ARKADAGYŇ PAÝHASYNDAN ROWAÇLANÝAR ÝURDUMYZ

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pähim-parasatly ýörelgeleriniň netijesinde dünýäniň iň bir ösen döwletleriniň hataryna goşuldy. Häzirki döwürde Türkmenistan Merkezi Aziýada iň çalt depginler bilen ösýän döwletleriň biri hasaplanylýar.

Ýurdumyzyň günsaýyn gözelleşýän keşbi bilen birlikde halk hojalygynyň ähli pudaklarynda häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän kärhanalaryň gurulmagy, uly isleglerden peýdalanýan önümleriň öndürilip, daşary ýurtlara eksport edilmegi bilen, milli ykdysadyýetimiziň pugtalandyrylýandygynyň şaýady bolýarys.

Milli ykdysadyýetimiziň berkemeginiň esasy çeşmeleriniň biri hem sanly ykdysadyýeti durmuşa pugta ornaşdyrmakdyr. Sanly ykdysadyýet sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň peýdalanylmagyna esaslanýan ykdysady gatnaşyklaryň ulgamy bolmak bilen, ol wagtyň we hajatlaryň tygşytlanmagy bilen bir hatarda, girdejileriň täze çeşmeleriniň ýüze çykarylmagyna şertleri döredýär.

2019-njy ýylyň 14-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda syýasy-jemgyýetçilik hem-de medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen geçiren duşuşygynda eden taryhy çykyşynda: «Size mälim bolşy ýaly, dünýäde ylym-bilim we öňdebaryjy tehnologiýalar çalt depginler bilen ösýär. Şoňa görä-de täze maglumat tehnologiýalaryny özleşdirmezden dünýäniň ösüşi bilen aýakdaş gitmek, ykdysadyýetde we jemgyýetçilik durmuşynda ýokary netijeleri gazanmak mümkin däl.

Şunuň bilen baglylykda bilim ulgamyny toplumlaýyn kämilleşdirmek meselesi öňdäki hatara çykýar» diýip nygtady. Hakykatdan hem, dünýäniň ösen döwletleri bilen deň derejede gadam urmak üçin milli bilim we ylym ulgamynyň döwrebap ösdürilmegi, onuň halkara tejribesiniň iň gowy gazananlarynyň milli tejribe bilen sazlaşykda ornaşdyrylmagy möhüm bolup durýar.

Ýurdumyzyň ösüşiniň häzirki tapgyrynda amala aşyrylýan innowasiýa ösüşine laýyklykda, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmekde, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakda, hilini ýokarlandyrmakda we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» ähmiýeti uludyr.

Häzirki döwürde «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek boýunça işler alnyp barylýar. Bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar. Elbetde, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde alnyp barylýan bilim-terbiýeçilik, ylym, sport, medeni-köpçülik işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet ähmiýetli özgertmeleri, ösüşleri giňden şöhlelendirmekde sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak möhüm bolup durýar. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, eger jemgyýetimiziň döredijilik kuwwatyny işjeňleşdirip, sanly ykdysadyýeti dolandyrmak babatda ýaş alymlary, inženerleri, tehnologlary we hünärmenleri taýýarlap bilmesek, onda bäsdeşlige ukyply döwletiň derejesine çykmak bize aňsat düşmez. Şoňa görä-de, umumymilli ösüşiň möhüm şerti hökmünde sanly bilim ulgamyna, aýratyn-da, sanly ykdysadyýete geçmegi çaltlandyrmak wezipelerine uly üns berilýär.

Eziz Diýarymyzyň rowaçlanmagy üçin döwlet bilen halkyň jebisleşmegi, ösüp gelýän ýaş nesilleriň beýik ata-babalarymyz ýaly, watansöýüjiligi, mertligi hem-de ynsanperwerligi durmuşyň esasy manysyna öwürmegi zerurdyr. Türkmen halky owaldan-ahyra «Agzybirlik» diýen düşünjä üýtgeşik gadyr goýan halkdyr. Bu düşünjä halkymyz döwletliligiň, bagtyýarlygyň düýp çeşmesi hökmünde garapdyr. Agzybirligiň ýetirýän bagty barada türkmen halky birnäçe paýhasly sözleri, nakyllary, rowaýatlardyr ertekileri döredipdirler.

Agzybirlige beýik sarpa goýýan halkymyzyň häzirki bagtyýar durmuşynyň aňyrsynda hem üç mukaddesligiň — «Halk, Watan, Arkadag Prezidentimiz» diýen düşünjeleriň birleşip, bir manyny berýän mukaddeslige öwrülenligi durýar. Şonuň netijesinde türkmen halkynyň her güni ösüşlerden ösüşlere, bagtyýarlykdan bagtyýarlyga beslenýär. Agzybirlikde çekilen zähmet özüniň oňyn netijelerini berýär. «Agzybire Taňry biýr, agzalany gaňrybiýr» diýen ata-babalarymyzdan galan ajaýyp nakyla uýmak, her bir işiň başyna barlanda bir agza bakyp, agzybirlikde iş tutmak türkmen halkynyň aňyna, ganyna siňendir. Çünki hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ählimiz el-ele berip işläp, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmelidiris.

Watanymyzyň rowaçlanmagynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň ýene-de bir çeşmesi — hormatly Prezidentimiziň kabul edýän uzak möhletleýin maksatnamalarydyr. «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin milli Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki milli Maksatnamasy» — bu uzak möhletleýin maksatnamalaryň durmuşa geçirilip başlanmagy bilen, Diýarymyzyň keşbi hem, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri hem düýpli özgerişlere eýe boldy. Watanymyzyň ähli welaýatlarynda täze, döwrebap obalar yzly-yzyna gurlup, ulanylmaga berildi. Gysga möhletiň içinde (amala aşyrylan işleriň nukdaýnazaryndan juda gysga möhletiň içinde) gurlup, ulanylmaga berlen täze obalarda ýaşajak ýaşaýjylar üçin gerek bolan ähli durmuş zerurlyklarynyň üpjün edilenligi, ýagny ilat üçin iň bir zerur bolan saglyk, bilim, sport, medeniýet we söwda ulgamlaryna degişli bolan ähli desgalaryň ýaşaýyş jaýlary bilen bir wagtda gurulmagy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan oba ilatynyň durmuş şertlerini düýpli özgertmek baradaky maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň ýene-de bir subutnamasy bolup durýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek dowam edýär. Bu maksatnamanyň esasy maksady hormatly Prezidentimiz tarapyndan başy başlanan ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, dünýäniň ösen döwletleriniň derejelerine ýetirmäge, bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçilmegine, halkymyzyň durmuş derejeleriniň has-da ýokarlandyrylmagyna, innowasion tehnikalara daýanyp, ykdysadyýetimiziň pudaklaýyn we eýeçilik görnüşlerini diwersifikasiýalaşdyrmagy üpjün edýän, sanly ykdysadyýete uýgunlaşdyrýan, ilatyň durmuş şertlerini dünýä ölçegleriniň derejesine ýetirýän bazar ykdysadyýetini durmuşa ornaşdyrmaga gönükdirilendir.

Häzirki wagtda ýurdumyzda innowasiýalar işjeň ornaşdyrylýar, süýümli-optiki aragatnaşyk ulgamlary we internetiň elýeterliligi uly ösüşlere eýe boldy. Prezident Maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýan işleriň netijesinde ýurdumyzyň ilatynyň iş bilen üpjünçilik ýagdaýy hem düýpgöter ýokarlandy. Alnyp barylýan işleriň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň bäsleşige ukyplylygy ýokarlanýar, senagat önümçiliginiň netijeliligi we düşewüntliligi artýar hem-de ýurdumyzda hususy telekeçilik ösýär. Bagtyýarlyk döwrüne gadam basylmagy bilen ýurdumyzyň senagaty ägirt uly ösüşlere eýe boldy.

Prezident Maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda — energetika, ulag we aragatnaşyk, oba hojalygy, senagat, saglyk, ylym, bilim, sport ulgamlarynda uly ösüşler, özgertmeler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer içeri, parahatçylyk söýüjiliki daşary syýasatynyň, sebit hem-de halkara derejesinde öňe sürýän başlangyçlarynyň netijesinde Diýarymyzda bolup geçýän özgertmelere, ösüşlere, gazanylýan üstünliklere, ýetilýän belent sepgitlere päk ýürekden guwanmak, Watanymyzyň rowaçlanmagynda öz halal zähmetiň miwesini görmek, elbetde, her birimiz üçin bahasyna ýetip bolmajak bagtdyr.

Kümüş MÄTNIÝAZOWA,

TDP-niň Ahal welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy.