Çäreler

Halkara zenanlar güni mynasybetli

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň düzüminde zähmet çekýän zenan gyz-gelinlere Hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda  Türkmenistanyň syýasy partiýalaryň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary Hormatly Prezidentimiziň adyndan gyz-gelinleri baýramçylyk gutlaglary bilen olara dabaraly ýagdaýda sowgat gowşurylyş çäresi geçirildi.

“TÜRKMENISTAN – BMG: DURNUKLY ÖSÜŞI ÜPJÜN ETMEK UGRUNDA HYZMATDAŞLYK” ATLY MASLAHAT

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisiniň, syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda “Türkmenistan – BMG: durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda hyzmatdaşlyk” atly maslahat geçirildi. Bu maslahat Türkmenistanyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 29 ýyllygyna bagyşlanyp geçirildi.

«HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ HUKUK ÖZGERTMELERI GELJEKKI ÖSÜŞLERE BADALGA» ATLY MASLAHAT

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkezi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren duşuşygynyň ähmiýetine bagyşlanyp «Hormatly Prezidentimiziň hukuk özgertmeleri geljekki ösüşlere badalga» atly maslahat geçirildi.

«Parahatlyk ýürek aýdymy – Türkmenistan dostluk mekany» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkezi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde 2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygar bilen atlandyrylmagy mynasybetli ýurdumyzyň talyp ýaşlarynyň arasynda yglan edilen «Parahatlyk ýürek aýdymy – Türkmenistan dostluk mekany» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine, bäsleşigi gurnaýjylar tarapyn

«HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ SAGDYN JEMGYÝET SYÝASATY – BERKARAR DÖWLETIŇ ESASY» ATLY MASLAHAT

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň,  Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň  Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň bilelikde guramaklarynda «Hormatly Prezidentimiziň sagdyn jemgyýet syýasaty – Berkarar döwletiň esasy» atly maslahat duşuşygy geçirildi.

«PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESIDIR» ATLY MASLAHAT

Turkmen

Türkmenistanyň Mejlisiniň guramagynda ýurdumyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynyň mejlisler jaýynda «Parahatçylyk we ynanyşmak türkmeniň döwletlilik ýörelgesidir» atly maslahat geçirildi. Oňa Mejlisiň Başlygy, deputatlar, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, «Türkmendemirýollary» agentliginiň hünärmenleri hem-de köpçülikleýin habar beriş seriş deleriniň wekilleri gatnaşdylar.

“TÜRKMENISTAN – PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ WATANY” ÝYLYNYŇ BELENT MAKSATLARY

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň, welaýat komitetleriniň arasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly maslahaty duşuşygy geçirildi.

Ýylyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly şygaryna bagyşlanan maslahat

Turkmen

Şu gün paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda 2021-nji ýylyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly şygarynyň yglan edilmegine bagyşlanan maslahat geçirildi. Dabaraly çärä Mejlisiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

“TÜRKMENISTAN – BITARAPLYGYŇ MEKANY” ATLY KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

Turkmen

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamaklarynda Gahryman Arkadagymyzyň hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygyna gabatlap halkymyza eden ajaýyp  sowgady bolan “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. 

«TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNA 25 ÝYL: DÖWLETLILIK, PARAHATÇYLYK, ÖSÜŞ WE ÖZGERTMELER ÝOLY BILEN» ATLY MASLAHAT

Turkmen

Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda «Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygyna 25 ýyl: döwletlilik, parahatçylyk, ösüş we özgertmeler ýoly bilen» atly maslahat geçirildi.

Pages