Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň, welaýat komitetleriniň arasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly maslahaty

Şu gün Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň, welaýat komitetleriniň arasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly maslahaty duşuşygy geçirildi.

Onda 2021-nji ýylyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly diýlip atlandyrmagy mynasybetli hem-de 2020-nji 16-njy dekabrynda  Hormatly Prezidentimiziň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň guramalarynyň alyp barmaly işleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahatyň dowamynda hormatly Arkadag Prezidentimiziň bimöçber tagallalary netijesinde Owganystan Yslam Respublikasynda Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki — Şibirgan elektrik geçirjisiniň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-sýümli aragatnaşyk we üstiaşyr ulgamlaryň ulanylmaga berilmeginiň ähmiýeti barada aýdylyp geçildi. Şeýle-de hormatly Arkadag Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyndaky düýpli özgertmeleri wagyz etmek, Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny, hemişelik Bitaraplygymyzy dabaralandyrmak, dünýä  ýüzünde Garaşsyz döwletimiziň at-abraýyny has-da ýokarlandyrmak, şeýle-de döwletimiziň kanunçylyk esasynyň kämilleşdirilmeginiň täze tapgyrynda öňde duran wezipeleri amala aşyrmak ugrunda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde alyp barýan işleri barada hasabatlar diňlenildi.

Iş maslahatynda edilen çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 16-njy dekabrynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynyň Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň durmuşynda möhüm taryhy-syýasy waka bolandygy, Milli Liderimiziň şol iş maslahatynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň öňünde goýan wezipelerini, beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi, welaýat, şäher, etrap komitetleri tarapyndan 2021-nji ýylyň dowamynda alnyp barylmaly wagyz-nesihat işleriniň ýörite meýilnamasynyň işlenilip düzülendigi we kabul edilendigi, 2021-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlaryna görülýän taýýarlyklar, Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan welaýatlardan we Aşgabat şäherinden onuň düzümine baý durmuş tejribesi bolan, döwlet we jemgyýetçilik işlerinde aýratyn hyzmatlary bitirip, il içinde uly abraýdan peýdalanýan mynasyp adamlary seçip-saýlamak we hödürlemek boýunça alnyp barylýan işler barada giňişleýin durlup geçildi.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşygyň ahyrynda çuňňur hormatlanylýan Arkadag Prezidentimiziň öňe sürýän il-ýurt bähbitli maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, ýurdumyzda höküm sürýän asudalygy we abadançylygy, parahatçylygy, halkymyzyň Milli Liderimize, ösüşli ýollarymyza bolan ýokary ynamyny pugtalandyrmak, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň öňünde goýan wezipelerini amala aşyrmak, beren tabşryklaryny durmuşa geçirmek, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny mynasyp garşylamak ugrunda tutanýerli zähmet çekmegiň Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň ähli guramalarynyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň belent maksatlary bolup durýandygy nygtalyp bellenilip geçildi hem-de türkmen halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolup alyp barýan umumyadamzat bähbitli işlerinde rowaçlyklaryň hemra bolmagyny arzuw etdiler.