Çäreler

DABARALY ÇÄRE

Ýakynda TDP-niň welaýat komitetinde dabaraly çäre geçirildi. Çäräni TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Kakageldi Gurbanow açyp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 29 ýyllygyny mynasyp garşylamak boýunça TDP-niň welaýat, şäher, etrap komitetleriniň, ilkinji guramalarynyň alyp barýan işleri barada giňişleýin durup geçdi.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HORMATLY GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ “TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI” ATLY KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamaklarynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy  geçirildi.

DÖWRÜŇ TALABYNDAN UGUR ALYP

Geçen hepdede Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň hem-de Mary welaýat, şäher, etrap komitetleriniň jogapkär işgärleriniň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi.

Maslahatyň dowamynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly, öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler, gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler barada pikir alşyldy.

NETIJELI IŞLER ALNYP BARYLÝAR

Dünýäde parahatçylygy we ýurtlaryň arasynda dostlukly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, birek-biregi goldamak gülläp ösüşlere we belent sepgitlere alyp barýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ajaýyp döwrümiziň hözirini görüp ýaşaýan mähriban halkymyzyň bu gün parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli we ynsanperwer Bitaraplyk syýasatynyň nurana şuglasy dünýä ýaýylýar.

“YNSAN SAGLYGYNY GORAMAK HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞ MAKSADY” ATLY WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň işjeň agzalarynyň, wagyz-nesihatçylaryň gatnaşmaklarynda “Ynsan saglygyny goramak hormatly Prezidentimiziň baş maksady” atly wagyz-nesihat duşuşygy  geçirildi.

“ADAM HAKYNDAKY ALADA HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGRUDYR” ATLY WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň bilelikde guramaklarynda Adam hakyndaky alada hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

ŞANLY WAKALARA BAGYŞLANDY

Geçen hepdede Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň we Daşoguz welaýat, etrap, şäher komitetleri niň jogapkär işgärleriniň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. 

HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ KONSTITUSION ÖZGERTMELERI: MILLI DEMOKRATIÝAMYZYŇ AÝDYŇ NUSGASY ATLY MASLAHAT

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramagynda “Hormatly Prezidentimiziň konstitusion özgertmeleri: milli demokratiýamyzyň aýdyň nusgasy” atly maslahat geçirildi.

Golaýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzyň Daşary işler, Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleriniň hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow parahatçylygy we ynanyşmagy dörediji milli Liderdir» atly maslahat geçirildi. 

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde «Arkadag Prezidentimiz Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüni dörediji milli Liderdir» atly maslahat geçirildi.

Pages