«HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ OŇYN BITARAPLYK, PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIK ÝÖRELGELERINE WE HALKARA HYZMATDAŞLYGA ESASLANÝAN DAŞARY SYÝASAT UGRUNYŇ DABARALANMAGY» ATLY AÝDYM-SAZLY MASLAHAT

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde medeni köpçülikleýin çäreler, dabaraly maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanan maslahatlaryň biri hem şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda «Hormatly Prezidentimiziň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine we halkara hyzmatdaşlyga esaslanýan daşary syýasat ugrunyň dabaralanmagy» atly aýdym-sazly maslahat geçirildi.

Maslahatyň dowamynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk ýyllary içinde, ýagny, taryh üçin köp bolmadyk çärýek asyryň dowamynda hoşniýetli goňşuçylyk, «Açyk gapylar», döwletleriň içerki işlerine goşulmazlyk, birek-birek bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýaly halkara gatnaşyklarda ykrar edilen binýatlyk ýörelgeleri saýlap aldy diýlip, çykyşlarda bellenildi. Ýaş türkmen döwletiniň daşary syýasatdaky ilkinji ynamly ädimleri dünýä syýasatynda oňyn Bitaraplygyň täze nusgasyny kemala getirdi we merkezi Aziýa sebitinde geografik taýdan oňaýly, geostrategik nukdaýnazardan uly ähmiýete eýe bolan Türkmenistanyň uly ornunyň barha berkemeginde halkymyzyň gadymyýetden gelýän parahatçylyk söýüjilikli däpleriniň hem täze many-mazmuna eýe bolýandygy barada belläp geçdiler. Şeýle-de Türkmenistan Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň öňden görüjilikli ýolbaşçylygynda goňşy we alysdaky döwletler bilen işjeň gatnaşyklary ýokary derejelerde alnyp barylýandygy barada belläp geçdiler. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň işjeň daşary syýasatynda hem uly üstünliklere eýe bolýandygy dogrusynda-da giňişleýin gürrüň berdiler.  Watanymyzyň Bitaraplyk syýasaty bolsa, dünýä giňişliginde ýurdumyzyň amala aşyrýan halkara işlerinde berk esas bolup hyzmat edýär we bu ugurda ýurdumyzda dünýä nusgalyk işler durmuşa geçirilýär diýip aýdyp geçdiler. Dünýä bileleşiginde bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň dünýä nusgalyk bitaraplyk daşary syýasat ugrunda amala aşyrýan işleri uly seslenme döredýär diýip çykyş edenler uly ruhubelentlik bilen aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimiz dünýäniň köp sanly abraýly halkara guramalary bilen işjeň gatnaşyp birnäçe ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändigi barasynda hem gürrüň berdiler.

Esasy belläp geçilmeli zatlaryň  biri hem ýakynda «Gallup» halkara barlaglar merkezi kanunyň we tertibiň düzülen indeksiniň esasynda Türkmenistan döwletimiz dünýäniň iň howpsuz ýurdy diýlip ykrar  edildi diýip şatlyk bilen çykyşlarda habar berdiler. Şeýle hem maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň tanymal estrada aýdymçylarynyň baýramçylyk aýdym-sazly çykyşlary maslahatyň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň “Parahatçylyk sazy dostluk doganlyk sazy” atly kitabyndan okalan çykyşlar maslahatyň mazmuny has hem artdyrdy. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanan maslahatyň çäklerinde türkmen halysynyň, dokma önümleriniň we şekillendiriş sungatynyň sergileri hem gurnaldy.

Maslahatyň ahyrynda jemleýji aýdymyň ýerine ýetirilmeginde, halkymyzy bagtly bagtyýar günlerde ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň belent başynyň aman, janynyň sag bolmagyny, halk we döwlet ähmiýetli işlerinde elmydama üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw etdiler.