Activities calendar

01 September 2022

GARAŞSYZLYGYMYZYŇ ŞANLY TOÝY

31 ýyl mundan ozal ýurt Garaşsyzlygyna eýe bolmagymyz milli taryhymyza altyn harplar bilen ýazyldy. Bu şanly toý mynasybetli aýdym-sazly çäreleriň, bäsleşikleriň geçirilmegi, medeni-durmuş maksatly ajaýyp binalaryň açylmagy ýa-da düýbüniň tutulmagy, halkara maslahatlardyr sergileriň guralmagy, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda päk zähmetiň gaýnap joşmagy, halkymyzyň ýokary ruhy göteriliş bilen bu şanly baýramy mynasyp garşy almagy indi asylly däbe öwrüldi.

Turkmen

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýyna gatnaşdy

Turkmen

Şu gün paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy geçirildi. Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli guralan foruma hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.