«Parahatlyk mekany – Bitarap Türkmenistan» atly döredijilik bäsleşigi

Şu gün Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi bilen bilelikde «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli yglan edilen «Parahatlyk mekany – Bitarap Türkmenistan» atly döredijilik bäsleşiginiň jemini jemlemek we döredijilik sergisi geçirildi. Döwrümiziň waspyny ýetirýän «Parahatlyk mekany – Bitarap Türkmenistan» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi tarapyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.