Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan oňyn Bitaraplyk hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirip, dünýä döwletleri bilen goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýar, abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyny giňeldýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik başlangyçlaryň her birinde adamlaryň bähbitleri, olaryň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrundaky wezipelere aýratyn ähmiýet berilýär.