Activities calendar

08 September 2022

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisi

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, ýakyn geljek üçin möhüm wezipeler, Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, olaryň işini has-da kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Döwrümiziň galkynyşy — göwnümiziň ganaty

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda özygtyýarly, baky berkarar Watanymyzyň at-abraýy, şan-şöhraty barha belende galýar, hemmetaraplaýyn ösýän ýurt hökmünde tanalýar. Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny döwrebap derejede ösdürmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

Turkmen

Garaşsyzlygyň gadyr-gymmaty

Garaşsyzlyk her bir millet, her bir ynsan üçin iň eziz hem arzyly mukaddeslikdir. Garaşsyzlyk halkyň çüwen bagty, göterilen ykbaly, Ýer ýüzünde belent mertebeli ýaşamagyň kepilnamasydyr. Mundan 31 ýyl öň türkmen taryhynda täze bir altyn sahypa açyldy. Berkararlyk Tuguny parladyp, erkinligiň şaýoluna düşen halkymyz dünýewi, demokratik, hukuk döwletiniň binýadyny berkden tutdy. Taryhyň dürli döwürlerinde ençeme kynçylyklary başdan geçiren milletimiz eşretli eýýamyň, döwletli döwranyň eýesi boldy.

Turkmen