Activities calendar

03 May 2022

«Ömrümiň manysy» atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysy» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Oňa Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, işgärleri şeýle-de ylym, bilim, saglygy goraýyş edaralarynyň wekilleri  gatnaşdylar.

Ekiş gyzgalaňly dowam edýär

Şu günler Daşoguz welaýatynyň oba hojalyk işgärleriniň durmuşynda iň gyzgalaňly we jogapkärli döwürleriň biri bolan gowaça ekiş möwsümi ýokary guramaçylyk derejesinde alnyp barylýar. Welaýatyň Köneürgenç etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginiň kärendeçi daýhanlary şu ýyl 950 gektar ýerde gowaça ekmegi meýilleşdirdiler. Häzirki günlerde ekiş işleri 60 göterime golaý ýerine ýetirildi.

Turkmen

Baş wezipe — halkyň saglygy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Diýarymyzda sporta, köpçülikleýin bedenterbiýä berilýän üns ýokary derejä çykdy. Arkadagly Serdarymyzyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherine Şa gadamyny goýup, bu ýerde egindeşleri bilen welosipedde gezelenç etmegi, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy aýdanlarymyzyň aýdyň mysalydyr.

Turkmen

“Sagdyn jemgyýet – Berkarar döwlet” atly maslahat

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň, Jemgyýetçilik guramalarynyň gurnamaklarynda “Sagdyn jemgyýet – Berkarar döwlet” atly maslahat geçirildi.

 

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Turkmen

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.