Çäreler

“Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagy: Döwletlilik, kanunçylyk we adalatlylyk” atly ylmy-amaly maslahat

Turkmen

2021-nji ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagy: Döwletlilik, kanunçylyk we adalatlylyk” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi.

 

“AK ŞÄHERIM AŞGABAT” ATLY TÄZE KITABYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda hormatly Prezidentimiziň “Ak şäherim Aşgabat” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Maslahatyň geçirilen ýerinde amaly-haşam sungatynyň eserleriniň hem-de paýtagtymyzyň geçmişini, şu gününi beýan edýän arhiw materiallarynyň sergisi we ýurdumyzyň medeniýet-sungat ussatlarynyň çykyşlary guraldy.

“HALK MASLAHATYNYŇ TARYHY MEJLISI – MILLI DEMOKRATIÝANYŇ DABARALANMASY” ATLY MASLAHAT

Turkmen

Hormatly Arkadag Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň ajaýyp binasynyň dabaraly ýagdaýda açylmagy hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň ilkinji mejlisinde milli Liderimiziň Halk Maslahatynyň başlyklygyna saýlanmagy hakykatdan-da Garaşsyzlygyň 30 ýyllyk şanly baýramyna barýan berkarar Türkmen döwletiniň geljekde-de gülläp ösjekdigini, şan-şöhratynyň asyrlara ýaň saljakdygyny görkezen ýatdan çykmajak taryhy waka boldy.

“HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI ROWAÇLANÝAR” ATLY MASLAHAT

Turkmen

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni taryhy wakalara, şanly senelere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2021-nji,  “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylymyzyň günleri ýatdan çykmajak wakalara beslenip ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda birnäçe belent sepgitlere ýetilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” Döwlet Maksatnamasy we ony ýerine ýetirmekligiň 2021-2025-nji ýyllar üçin meýilnamasy hereketde atly aýdym-sazly dabaraly maslahat

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň  Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň,  Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň guramaklarynda “Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” Döwlet Maksatnamasy we ony ýerine ýetirmekligiň 2021-2025-nji ýyllar üç

«IKI PALATALY PARLAMENT ULGAMY – DÖWLET ESASLARYNY PUGTALANDYRMAGYŇ KEPILI» ATLY MASLAHAT

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda “Iki  palataly  parlament  ulgamy – döwlet  esaslaryny pugtalandyrmagyň  kepili” atly maslahat geçirildi.

«BEDEW BADY BILEN ÖŇE BARÝAR ARKADAGLY DIÝARYM» ATLY MASLAHAT

Turkmen

Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkezi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan «Bedew bady bilen öňe barýar Arkadagly diýarym» atly maslahat duşuşygy geçirildi.

«Halkara Nowruz baýramy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň baýramy» atly maslahat

Turkmen

Milli bahar baýramy Halkara nowruz güni hem-de Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly mynasybetli Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynň merkezinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkezi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti bilen bilelikde «Halkara Nowruz baýramy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň baýramy» atly maslahat duşuşygy geçirildi.

«HALKYŇ ABADAN DURMUŞY HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ SYÝASATYNYŇ BAŞ UGRUDYR» ATLY MASLAHAT

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramaklarynda «Halkyň abadan durmuşy hormatly Prezidentimiziň syýasatynyň Baş ugrudyr» atly maslahat geçirildi.

«HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ SPORT SYÝASATY: MAKSATLAÝYN ÄDIMLER, TARYHY ÖSÜŞLER» ATLY MASLAHAT

Turkmen

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýakynda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde Hormatly Arkadag Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçirilen türkmen türgeni Ýulduz Jumabaýewanyň Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda gazanan ýokary sylagyny gowşurmak dabarasynyň jemlerine bagyşlanyp Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde «Hormatly Prezidentimiziň sport syýasaty: maksatlaýyn ädimler, taryhy ösüşler» atly maslahat ge

Pages