmen

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň hem-de maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda geljek ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça işleriň barşy barada ykdysadyýet we maliýe ulgamynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlary diňlenildi.