Çäreler

TÄSIRLI GEÇEN DUŞUŞYK

Ýakynda TDP-niň Mary şäher komitetiniň welaýatyň bank-maliýe işgärleri bilen bilelikde guramagynda «Arassaçylyk saglygyň girewidir» atly duşuşyk geçirildi. Duşuşykda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip ýaşamagyň, işde, durmuşda, maşgalada arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmegiň ýurduň her bir raýaty üçin möhüm talap bolup durýandygy, munuň bolsa hemişe janyň sag bolmagynda, daş-töweregiň, tebigatyň gözelligini artdyrmakda uly ähmiýete eýedigine aýratyn üns çekildi.

MÖHÜM WAKA BAGYŞLANYLDY

Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Medeniýet merkezinde «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyna bagyşlanyp maslahat geçirildi. Maslahata etrap häkimliginiň, etrap jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ilkinji partiýa guramalarynyň başlyklary, bilim işgärleri, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular hem-de mährem eneler gatnaşdylar.

MASLAHAT GEÇIRILDI

TDP-niň Çärjew etrap komitetiniň etrap häkimligi we beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda maslahat geçirilip, ol «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň taslamasyny giňden ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanyldy. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň gündelik durmuşynda bolup geçýän ajaýyp wakalardan, gülläp ösüşlerden ruhlanýan raýatlarymyz maslahata işjeňlik bilen gatnaşdylar.

BUÝSANJA BESLENDI

Serdar şäheriniň ähli mekdeplerinde okaýan ýokary synp okuwçylarynyň we olaryň ene atalarynyň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat dabarasy geçirildi.

BELENT MAKSATLY IŞLER

Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýinde sagdyn durmuş ýörelgesi boýunça wagyz-nesihat ýygnagy geçirildi. Oňa welaýatyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işjeň partiýa agzalary gatnaşdylar. Ýygnagyň dowamynda täsirli sowal-jogap alyşmalar hem boldy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň, ýurdumyzyň beýleki jemgyýetçilik guramalary, Bilim ministrligi, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen bilelikde guramagynda ady agzalan institutda maslahat geçirildi. 

TÄSIRLI GEÇEN DABARA

Ýakynda TDP-niň Garagum etrap komitetiniň etrap häkimligi we beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda «Garagum» sport toplumynda «Sagdyn bedenli we bilimli ýaşlar röwşen geljegimiziň girewidir» atly dabara geçirildi. 

BUÝSANJA BESLENDI

Köneürgenç etrap merkezi kitaphanasynda kitaphana işgärleri hem-de kitaphana bilen yzygiderli aragatnaşyk saklaýan okyjylar köpçüliginiň gatnaşmagynda, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän eserler barada söhbetdeşlik geçirildi. 

DUŞUŞYK GEÇIRILDI

Lebap welaýatynyň Darganata etrap häkimliginiň hem-de TDP-niň Darganata etrap komitetiniň bilelikde guramagynda «Demokratik ýörelgeler halkyň bähbidi üçin» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Darganata etrabynyň hukuk goraýjy edaralarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, ýaşulular, kümüş saçly eneler gatnaşdylar.

ŞANLY SENÄNIŇ ŞANYNA

TDP-niň Serdar etrap komitetiniň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyna bagyşlanan dabara geçirildi. 

Pages