«TÜRKMENISTAN - PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ WATANY» ATLY MASLAHAT

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamaklarynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynyň mejlisler jaýynda «Türkmenistan - Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe barha ýakynlaşyp gelýän Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramy bilen maslahata gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutladylar. Soňra maslahatyň dowamynda “Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda ähli agza döwletler tarapyndan Türkmenistanyň öňe süren «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nobatdaky bu başlangyjynyň ägirt uly gyzyklanma döredýändiginiň subutnamasydyr” diýip çykyş edenler belläp geçdiler.

“Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýän Türkmenistana öz Bitaraplyk derejesini sebitde durnuklylygyň we howpsuzlygyň möhüm şerti hökmünde amala aşyrmaga mümkinçilik berýär, 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek barada Kararnamanyň kabul edilmegi bolsa, bu ugurda biziň ýurdumyzyň tejribesini has giňden ýaýratmak üçin peýdaly diýip ykrar edilmeginiň ýene bir tassyknamasydyr” diýip uly ruhubelentlik bilen gürrüň berdiler.

Şeýlelikde, “Türkmenistanyň tejribesinde köptaraplaýyn diplomatiýanyň hereket edýän netijeli guraly hökmünde özüni görkezen Bitaraplyk derejesi Birleşen Milletler Guramasynyň täze resminamasynda - hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek baradaky kabul edilen Kararnamada has-da ösdürildi” diýip çykyş edenler  aýtdylar.

Maslahatyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň teklibi esasynda «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly ýylymyzyň nyşanyny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen geçirilen bäsleşigiň ýeňijileri tarapyndan hödürlenýän dört sany ýylyň ady bilen baglanyşykly nyşanlarynyň tanyşdyrylyş dabarasy hem bolup geçdi.