GOLLANMA

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň ilkinji guramalarynda hasabat-saýlaw ýygnaklaryna taýýarlyk görmek we olary ýokary derejede guramaçylykly geçirmek boýunça partiýa guramalarynyň ýolbaşçylary üçin mysaly

GOLLANMA

 

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Tertipnamasyna laýyklykda, 2020-nji ýylyň fewral — mart aýlary aralygynda ilkinji partiýa guramalarynda hasabat saýlaw ýygnaklary geçiriler.

Hasabat saýlaw ýygnaklary hasabat döwründe saýlawly guramalaryň işleriniň jemlerinden we Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň içeri we daşary syýasatyny wagyz nesihat etmekden, durmuşa geçirmäge ýardam bermek boýunça ilkinji partiýa guramalarynyň alyp baran işleri baradaky hasabatlardan we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründäki gazanylan taryhy üstünlikleri giň halk köpçüligine ýaýmakdan hem-de partiýa guramalarynyň alyp barmaly işleriniň geljekki ugurlaryny kesgitlemekden ybarat bolmalydyr.

Olarda Türkmenistanyň Prezidenti hor matly Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelge esasynda alyp barýan ynsanperwer içeri we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny wagyz-nesihat etmek işleriniň barşyna, TDP-niň nobatdan daşary VIII gurultaýynda kabul edilen kararlaryň, TDP-niň Maksatnama synyň, Tertipnamasynyň ýerine ýetirilişine dogry we doly baha berilmelidir.

Geçen hasabat saýlaw ýygnaklaryndan soňky döwürde guramalarda alnyp barlan işler, olaryň düzüminde bolup geçen üýtgeşmeler giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylmalydyr.

 

Hasabat-saýlaw ýygnaklaryna taýýarlyk görmek

TDPniň şäher, etrap komitetleri ilkinji guramalarda ýygnaklaryň tertibini, ähli taýýarlyk işlerini öňünden anyklap, hasabat saýlaw ýygnaklaryny geçirmek boýunça ýörite iş meýilnamalaryny düzmeli;

  • TDP niň agzalarynyň degişli guramalarda hasapda durýandygyny ýa da durma ýandygyny anyklamaly, olara ýygnagyň geçiriljek ýerini, gününi we wagtyny öňünden habar bermeli;
  • işjeň agzalar bilen guramalaryň ýolbaşçylarynyň täze düzümi barada teklipleri öňünden maslahatlaşmaly, bu bolsa saýlawlar wagtynda ýygnaklaryň guramaçylykly geçirilmegine ýardam eder;
  • ýygnaklaryň geçiriljek ýeri döwlet nyşanlary, hormatly Prezidentimiziň portreti hem-de beýleki zerur bolan zatlar bilen dabaraly görnüşde bezelmelidir.

 

Hasabaty taýýarlamak

Guramalaryň ýolbaşçylarynyň hasabaty özüniň manysy boýunça şol guramanyň öz boluşly resminamasydyr. Ol hasabat gurama ýolbaşçysynyň, işjeňleriniň, agzalarynyň gatnaşmaklarynda taýýarlanylýar. Hasabatda guramanyň işi ähli taraplaýyn şöhlelendirilmelidir. Ýygnakda saýlawly ýolbaşçylaryň işine anyk, mynasyp baha berilmelidir.

Hasabat taýýarlanylanda, takmynan, şu aşakdaky meselelere üns berilmelidir:

 

Wagyz-nesihat, syýasy-düşündiriş işleri

Hasabatda Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe TDP-niň öňünde goýan wezipeleri, TDP-niň nobatdan daşary VIII gurultaýynda kabul edilen kararlaryň ýerine ýetirilişi, zähmet toparlarynda syýasy-düşündiriş, wagyz-nesihat işleriniň alnyp barlyşynyň ýagdaýy görkezilmelidir.

Hasabatda milli Liderimiziň ýurdumyzda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýöredýän öňdengörüjilikli içeri we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny, il ýurt bähbitli Maksatnamalaryny, täze başlangyçlaryny, oňyn özgertmelerini, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň çözgütlerini amala aşyrmak boýunça partiýa guramalarynyň syýasy, wagyz-nesihat hem düşündiriş işleri, durmuşa geçiren çäreleri, jemgyýetçilik syýasy we köpçülikleýin çäreleriň taýýarlanylmagyna hem-de geçirilmegine, şol sanda bag ekmek, abadanlaşdyryş işlerine, döwlet derejesinde bellenilip geçilýän baýramçylyklara, belli senelere we ýatlama günlerine, gözden geçirilişlere gatnaşyşy we ş.m. meseleler beýan edilmelidir.

Hasabat ýygnaklarynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň çözgütlerini ara alyp maslahatlaşmak, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça alnyp barylýan işleri, bu babatda bar bolan teklipleri beýan etmek maslahat berilýär.

 

Içerki partiýa işleri

Hasabatda TDP-niň ilkinji guramalarynyň düzümindäki san we hil boýunça bolup geçen üýtgeşmeler, partiýa hataryna kabul etmek we agzalaryň syýasy gözýetimini, aň-düşünjesini, önümçilik we jemgyýetçilik işjeňligini artdyrmak meseleleri, guramanyň ýolbaşçylarynyň alyp barýan işleriniň we geçirýän ýygnaklarynyň netijeliligi, kabul edilen kararlaryň ýerine ýetirilişi beýan edilmelidir.

TDP-niň guramalarynyň jemgyýetdäki orny, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesi esasynda adamlaryň syýasy düşünjeliligini artdyrmaga, ruhy-ahlak taýdan terbiýelemäge gatnaşyşy, onuň agzalarynyň göreldeli işleri we peýdaly başlangyçlary hasabatda anyk görkezilmelidir.

Hasabatda TDP-niň agzalyk tölegleriniň ýagdaýy, gazet-žurnallara abuna ýazylmak, partiýanyň mynasyp agzalaryny hormatlamak, goýberilen kemçilikleri aýan edip, olary geljekde sapak edinmek, agzalaryň işjeňligini we jogapkärçiligini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler, partiýa guramasynyň nobatdaky wezipeleri, olary ýerine ýetirmegiň ýollary barada aýdylmalydyr.

Hasabat saýlaw ýygnaklarynyň karary TDP-niň ilkinji guramasynyň geljekki döwür üçin işleriniň özboluşly meýilnamasy bolmalydyr. Bu resminama taýýarlanylanda, oňa has jogapkärçilikli çemeleşilip, partiýa guramalarynyň işjeňleriniň gatnaşmagynda öňünden taslamasy taýýarlanylmalydyr.

Kararyň taslamasy 2 bölümden, ýagny hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler gysgaça beýan edilýän hem-de karar edýän bölümlerden ybarat bolmalydyr. Kararda guramanyň täze saýlanan ýolbaşçylarynyň öňünde dur ýan wezipeleriň esasy ugry, olaryň ýerine ýetirilmeli wagtlary anyk görkezilmelidir.

 

TDP-niň guramalarynda hasabat-saýlaw ýygnaklaryny geçirmek

Ýygnagy ilkinji partiýa guramasynyň başlygy açýar we oňa başlyklyk edýär. Alypbaryjy ýygnaga näçe partiýa agzasynyň gatnaşýandygyny, näçesiniň dürli sebäplere görä gatnaşmaýandygyny, başga kimleriň (beýleki guramalardan) gatnaşýandygyny habar berýär, ýygnagy açmak baradaky pikirleri soraýar.

Partiýa we beýleki guramalaryň agzalarynyň umumy sanynyň ýarysyndan köpüsiniň gatnaşýan ýagdaýynda guramanyň hasabat-saýlaw ýygnagy açyk diýlip yglan edilýär. Ýygnaga işjeňler hem gatnaşyp bilerler.

Ýygnagy alyp barmak üçin edara, ýerli häkimiýet, ilkinji guramalarynyň, etrap, şäher, welaýat komitetleriniň ýolbaşçylaryndan ybarat düzümde ýolbaşçy topary saýlanýar. Onuň sany we düzümi ýygnaga gatnaşýanlar tarapyndan hödürlenýär. Eger-de, ilkinji guramada hasapda durýan agzalaryň sany az bolsa, onda ýygnagyň başlygy we kätibi saýlanýar.

TDP-niň hataryna girmek üçin isleg bildiren işjeňler bar bolsa, olaryň partiýa biletleri hasabat saýlaw ýygnaklarynda dabaraly ýagdaýda gowşurylýar.

 

Hasabat-saýlaw ýygnagynyň gün tertibindäki seredilmeli meseleler:

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň ilkinji guramalarynda hasabat-saýlaw ýygnaklaryny şu aşakdaky gün tertibi bilen geçirmeli:

  • Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň içeri we daşary syýasatyny wagyz nesihat etmek, durmuşa geçirmäge ýardam bermek boýunça ilkinji partiýa guramalarynyň alyp baran işleri baradaky hasabatlary we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründäki wezipeleri;
  • ilkinji partiýa guramalarynyň ýolbaşçy düzümini saýlamak.

 

Ilkinji guramanyň täze düzüminiň hem-de ýolbaşçylarynyň saýlawlary

Ýygnak ilkinji guramanyň ýolbaşçysyny we onuň orunbasaryny, partbýuronyň, degişli ilkinji partiýa guramanyň hukuklary bilen partiýa komitetiniň we guramasynyň düzümini hem-de ýolbaşçylaryny saýlaýar.

Partiýa agzalarynyň sany 15-e çenli bolan ilkinji partiýa guramasynyň başlygy we orunbasary saýlanýar. Guramada 15-den 50-ä çenli partiýa agzasy bolsa, onda partiýa býurosy saýlanýar, partiýa guramasynda 50-den köp partiýa agzasy hasapda duran bolsa, onda ilkinji guramanyň hukugy bilen partiýa komiteti saýlanýar.

Ýokarda bellenilişi ýaly, partbýuronyň (partkomyň) täze düzümi saýlanylandan soňra ýygnak onuň agzalaryndan partbýuronyň (partkomuň) başlygyny we orunbasaryny saýlaýar.

Ýygnak il günümiziň, halkymyzyň agzy birliginiň, bitewiliginiň has-da mäkämleşmegine, Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşyna has-da jebisleşmegine ýardam etmek ýagdaýynda geçirilmelidir.

TDP-niň ähli guramalary özleriniň her günki alyp barýan işlerini, hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan deňi taýy bolma dyk özgertmelerini, durmuşa ornaşdyrýan giň möçberli beýik işlerini, ýurdumyzyň gülläp ösüşiniň, dünýä parahatçylygynyň, ylalaşygyň we abadançylygyň bähbitlerini arap alyp barýan syýasatyny wagyz-nesihat etmäge gönükdirmelidirler.

TDP-niň ilkinji guramalarynyň hasabat saýlaw ýygnaklarynda aýdylan bellikler, teklipler, isleg-arzuwlar TDP-niň etrap, şäher, welaýat komitetleri tarapyndan hasaba alnyp, içgin öwrenilmelidir we olary düzetmek, durmuşa geçirmek boýunça zerur çäreler görülmelidir.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň guramaçylyk we syýasy işler bölümi.