Guşgursak ak bugdaý halkymyzyň rysgal çeşmesidir, bereket başydyr. Şoňa görä-de, ak bugdaýyň asyl mekany hasaplanýan güneşli Diýarymyzda dänäniň ýokary hasylyny ýetişdirmäge, ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmaga uly üns gönükdirilýär. Şeýle ünsüň netijesinde janypkeş daýhanlarymyzyň yhlas-azaby bilen sahabatly topragymyzda ýylyň-ýylynda ak ekiniň bol hasyly öndürilýär.