TÜRKMENISTANYŇ DEMOKRATIK PARTIÝASYNYŇ TERTIPNAMASY

 

TÜRKMENISTANYŇ DEMOKRATIK PARTIÝASYNYŇ TERTIPNAMASY we MAKSATNAMASY

 

I. UMUMY DÜZGÜNLER

Türkmenistan özüniň mukaddes Garaşsyzlygynyň ýyllary içinde uly ykdysady kuwwata we adam mümkinçiliklerine eýe bolan, jemgyýetiň durmuşynyň dürli ugurlarynda giň gerimli özgertmeleri üstünlikli amala aşyrýan, berk binýatly, bäsleşige ukyply döwlete öwrüldi. Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe süren giň möçberli özgertmeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegi döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşini täze, has belent derejelere galdyrdy. Öňümizde adamlaryň durmuşyny özgertmäge niýetlenen, türkmen jemgyýetiniň ösüşiniň durnuklylygyny, durmuşa ukyplylygyny we netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam berýän, anyk maksatlara gönükdirilen toplumlaýyn işleri alyp barmakdan ybarat bolan ýurdumyzy innowasiýalar ýoly bilen ösdürmegiň indiki tapgyry dur.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny pugtalandyrmagy, demokratik, hukuk, dünýewi döwleti ösdürmegi maksat edinýän syýasy partiýadyr.

Türkmenistanyň ähli ilatynyň bähbitlerini aňladyp we gorap, Türkmenistanyň Demokratik partiýasy halkyň bolelin durmuşda ýaşamagy, ýurduň asudalygy, milletara agzybirligi, jemgyýetiň jebisligi ugrunda çykyş edýär.

Demokratik partiýa ynsanperwerligiň hem adalatlylygyň berkarar bolmagyny, ýurduň gülläp ösmegini, adamlaryň düşünjeliliginiň, zähmet we jemgyýetçilik işeňňirliginiň ýokarlanmagyny gazanýar. Şeýle maksat-niýetler bilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasy döwlet häkimiýetiniň we dolandyryşynyň edaralary, beýleki syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary hem-de birleşikleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy döwlet edaralarynda, jemgyýetçilik guramalarynda, edara-kärhanalarda, okuw mekdeplerinde, obalarda, şäherlerde Türkmenistanyň Prezidentiniň syýasatyny, gündelik amal edýän beýik tutumlaryny wagyz-nesihat etmek bilen, ilat arasynda geçirýän terbiýeçilik, syýasy-düşündiriş işleri arkaly jemgyýete öz täsirini ýetirýär.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy ýuridiki şahsyň hukugyna eýe bolup, özüniň emlägine, özbaşdak balansyna, bank hasabyny açmaga, ylalaşyklary, şertnamalary baglaşmaga, möhürleri, blankalary edinmäge bolan hukugyndan peýdalanýar.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy agzalyk esasynda raýatlaryň birleşmegi we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň gazananlaryny gorap saklamak, berkitmek, demokratik, dünýewi we hukuk döwletini gurmakda, ykdysadyýetde, ylymda-bilimde, medeniýetde halkymyzyň taryhy gazananlaryny wagyz etmek ugrunda iş alyp baryp, Bitaraplyk syýasatyny dünýä ýaýyp hem-de öz Maksatnamasynda we Tertipnamasynda görkezilen maksatlara ýetmek ugrunda umumy tagallalary birleşdirip, işleri alyp barmak üçin meýletinlik esasynda döredilen we öz-özüni dolandyrýan syýasy partiýadyr.

Partiýanyň doly resmi ady – “Türkmenistanyň Demokratik partiýasy”

Guramanyň gysgaldylan resmi ady – "TDP"

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy Türkmenistanyň bütin çäginde meýletinlik, agzalaryň deňhukuklylygy, öz-özüňi dolandyrmak, azlygyň köplüge tabynlygy, kanunylyk we aýanlyk ýörelgeleri esasynda hereket edýär.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, “Syýasy partiýalar hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň  çäklerinde hereket edýär, öz işini TDP-niň Maksatnamasy we Tertipnamasy esasynda guraýar.

 

II. TÜRKMENISTANYŇ DEMOKRATIK PARTIÝASYNYŇ GURAMALARYNYŇ ÝERLEŞÝÄN ÝERI

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi Aşgabat şäheriniň Garaşsyzlyk şaýolynyň 104-nji jaýynda, ýerli partiýa guramalarynyň komitetleri bolsa degişli ýerli dolandyryş merkezlerinde ýerleşýär.

 

III. TDP-niň NYŞANYNYŇ ÝAZGYLARY

TDP-niň nyşanynyň ýazgysy:

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň nyşany düşegi ýaşyl reňkde sary-altynsow gaýmaly Oguzhan atamyzyň sekiz burçly ýyldyzy görnüşinde şekillendirilen. Nyşanyň merkezinde sary-altynsow reňkde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň gysgaldylan ady – TDP diýen ýazgy ýazylan.

 

IV. TÜRKMENISTANYŇ DEMOKRATIK PARTIÝASYNYŇ  MAKSATLARY WE WEZIPELERI

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň esasy maksatlary şulardyr:

         1) jemgyýetçilik pikirini emele getirmek;

         2) raýatlaryň syýasy düşünjelerini kämilleşdirmek we olary syýasy taýdan terbiýelemek;

         3) jemgyýetçilik durmuşynyň dürli meseleleri boýunça raýatlaryň pikirini aňlatmak, ony jemgyýetçilige we döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna ýetirmek;

         4) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda saýlawlara we sala salşyklara gatnaşmak, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna gatnaşmak üçin dalaşgärleri hödürlemek;

         5) saýlanan wekilleriniň üsti bilen Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işlerine gatnaşmak;

6) hukuk, dünýewi we demokratik döwletimiziň gazananlaryny berkitmek.

 

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň esasy wezipeleri:

-        TDP  tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlary wagyz etmek;

-        syýasy, ykdysady we durmuş maksatnamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyna gatnaşmak;

-        Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe demokratik gymmatlyklary goldamak, bazar gatnaşyklaryny ornaşdyrmak boýunça öňe sürülýän ugry syýasy taýdan goldamak;

-        kanunçykaryjylyk we hukuk üpjünçilik işine gatnaşmak;

-        jemgyýetçilik bilen häkimiýetiň  hyzmatdaşlygyny ösdürmek.

 

V. TÜRKMENISTANYŇ DEMOKRATIK PARTIÝASYNYŇ HUKUKLARY WE BORÇLARY

Özüniň Maksatnamasynda we Tertipnamasynda göz öňünde tutulan maksatlaryny we bellenen wezipelerini durmuşa geçirmek üçin TDP-niň aşakdakylara hukugy bardyr:

-   Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, “Syýasy partiýalar hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz işini erkin alyp barmaga;

-   öz işi hakyndaky habarlary açyk ýaýratmaga, garaýşyny, maksatlaryny we wezipelerini erkin wagyz etmäge;

-   Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen tertipde döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna çözgütleri işläp düzmek barada teklipleri bermäge;

-   Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda saýlawlara gatnaşmaga;

-   guramalaryny we düzüm birliklerini döretmäge, üýtgedip gurmaga we olaryň işini bes etmäge;

-   Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýygnaklary, ýygnanyşyklary, ýörişleri we beýleki köpçülikleýin çäreleri guramaga we geçirmäge;

-   bellenilen tertipde neşir we habar beriş serişdelerini döretmäge we neşirýat işini alyp barmaga, syýasy-terbiýeçilik çärelerini geçirmäge;

-   deň hukukly şertlerde döwlet habar beriş serişdelerinden peýdalanmaga;

-   beýleki syýasy partiýalar we jemgyýetçilik birleşikleri bilen aragatnaşyk saklamaga;

-   syýasy işi bilen baglanyşykda agzalarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga, şeýle hem olaryň bähbitlerine döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda wekilçilik etmäge;

-   Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda telekeçilik işi bilen meşgullanmaga;

-   bellenilen tertipde halkara aragatnaşygyny ýola goýmaga;

-   “Syýasy partiýalar hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan beýleki işler bilen meşgullanmaga.

 

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy şulara borçludyr:

-   öz alyp barýan işlerinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, kanunlarynyň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň hem-de öz Tertipnamasynyň talaplaryny berjaý etmäge;

-   guramalar boýunça agzalarynyň sany, hemişelik hereket edýän edarasynyň ýerleşýän ýeri we salgysy baradaky habary, hödürlenen we bellige alnan dalaşgärler baradaky maglumatlary, degişli saýlaw topary tarapyndan tassyklanan saýlawyň jemleri boýunça teswirnamanyň göçürilen nusgasyny hem-de ýolbaşçylary baradaky maglumatlary bellenilen möhletde Türkmenistanyň Adalat ministrligine bermäge;

-   özüniň guramalary we düzüm birlikleri tarapyndan geçirilýän açyk ýygnaklara we beýleki çärelere Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň wekillerini goýbermäge; 

-   saýlawlarda dalaşgär hödürlemek boýunça çäreleriň geçirilýändigi barada degişli saýlaw toparlaryny öz wagtynda habarly etmäge, olaryň wekillerini görkezilen çärelere çagyrmaga;

-   Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen möhletlerde maliýe işleri baradaky hasabatlary döwlet edarasyna bermäge.

-   Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň guramalary we düzüm birlikleri, şeýle hem olaryň wezipeli adamlary öz işlerinde şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitleriniň, eýeçiligiň we jemgyýetçilik tertibiniň goralmagy, parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi üçin jogapkärdirler.

 

VI.    TÜRKMENISTANYŇ DEMOKRATIK PARTIÝASYNYŇ AGZALARY, OLARYŇ HUKUKLARY WE BORÇLARY

1. TDP-niň Maksatnamasyny we Tertipnamasyny ykrar hem-de berjaý edýän, partiýanyň ilkinji guramalarynyň birinde hasapda durýan we onuň işine gatnaşýan, 18 ýaşyna ýeten Türkmenistanyň her bir raýaty Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň agzasy bolup biler.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň agzasynyň başga bir syýasy partiýanyň agzasy bolmagyna ýol berilmeýär.

Milli, syýasy, jynsy, dini artykmaçlygy, duşmançylygy, zorlugy ündemek hem-de wagyz etmek, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna, hemişelik Bitaraplygyna hem-de bitewiligine, adamlaryň kanuny hukuklaryna, azatlyklaryna, agzybirligine, saglygyna, arassa ahlak sypatlaryna garşy hyýanatçylygy, oňşuksyzlygy döretmäge we ündemäge meýil etmek Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň agzasy bolmak bilen bir ýere sygyşmaýar.

2. Partiýa agzalyga kabul etmek onuň ilkinji guramasy tarapyndan amala aşyrylýar we degişli arza partiýanyň ilkinji guramasynyň umumy ýygnagynda seredilýär. Eger ýygnaga gatnaşýan partiýa agzalarynyň ýarysyndan köpüsi tarapdar bolup ses berse, onda ol adamy partiýa agzalygyna kabul etmek baradaky karar gutarnyklydyr. TDP-niň agzasyna agzalyk bileti gowşurylýar.

3. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň agzasynyň hukuklary:

-   haýsy ilkinji guramada hasapda durmalydygyny kesgitlemek;

-   partiýanyň islendik guramasynyň we düzüm birliginiň ýolbaşçy edaralaryna saýlamaga we saýlanmaga;

-   partiýanyň syýasaty we alyp barýan işi barada partiýa ýygnaklarynda pikir alyşmaga, kemçilikleri aýtmaga, özüniň tekliplerini hödürlemäge;

-   partiýanyň islendik guramasyndan maglumat almaga, olara arza-şikaýat, teklip, syýasy başlangyç bilen ýüz tutmaga we anyk jogap almaga;

-   döwlet häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň agzalygyna saýlawlar geçirilende dalaşgär hödürlemäge, şol sanda özüni hem dalaşgär görkezmäge;

-   TDP-niň ýolbaşçy edaralarynyň hem-de guramalarynyň kararlarynyň taslamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyna gatnaşmaga;

-   TDP-niň işine degişli bolan islendik meseläniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna gatnaşmaga we öz pikirini erkin beýan etmäge hem-de ony öňe sürmäge;

-   saýlawlar geçirilende TDP-niň goldawyndan peýdalanmaga;

-   döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda öz kanuny hukuklarynyň goralmagy, şeýle hem bähbitlerine wekilçilik edilmegi barada kömek sorap partiýa  guramalaryna ýüz tutmaga;

-   öz işi bilen bagly meselelere seredilende guramanyň ýygnagyna  ýa-da partiýa komitetleriniň mejlislerine gatnaşmaga.

Partiýa agzasy hat üsti bilen beren arzasy boýunça ýa-da partiýa guramasynyň karary bilen partiýa agzalygyndan çykarylyp bilner.

Partiýadan çykarylan adamyň partiýanyň ýokary guramalaryna arz-şikaýat etmäge hukugy bardyr.

4.Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň agzasynyň borçlary:

-   partiýanyň Maksatnamasyny ýerine ýetirmek we Tertipnamasynyň talaplaryny berjaý etmek;

-   partiýanyň işine gatnaşmak, partiýa tabşyryklaryny, partiýa guramalarynyň kararlaryny  ýerine ýetirmek;

-   özüniň syýasy, ahlak, ruhy-medeni düşünjeliligi, Watana wepalylygy, şahsy göreldesi, işeňňirligi, kanunçylygy we belent ynsanperwerlik kadalaryny gyşarnyksyz berjaý etmek bilen jemgyýetde partiýanyň abraýyny pugtalandyrmak we durmuşda onuň täsirini güýçlendirmek;

-   partiýa agzalarynyň pikirine we hukuklaryna hormat goýmak;

-   partiýanyň guramalarynyň başlangyçlary bilen Maksatnama we Tertipnama laýyklykda geçirilýän syýasy hem-de beýleki çärelere gatnaşmaga;

-   partiýa agzalyk töleglerini tölemäge.

5.Partiýa agzasy kanunçylyga laýyklykda syýasy partiýalarda bolmagy rugsat edilmedik wezipelerde işleýän döwründe özüniň partiýa agzalygyny wagtlaýyn togtadýar. TDP-de agzalygy dikeldilen mahalynda onuň partiýa hatarynda durýan umumy möhleti saklanýar.

6.Partiýanyň Maksatnamasynyň we Tertipnamasynyň talaplaryny, partiýa agzasynyň borçlaryny ýerine ýetirmänligi üçin, partiýany abraýdan gaçyrýan hereketleri edenligi üçin partiýa agzasyna täsir ediş çäreleri (duýduryş bermek, käýinç we berk käýinç yglan etmek, partiýadan çykarmak) ulanylyp bilner.

7.Partiýa hataryndan çykarylanlaryň agzalyk biletleri ýerli partiýa komiteti tarapyndan yzyna gaýtarylyp alynýar we bellenilen tertibe laýyklykda ýok edilýär.

 

VII. TÜRKMENISTANYŇ DEMOKRATIK PARTIÝASYNYŇ GURAMAÇYLYK TAÝDAN DÜZÜMI

8.Guramaçylyk taýdan Türkmenistanyň Demokratik partiýasy ilkinji guramalardan, etrap, şäher, welaýat guramalardan ybaratdyr we olaryň komitetlerinden hem-de gözegçilik-derňew toparlaryndan, TDP-niň Syýasy Geňeşinden we Merkezi gözegçilik-derňew toparyndan ybaratdyr.

9.Partiýanyň gurluşynyň hem-de işiniň esasy ýörelgesi onuň ähli guramalarynyň öz-özüni dolandyrmak esasynda, partiýa işini berk düzgün-nyzamly, jebislikde, demokratiýany utgaşdyryp alyp barmakdan ybaratdyr. TDP-niň işi meýletinlik, deň hukuklylyk, sabyr-takatlylyk, öz-özüňi dolandyrmak, kanunylyk we aýanlyk ýörelgelerine esaslanýar.

         Bu:

-   partiýanyň ýokary guramalarynyň we saýlawly edaralarynyň kararlarynyň aşaky partiýa guramalary hem-de olaryň agzalary üçin hökmanylygyny;

-   azlygyň öz nukdaýnazaryny goramaga bolan hukugyny we köplügiň kabul eden kararynyň ýerine ýetirilmegini;

-   partiýanyň guramalarynyň we komitetleriniň işinde demokratiýanyň, maslahatlylygyň, açyklygyň, adalatlylygyň berjaý edilmegini we partiýanyň her bir agzasynyň tabşyrylan iş üçin şahsy jogapkärçiligini;

-   partiýa hataryndan çykarylandygy barada partiýa agzasynyň ýokarda durýan guramalara şikaýat etmek hukugynyň bardygyny;

-   partiýa işi boýunça maslahatlaryň, ýygnanyşyklaryň, pikir alyşmalaryň geçirilmegini;

-   partiýanyň ähli saýlawly guramalarynyň işinde aýanlygy we aç-açanlygy aňladýar.

Ilkinji partiýa guramalary

10.Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň guramaçylyk esasy onuň ilkinji partiýa guramalarydyr.

11.Ilkinji partiýa guramalary partiýa agzalarynyň azyndan 5-siniň ýygnagynda olaryň islegi bilen döredilýär. Ilkinji partiýa guramalary özleriniň bu kararlary barada Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap, şäher komitetlerine habar berýärler. Partiýa komiteti ýygnagyň beýany we partiýa agzalarynyň sanawy esasynda ilkinji partiýa guramasyny hasaba alýar.

12.Partiýa agzalarynyň sany 15-e çenli bolan ilkinji partiýa guramasynda onuň başlygy we onuň orunbasary, 15-den 50-ä çenli agzalary bolan guramada partiýa býurosy saýlanýar. 50 we şondan hem köp partiýa agzalary bolan ilkinji partiýa guramasynda TDP-niň etrapkomynyň, şäherkomynyň karary bilen ilkinji guramanyň hukuklary berlen partiýa komiteti döredilip bilner.

13.Ilkinji partiýa guramasy aşakdaky işleri ýerine ýetirýär:

-   partiýanyň Maksatnamasyny durmuşa geçirmek we Tertipnamasynyň talaplaryny berjaý etmek üçin zerur çäreleri görýär;

-   özüniň içeri partiýa işleri bilen baglanyşykly kararlary özbaşdak kabul edýär hem ýerine ýetirýär, syýasy we durmuş-ykdysady meseleler boýunça peýdaly täzelikleriň, göreldeli başlangyçlaryň öňbaşçysy bolup çykyş edýär;

-   ýokarky partiýa guramalarynyň kararlaryny taýýarlamaga, ara alyp maslahatlaşmaga we amala aşyrmaga işeňňir gatnaşýar;

-   partiýa agzalygyna kabul edýär we agzalykdan çykarýar, partiýa agzalarynyň hasabyny ýöredýär;

-agzalyk töleglerini ýygnaýar, toplanan serişdäni ýokarky partiýa komitetiniň hasaplaşyk hasabyna geçirýär;

-   ählihalk we ýerli saýlawlary, sala salşyklary taýýarlamaga hem-de geçirmäge işeňňir gatnaşýar;

-   saýlawly döwlet edaralaryna, ýokarky partiýa guramalarynyň saýlawly edaralaryna, beýleki saýlawly wezipelere dalaşgärleri hödürleýär, olaryň saýlanmagyna ýardam berýär, şonuň ýaly hem, şol guramalardan yzyna çagyrmak barada teklipleri girizýär.

14.Ilkinji partiýa guramasynyň ýokary ýolbaşçy edarasy partiýa ýygnagydyr. Ýygnak azyndan üç aýdan bir gezek geçirilýär. Olaryň hasabat-saýlaw ýygnaklary her 3 ýyldan geçirilýär.

15.Ýygnak partiýa guramasynyň işiniň esasy ugurlaryny kesgitleýär, guramanyň býurosyny, komitetini, başlygyny, başlygynyň orunbasarlaryny saýlaýar. Saýlanan ýolbaşçylarynyň hasabatyny diňleýär, olaryň işine baha berýär.

16.Ilkinji partiýa guramasynyň hereketi partiýanyň Maksatnamasyna we Tertipnamasyna ters gelen halatynda guramanyň agzalarynyň  böleginiň talap etmegi  ýa-da ýokarky partiýa guramasynyň karary bilen onuň işi bes edilýär.

Ýerli (etrap, şäher, welaýat) partiýa guramalary

17.Ilkinji partiýa guramalary Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişigine laýyklykda etrap, şäher, welaýat partiýa guramalarynyň düzümine girýärler. Olar ýokarda durýan partiýa guramalarynyň ygtyýarlyklaryna girmeýän meselelerde özbaşdakdyrlar.

18.Etrap, şäher, welaýat partiýa guramalarynyň ýokary ýolbaşçy edarasy olaryň konferensiýasydyr. Konferensiýa zerur bolan halatda, ýöne azyndan 3 ýyldan bir gezek çagyrylýar. Konferensiýa degişli partiýa agzalarynyň ýa-da ilkinji partiýa guramalarynyň  böleginiň talap etmegi boýunça hem çagyrylyp bilner.

19.Etrap we şäher partiýa konferensiýalaryna wekiller ilkinji partiýa guramalarynyň hasabat-saýlaw ýygnaklarynda ýa-da partiýanyň etrap we şäher komitetleriniň giňeldilen maslahatlarynda, welaýat partiýa konferensiýalaryna bolsa etrap we şäher partiýa konferensiýalarynda ýa-da partiýanyň welaýatkomlarynyň giňeldilen maslahatlarynda açyk ses bermek arkaly saýlanylýar. Saýlawlaryň tertibi we wekilçilik kadalary degişli partiýa komiteti tarapyndan kesgitlenýär.

         20.Ýerli partiýa guramasynyň konferensiýasy:

-   ýerli partiýa guramasynyň syýasy, wagyz-nesihat, düşündiriş işine, içerki durmuşyna degişli bolan, partiýanyň Maksatnamasyna we Tertipnamasyna laýyk gelýän kararlary özbaşdak kabul edýär, ýerli partiýa guramasynyň işiniň anyk ugurlaryny hem-de wezipelerini kesgitleýär;

-   degişli partiýa komitetiniň hasabatyny diňleýär;

-   ýerli partiýa guramasynyň gözegçilik-derňew toparynyň hasabatyny diňleýär we tassyklaýar;

-   ýerli partiýa guramasynyň komitetiniň düzümini, onuň başlygyny we  orunbasaryny saýlaýar;

-   ýerli partiýa guramasynyň gözegçilik-derňew toparynyň düzümini we onuň başlygyny saýlaýar;

-   ýokarda durýan partiýa guramasynyň konferensiýasyna, partiýanyň gurultaýyna wekilleri açyk ses bermek arkaly saýlaýar, onuň ýolbaşçy düzümlerine dalaşgärleri hödürleýär.

21.Partiýa guramasynyň komitetiniň başlygy ýerli partiýa guramasynyň konferensiýasynyň işini alyp barýar, onuň komitetine we diwanyna ýolbaşçylyk edýär.

Partiýanyň ýerli guramalarynyň konferensiýasyna guramanyň saýlanan wekilleriniň ýarysyndan köpüsi gatnaşýan bolsa, konferensiýa doly hukuklydyr. Kararlar, şol sanda ses bermek arkaly (açyk, ýa-da ýapyk) kabul edilýän kararlar konferensiýa gatnaşýan wekilleriň köplügi bilen kabul edilýär.

Ýerli partiýa guramasynyň konferensiýalarynyň arasyndaky döwürde onuň gündelik işine ýolbaşçylygy partiýanyň ýerli guramasynyň komiteti alyp barýar.

22.Ýerli partiýa guramasynyň (etrap, şäher, welaýat) komiteti:

-   durmuşda wajyp, möhüm meseleleri we olaryň çözgütlerini öz maslahatynda yzygiderli ara alyp maslahatlaşýar, olar boýunça degişli kararlary kabul edýär, anyk çäreleri belleýär;

-   ählihalk we ýerli saýlawlary, sala salşyklary taýýarlamaga we geçirmäge işeňňir gatnaşýar, saýlawlara partiýa agzalaryndan bolan dalaşgärleri hödürleýär we olaryň saýlanmaklaryna ýardam edýär;

-   öz maslahatynda partiýa komitetiniň diwanyny döredýär, olaryň düzümini kesgitleýär we tassyklaýar, partiýa komitetiniň ýolbaşçylaryny, komitetiniň  agzalaryny saýlaýar, bölümleriň müdirlerini tassyklaýar;

-   ýokary partiýa guramalaryň saýlawly ýolbaşçy edaralaryna dalaşgärleri görkezýär, olaryň saýlanmagyna ýardam edýär, şonuň ýaly hem olary yzyna çagyrmak hakynda teklipleri girizýär;

-   öz çäklerinde içerki partiýa durmuşynyň we jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýyň, partiýanyň maliýe-hojalyk işiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşýar hem çözýär;

-   toplanan pul serişdeleriniň kesgitlenen bölegini ýokarky partiýa komitetiniň hasaplaşyk hasabyna geçirýär.

-   TDP-niň agzalarynyň hasabyny ýöredýär, partiýa biletlerini gowşurýar.

-   ilkinji partiýa guramalaryny hasaba alýar, olaryň işini ugrukdyrýar hem-de sazlaşdyrýar, durmuş-ykdysady, terbiýeçilik we medeni meseleleri çözmekde olara kömek berýär;

-   azyndan ýylda  bir gezek komitetiň maslahatyny geçirýär;

-   ilkinji partiýa guramalarynyň maglumatlaryny diňleýär, olaryň anyk wezipelerini kesgitleýär we belleýär, tejribelerini öwrenýär we ýaýradýar. Partiýa agzalarynyň arza-şikaýatlaryna garaýar.

23.Maslahatlaryň aralygynda ýerli partiýa guramasynyň işini onuň komiteti alyp barýar we onuň mejlisleri azyndan üç aýdan bir gezek geçirilýär.

Partiýanyň welaýat komiteti:

-   etrap we şäher partiýa guramalarynyň, olaryň komitetleriniň işini ugrukdyrýar hem kämilleşdirýär, durmuş-ykdysady, syýasy-guramaçylyk, terbiýeçilik we medeni meseleleri çözmekde olaryň özara sazlaşykly işini üpjün edýär;

-   partiýa komitetleriniň we ilkinji partiýa guramalarynyň tejribesini öwrenýär, olaryň işiniň kämilleşmegine kömek edýär;

-   ýerli partiýa komitetleriniň başlyklaryny we orunbasarlaryny, bölüm müdirleri degişli partiýa komitetleriniň maslahatlarynda saýlanýar, tassyklanýar we boşadylýar.

Partiýanyň ýerli guramalary ýuridiki şahsyň hukuklaryna eýe bolup, kanunçylyk tarapyndan öz üstüne ýüklenen borçlary ýerine ýetirýär.

Partiýanyň ilkinji we ýerli guramalary:

-   durmuş, ykdysady we beýleki ýerli ähmiýetli meseleleriň çözülmegi babatda kararlaryň işlenip taýýarlanmagyna we çözülmegine, ilatyň kanuny bähbitleriniň goralmagyna gatnaşýar;

-   TDP-niň Maksatnamalaýyn düzgünlerini, maksatlaryny, wezipelerini, ýokarky ýolbaşçy edaralaryň kabul edýän kararlaryny durmuşa geçirýär hem-de wagyz etmek we düşündirmek işlerini alyp barýar;

-   TDP-niň täze agzalarynyň kabul edilmegi ugrunda iş alyp barýar;

-   umumy partiýa resminamalarynyň taýýarlanmagyna gatnaşyp we öz taslamalaryny teklip edip bilýärler, islendik saýlawly partiýa edarasynyň kararyna özüniň gatnaşygyny aýdyp bilýär;

-   TDP-niň ýokary saýlawly edaralaryna dalaşgärleri teklip edýärler;

-   Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda häkimiýet edaralaryna we öz-özüňi dolandyryş edaralaryna geçirilýän saýlawlara, şol sanda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň agzalarynyň saýlawlarynda dalaşgärleri hödürlemäge we saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işlerini gurnamaga.

 

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň ýolbaşçy edaralary

24.TDP-niň ýokary ýolbaşçy edarasy gurultaýdyr, ol azyndan bäş ýyldan bir gezek çagyrylýar.                                            

Gurultaýyň wekilleriniň azyndan  bölegi oňa gatnaşýan bolsa, gurultaý doly hukuklydyr.

Gurultaý Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi tarapyndan çagyrylýar.

Gurultaýyň geçiriljek senesi, gün tertibi öňünden yglan edilýär, onuň wekilçilik düzgünlerini partiýanyň Syýasy Geňeşi tassyklaýar.

Zerur bolan halatda partiýanyň Syýasy Geňeşiniň karary bilen, şonuň ýaly-da, partiýa agzalarynyň ýa-da ilkinji partiýa guramalarynyň  böleginiň talaby boýunça partiýanyň nobatdan daşary gurultaýy çagyrylyp bilner.

Gurultaýyň wekilleri ýerli partiýa guramalarynyň konferensiýalarynda ýa-da komitetleriniň giňeldilen maslahatlarynda açyk ses bermek arkaly saýlanylýar.

25. TDP-niň gurultaýy:

- TDP-niň Maksatnamasyny, Tertipnamasyny kabul edýär hem-de olara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizýär;

- TDP-niň Syýasy Geňeşiniň hasabatyny diňleýär, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň ýörelgesini ara alyp maslahatlaşýar we kesgitleýär, degişli kararlary kabul edýär. Beýleki syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri we hereketleri bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitleýär;

- TDP-niň Merkezi gözegçilik-derňew toparynyň hasabatyny diňleýär hem-de tassyklaýar;

- Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Başlygyny saýlaýar;

- Syýasy Geňeşiniň düzümini kesgitleýär we saýlaýar;

- TDP-niň Merkezi gözegçilik-derňew toparyny saýlaýar, onuň wezipelerini we hukuklaryny kesgitleýär;

- partiýanyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny, býujetini, onuň peýdalanylyşyny ara alyp maslahatlaşýar.

Gurultaýda kabul edilen kararlaryň ähli partiýa guramalaryna we agzalaryna ýetirilmegi hökmanydyr.

26.TDP-niň başlygy partiýanyň gurultaýynyň, Syýasy Geňeşiniň işine ýolbaşçylyk edýär, gurultaýyň kararlaryny tassyklaýar, partiýanyň ýolbaşçy işgärlerini wezipelere belleýär we wezipelerden boşadýar, partiýa degişli beýleki meseleleri çözýär.

27.TDP-niň Syýasy Geňeşi partiýanyň gurultaýlarynyň aralygyndaky döwürde işleýän partiýanyň merkezi edarasy bolup durýar.

 Syýasy Geňeş:

- gurultaýda saýlanan düzüminden partiýanyň başlygynyň orunbasaryny saýlaýar, Syýasy Geňeşiň bölüm müdirlerini we jogapkär işgärlerini tassyklaýar, gurultaýyň aralygyndaky döwürde Syýasy Geňeşiň düzümine üýtgetmeler we goşmaçalar girizýär;

- ýerli partiýa guramalarynyň işini sazlaşykly ugrukdyrýar;

- döwlet we wekilçilik häkimiýetiniň, ýerli öz-özüňi dolandyryşyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçy edaralaryna we Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna dalaşgärleri hödürleýär;

- partiýanyň maliýe-hojalyk ýagdaýyny, onuň býujetini ara alyp maslahatlaşýar we tassyklaýar;

- partiýa agzalarynyň tekliplerine, arzalaryna seredýär, olar boýunça degişli kararlary kabul edýär.

- zerur bolan mahalynda, ýöne azyndan üç aýda bir gezek özüniň maslahatyny çagyrýar;

Gurultaýlaryň aralygyndaky döwürde zerurlyk ýüze çykan halatynda TDP-niň başlygy Syýasy Geňeşiň maslahatynda hem saýlanyp we boşadylyp bilner. 

28.Syýasy Geňeşde partiýanyň syýasy-guramaçylyk meseleleri yzygiderli ara alyp maslahatlaşylýar.

TDP-niň Syýasy Geňeşi beýleki jemgyýetçilik birleşikleri bilen özara hereketlerde, partiýaara gatnaşyklarda degişli kararlary kabul etmäge, wekilçilik etmäge doly ygtyýarlydyr.

TDP-niň Syýasy Geňeşi partiýanyň işini yzygiderli ugrukdyrýar we sazlaşykly alyp barýar. TDP-niň Başlygy Syýasy Geňeşiň, onuň diwanynyň we tutuş partiýanyň gündelik işini alyp barýar, partiýanyň beýleki meselelerini çözýär. Başlyk ýok mahaly işi  başlygyň orunbasary alyp barýar.

29.TDP-niň Merkezi gözegçilik-derňew topary özüniň azyndan ýylda iki gezek geçirýän mejlislerinde partiýanyň maliýe-hojalyk işine, býujetiniň ýerine ýetirilişine, arza-şikaýatlary seljermek we TDP-niň içerki durmuşyna degişli beýleki meselelere, ýerli partiýa guramalarynyň gözegçilik-derňew toparlarynyň işine degişli meselelere seredýär. TDP-niň Merkezi gözegçilik-derňew topary partiýanyň Maksatnamasyna, Tertipnamasyna hem-de öz Düzgünnamasyna laýyklykda iş alyp barýar. TDP-niň Merkezi gözegçilik-derňew topary öz agzalarynyň arasyndan toparyň başlygyny saýlaýar. Merkezi gözegçilik-derňew toparynyň Düzgünnamasy onuň öz mejlisinde tassyklanyp bilner.

30.TDP-niň Merkezi gözegçilik-derňew toparynyň agzasy partiýanyň Syýasy Geňeşiniň agzasy bolup bilmez.

 

VIII. DEMOKRATIK PARTIÝANYŇ GURAMAÇYLYK DÜZGÜNLERI

31.Saýlawly partiýa düzüminiň agzasy öz borçlaryny ýerine ýetirip bilmeýän halatynda degişli partiýa komitetiniň maslahatynyň karary bilen agzalykdan çykarylýar.

32.Partiýa komiteti öz teklibi ýa-da ilkinji partiýa guramalarynyň  böleginiň talaby boýunça möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy guraýar.

Eger-de hödürlenen wajyp teklibi, talaby ilkinji partiýa guramasynyň agzalarynyň ýa-da ýerli partiýa guramalarynyň üçden iki bölegi makullaýan bolsa, onda ýerli partiýa komiteti ýa-da partiýanyň Syýasy Geňeşi şu mesele boýunça öz pikirini aýtmalydyr.

33.Partiýa komitetleriniň diwanlarynyň we kärhanalarynyň işgärleri Türkmenistanda hereket edýän kanunlara laýyklykda işe kabul edilýär we işden çykarylýar. Olaryň iş tertibi, zähmet we dynç alyş şertleri, durmuş ätiýaçlandyryş, pensiýa, maddy goldaw, kömek meseleleri döwletiň kanunlary we TDP-niň Syýasy Geňeşiniň kararlary esasynda düzgünleşdirilýär.

34.Şu Tertipnamada başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, partiýa guramalary meseleleri agzalarynyň ýarysyndan köpüsiniň ses bermegi bilen çözýärler.

35.TDP-niň Tertipnamasy partiýanyň içerki durmuşyny düzgünleşdirýän esasy resminamadyr. Tertipnama esasynda degişli gollanmalar işlenip düzülýär.

 

IX. DEMOKRATIK PARTIÝANYŇ SERIŞDELERI WE EMLÄGI

36.Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň we onuň guramalarynyň ähli işi olaryň öz serişdeleriniň hem-de girdejileriniň hasabyna maliýeleşdirilýär we maddy taýdan üpjün edilýär.

37.Partiýanyň geçirýän çärelerini maddy taýdan üpjün etmek, goldamak hem-de partiýanyň maliýe ýagdaýyny pugtalandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kärhanalary döredip biler.

38.Partiýanyň we onuň guramalarynyň maliýe serişdeleri agzalyk töleglerinden, neşirýat, önümçilik-hojalyk we telekeçilik işinden, çykyşlary, maslahatlary, sergileri, medeni-köpçülik, sport çärelerini geçirmekden gelýän girdejilerden, partiýa agzalarynyň, fiziki we ýuridiki şahslaryň meýletin kömek berýän pul we maddy serişdelerinden, kanunçylyga laýyklykda beýleki düşewüntlerden emele gelýär.

39.Her aýdaky agzalyk tölegi partiýa agzasynyň umumy girdejisiniň 1 (bir) göterimi möçberinde tölenýär. Partiýanyň maliýe ýagdaýyny pugtalandyrmak maksady bilen TDP-niň agzalary öz isleglerine görä agzalyk töleglerini köp  mukdarda-da töläp bilerler, şeýle hem partiýa býujetine başga-da maliýe serişdelerini geçirip bilerler.

40.Ilkinji partiýa guramalary öz ýygnaklarynyň kararlary bilen işlemeýän partiýa agzalaryny, nepagadakylary, işe ýarawsyzlary, köp çagaly eneleri arzalary esasynda olary partiýa agzalyk töleglerinden boşadyp bilerler.

41.Partiýanyň Syýasy Geňeşi, ýerli guramalarynyň komitetleri öz býujetine ygtyýar etmekde, düzümini guramakda we önümçilik-hojalyk meselelerini çözmekde özygtyýarlydyrlar. Býujetler, olaryň ýerine ýetirilişi hakyndaky hasabatlar Syýasy Geňeş we ýerli partiýa komitetleri tarapyndan tassyklanýar hem-de ýokary partiýa komitetleriniň we degişli partiýa guramalarynyň dykgatyna ýetirilýär.

42.Partiýanyň desgalary, gurallary, ulaglary, enjamlary, pul serişdeleri, neşirýaty, kärhanalary, şonuň ýaly-da, onuň eýeçiligindäki beýleki serişdeler partiýanyň tutuş emlägi bolup durýar.

Partiýanyň Türkmenistanyň kanunçylygy bilen gadagan edilmedik gozgalýan we gozgalmaýan emläk edinmäge, serişdeleri, enjamlary, ulaglary we beýleki serişdeleri edinmäge hukugy bardyr. Şonuň ýaly-da partiýa gozgalýan we gozgalmaýan emlägi kärendesine almak ýa-da bermek hukugyna eýedir.

43.TDP-niň Syýasy Geňeşi, onuň welaýat komitetleri ýuridiki şahsyň hukugyndan peýdalanýarlar. TDP-niň welaýat, etrap, şäher komitetleri TDP-niň düzüm birlikleri bolup durýarlar we şu Tertipnama esasynda hereket edýärler.

44.TDP-niň pul we maddy serişdeleriniň bir bölegi haýyr-sogap, ynsanperwer kömegini bermek üçin, partiýa işgärlerine zähmet hakyny tölemek hem-de pul we maddy goldawy bermek, maddy taýdan höweslendirmek üçin ulanylyp bilner.

 

X.TÜRKMENISTANYŇ DEMOKRATIK PARTIÝASYNYŇ ÝURDUŇ DÖWLET WE DOLANDYRYŞ EDARALARY, BEÝLEKI SYÝASY PARTIÝALAR, JEMGYÝETÇILIK BIRLEŞIKLERI, DAŞARY ÝURTLARYŇ PARTIÝALARY WE JEMGYÝETÇILIK BIRLEŞIKLERI BILEN GATNAŞYKLARY

45.Türkmenistanyň Demokratik partiýasy Türkmenistanyň Prezidentiniň syýasy ugruny öz agzalarynyň üsti bilen düşündirýär, wagyz-nesihat edýär, durmuşa geçirýär.

46.Döwlet, dolandyryş we jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan çagyrylýan gurultaýlarda, maslahatlarda, konferensiýalarda, mejlislerde, ýygnaklarda, şonuň ýaly-da, şol guramalaryň saýlawly edaralarynda partiýa toparlary döredilip bilner. Şol toparlaryň wezipesi degişli edaralarda Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan syýasy ugruny gyşarnyksyz ýöretmekden, şol guramalaryň işinde demokratik kada-düzgünleri ösdürmekden ybaratdyr.

47. TDP-niň Syýasy Geňeşi we diwany Türkmenistanyň döwlet häkimiýetiniň we dolandyryşynyň edaralary bilen gatnaşyklarda partiýa wekilçiligini amala aşyrýarlar. Partiýanyň ýerli komitetleri we diwanlary hem häkimiýetiň we dolandyryşyň ýerli guramalary, jemgyýetçilik birleşikleri, syýasy partiýalar bilen gatnaşyklarda degişli hukuklara eýedirler.

48. Türkmenistanyň Demokratik partiýasy beýleki syýasy partiýalar, şol sanda daşary ýurtlaryň syýasy partiýalary we jemgyýetçilik birleşikleri bilen aragatnaşyk saklaýar, hyzmatdaşlygyň çäklerinde ylalaşyklary baglaşýar.

 

XI.TÜRKMENISTANYŇ DEMOKRATIK PARTIÝASYNYŇ IŞINI BES ETMEGIŇ TERTIBI

49.Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň işi onuň bölünmeginiň, beýleki syýasy partiýalar bilen birleşmeginiň ýa-da öz-özüni ýatyrmagynyň netijesinde bes edilip bilner. Şu mesele baradaky karar partiýanyň hemme guramalarynyň pikirleriniň nazarda tutulmagy bilen, TDP-niň gurultaýy tarapyndan kabul edilýär. Eger gurultaýyň wekilleriniň azyndan üçden şeýle karara tarapdar bolup ses berse, karar gutarnykly diýlip hasap edilýär.

TDP-niň işi bes edilen halatynda onuň eýeçiligi şu Tertipnamada göz öňünde tutulan maksatlar üçin gönükdirilýär ýa-da partiýanyň gurultaýy tarapyndan kesgitlenen mirasdüşere ýa-da döwletiň hasabyna geçirilýär.

 

 

TÜRKMENISTANYŇ DEMOKRATIK PARTIÝASYNYŇ

MAKSATNAMASY

 

“Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelge esasynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli maksatnamalardan, ykdysadyýetiň, syýasatyň, medeniýetiň dürli ugurlarynda amala aşyrylýan düýpli özgertmelerden ruhlanýan türkmen halky tutanýerli zähmet çekip, öz Milli Lideriniň töweregine has-da berk jebisleşip ösüşiň täze tapgyryna gadam basdy. Bu tapgyrda biziň öňümizde duran belent wezipe, milli Liderimiziň belleýşi ýaly, XXI asyrda Türkmenistany berk binýatly, kuwwatly, abadan, ýokary derejede ösen, bäsleşige ukyply döwlete öwürmekden ybaratdyr. Bu ýerde öňe çykýan wezipeleri - jemgyýeti has hem jebisleşdirmek we ony ykdysady, syýasy we durmuşy gurşawlary dolandyrmaklygy kämilleşdirmeklik üçin gerek bolan demokratiki usullar bilen üpjün etmek esasynda amal etmek mümkin.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip düzülen ýurduň strategiki ösüş maksatnamasy ösüşler ýolunda bar bolan meseleleriň çözgüdini aýdyň görkezýär.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy (TDP) milli Liderimiz tarapyndan kesgitlenen ösüşler we özgerişler ýoluny saýlap alýar hem-de berkarar türkmen döwletiniň bagtyýarlyk döwründe şol beýik özgertmeleri amala aşyrmak, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak, innowasion ösüşi we ýaşaýyş-durmuşyň ýokary ölçeglerini üpjün etmek bilen baglanyşykly wezipeleriň amal ediljekdigine doly ynanýar. Bu ynam  partiýa agzalarynyň gurujylyk we döredijilik başarnyklaryny artdyrýar.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy Garaşsyzlyk ýyllarynda has berkedi, onuň abyraýy artdy. Bu gün TDP milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda başlanan ägirt uly tutumly işleriň halka giňden düşündirilmegine, wagyz edilmegine, üstünlikli amala aşyrylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam bermekligi beýleki jemgyýetçilik guramalary we birleşikleri bilen bilelikde özüniň baş wezipesi hasaplaýar. Türkmenistanyň Demokratik partiýasy özüniň jemgyýetdäki täsirini we abraýyny gün-günden berkidýär we geljege gönükdirýär.

Ol mundan beýläk hem Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygyny, Hemişelik Bitaraplygyny, durmuş-syýasy durnuklylygyny, ruhy-ahlak, milli agzybirligini berkitmäge öz saldamly goşandyny goşmagy maksat edinýär. Şu maksat bilen ol jemgyýetiň syýasy durmuşyndaky öz ugrukdyryjy we jebisleşdiriji ornuny berkidýär.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy öz işini Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, “Syýasy partiýalar hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna we ýurdumyzda hereket edýän beýleki Kanunlara esaslanyp, öz Tertipnamasyna  we şu Maksatnamasyna laýyklykda alyp barýar.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy öz işini giň demokratik häsiýetde deňhukuklylyk, özara hormatlamak, pikir alyşmak, arkalaşmak, birek-birege kömek we goldaw bermek esasynda guraýar.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň ösüş we innowasiýalar eýýamynda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy adamdyr, “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgelerden ugur alyp, Türkmenistany senagat taýdan ösen döwlete öwürmek, bazar ykdysadyýetini işewür özleşdirmek, jemgyýeti mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak,  önümçiligiň we durmuşyň ähli ugurlaryny döwrebaplaşdyrmak, halkyň hal-ýagdaýyny, adamlaryň durmuş goraglylygyny ýokarlandyrmak, agzybirligi, jebisligi, ylalaşygy berkitmek maksatlaryny goldanyp, özüniň şu Maksatnamasyny kabul edýär.

 

I. TÜRKMENISTANYŇ DEMOKRATIK PARTIÝASYNYŇ

ESASY ÝÖRELGELERI

 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe süren ösüşler we özgerişler syýasatyna esaslanyp, Türkmenistan döwletiniň Garaşsyzlygyny we Hemişelik Bitaraplygyny pugtalandyrmagy maksat edinip, Türkmenistanyň Demokratik partiýasy özüniň syýasy işinde şu aşakdaky ýörelgelerden ugur alýar:

-        öz işini meýletinlik, deň hukuklylyk, sabyr-takatlylyk, öz-özüňi dolandyrmak, kanunylyk we aýanlyk esasynda guramak;

-        umumadamzat gymmatlyklaryny hormatlamak, ynsanperwerlik, deňhukuklylyk, adalatlylyk, hyzmatdaşlyk, dogruçyllyk, paýhaslylyk häsiýetlerine eýermek;

-        häzirki zaman saýlawly demokratiýany türkmen halkynyň gadymy köklerinden gelýän demokratik esasynda özleşdirmek;

-        türkmen halkynyň taryhy, milli-medeni, asylly däp-dessurlaryna aýawly garamak, ene dilini hemmetaraplaýyn ösdürmek;

-        Türkmenistanyň halkynyň dürli milletlerden bolan wekilleriniň milli buýsanjyna, medeniýetine, diline, dinine, däp-dessurlaryna, urp-adatlaryna hormat goýmak;

-        adamlarda ylma-bilime, hünärmenlige,  täzeçe pikirlenişe, döredijilige bolan ukyby we başarnygy goldamak;

-        partiýa işinde jemgyýetçilik başlangyçlaryň ösdürilmegi, oňa jemgyýetçiligiň işjeňleriniň giňden çekilmegi, saýlawly edaralaryň işine partiýa agzalarynyň giňden gatnaşmagyny gazanmak;

-        partiýanyň işi hakynda ilaty doly habarly etmek;

-        dünýä bileleşigi tarapyndan kabul edilen we halkara hukugynyň kadalarynda bellenen adamyň we raýatyň demokratik hukuklaryna, azatlyklaryna  hormat goýmak, olary ykrar etmek;

-        geçmişimizi hormatlamak, ata-babalarymyzyň, ýaşulularymyzyň wesýetlerine eýermek, milli taryhy-medeni mirasymyzy çuňňur öwrenmek, nesilden-nesle geçirmek we baýlaşdyrmak;

-        Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň  alyp barýan «Açyk gapylar», hyzmatdaşlyk, parahatçylyk söýüji daşary, hoşmeýilli hemişelik bitaraplyk syýasatynyň mundan beýläk hem dabaralanmagyna ýardam bermek.

 

II.      TÜRKMENISTANYŇ DEMOKRATIK PARTIÝASYNYŇ MAKSATLARY WE WEZIPELERI

 

Jemgyýetçilik pikirini emele getirmek arkaly Türkmenistanyň  Garaşsyzlygyny, Bitaraplygyny berkitmäge, demokratik, hukuk, dünýewi döwleti, raýat jemgyýeti berkarar etmäge ýardam bermek, Türkmenistanyň Prezidentiniň täzeleniş, ösüşler we özgerişler syýasatyny düşündirmek, wagyz-nesihat etmek, ony durmuşa geçirmäge işewür gatnaşmak Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň XXI asyrda esasy maksatlarydyr.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy halkyň bähbitlerini araýan syýasy partiýa bolup, halkyň ähli gatlaklarynyň bähbitlerini döwletiň syýasatynda aňlatmak we goramak, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda demokratiýany ýaýbaňlandyrmak we onuň esasynda ýurtda bolup geçýän özgerişleri işewürleşdirmek bilen, geljekde hem jemgyýetde öňdebaryjy, esasy syýasy partiýa bolmaklyga çalyşar.

Şu maksada ýetmek üçin Türkmenistanyň Demokratik partiýasy  aşakdaky wezipeleri durmuşa geçirmegi zerur hasap edýär:

-        Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, Hemişelik Bitaraplygyny, howpsuzlygyny, çäkleriniň bitewiligini we beýleki bähbitlerini hemme çäreler arkaly goramak we berkitmek, halkyň aňyna, durmuşyna çuňňur ornaşdyrmak, adamlarda täze-berkararlyk döwre kybapdaş, demokratik we täzeleniş gymmatlyklary özünde jemleýän dünýägaraýşy kemala getirmek;

-        jemgyýetiň täzelenişiniň, ösüşiniň, döwrebaplaşdyrylmagynyň ylmy-nazarýet esaslaryny işläp düzmäge gatnaşmak, jemgyýetçilik özgerişlerini göz öňünde tutmak arkaly partiýanyň işiniň täze şertlerdäki ugurlaryny, usullaryny kämilleşdirmek, islendik meseläniň jemgyýetiň ösüş aýratynlyklaryna laýyk gelýän dogry we doly syýasy çözgüdini tapmak;

-        Türkmenistanyň Prezidentiniň içeri we daşary syýasatyny, halk häkimiýetiniň wekilçilikli hem-de ýerine ýetiriji edaralarynyň durmuş ähmiýetli işlerini hemme çäreler arkaly goldamak, agzybirligi, asudalygy we syýasy durnuklylygy, bitewiligi we abadançylygy saklap, halky mundan beýläk-de has jebisleşdirmek;

-        jemgyýetçilik durmuşynda kanunylygy we hukuk tertibini berkitmek, adalatlylyk ýörelgelerini ornaşdyrmak, adamlarda demokratik, hukuk aňyny kemala getirmek;

-        döwlet häkimiýetiniň we dolandyryşynyň edaralary,  jemgyýetçilik-syýasy, döredijilik, dini guramalar we birleşikler bilen ysnyşykly aragatnaşyk saklamak we arkalaşykly hyzmatdaşlyk etmek;

-        durmuş ýagdaýyna, milletine, jynsyna, bilimine, dinine, emläk hem wezipe ýagdaýyna garamazdan, Türkmenistanyň ähli raýatlarynyň kanun öňünde deňligi ugrunda çykyş etmek, şahsyýetiň kanuny hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, her bir raýatyň jemgyýetdäki borçlaryny ýerine ýetirmegini gazanmak ugrunda ähli zerur çäreleri durmuşa geçirmek;

-        pikir we wyždan azatlygyny goramak;

-        jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny mundan beýläk-de demokratik ýörelgeleri berkitmeklik esasynda bütin halkyň we aýratyn adamyň bähbitlerine hyzmat edýän ruhy-ahlak, durmuş, ykdysady, syýasy, hukuk we medeni özgertmeleri ýaýbaňlandyrmagy goldamak;

-        Türkmenistanda bilimi, ylmy, öňdebaryjy tehnologiýany we tehnikany, milli medeniýeti we dili, halkyň däp-dessurlaryny, Watana bolan söýgüni ösdürmäge gönükdirilen syýasaty we işleri goldamak, ata-babalarymyzyň milli mirasyny goramak we ösdürmek;

-        ylmy we ylmy-tehniki gözlegleri, innowasion çözgütleri, dünýäniň beýleki ýurtlary bilen bu ugurdaky hyzmatdaşlygy goldamak, ýurdumyzda ylmyň ösdürilmegine hemme çäreler arkaly ýardam bermek;

-        adamlarda watansöýüjiligi, il-günüňe, halkyň taryhyna, milli medeniýetine, döwlet nyşanlaryna buýsanç we guwanç duýgusyny, halka, Watana, Türkmenistanyň Prezidentine wepalylygy terbiýelemek;

-        medeniýete döwletiň we jemgyýetçilik-syýasy guramalaryň ýokary derejede üns bermegine ýardam etmek, döredijilik erkinligini goldamak;

-        adamlaryň wyždan azatlygynyň doly berkarar bolmagynyň tarapdary bolup çykyş edýän Demokratik partiýa adamlaryň dini ynançlaryna, ygtykatlaryna hem-de duýgularyna uly hormat goýýar, ýöne syýasy maksatlary amala aşyrmak, milletara çaknyşyklaryny tutaşdyrmak, başgalaryň dünýägaraýşyna çydamsyz garamak üçin dini peýdalanmak düýpgöter bolmaz diýip, çürt-kesik hasap edýär;

-        Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistanda ýaşaýan ähli milletleriň we halkyýetleriň ruhy durmuşynda öz ykballaryny özleriniň kesgitlemeklerine bolan hukuklarynyň amala aşyrylmagyna ýardam etmek;

-        Türkmenistanyň ähli döwletler bilen hoşmeýilli gatnaşyklara, birek-birege hormat goýmaga we deňhukukly hyzmatdaşlyga daýanýan parahatsöýüjilikli “Açyk gapylar” syýasatyny giňden düşündirmek, wagyz-nesihat etmek, bu syýasatyň mundan beýläk-de dabaralanmagyna ýardam bermek;

-        halkara gatnaşyklarynda oňyn bitaraplyk, hoşniýetlilik, içerki işlere goşulyşmazlyk, deňhukuklylyk, özara düşünişmeklik, birek-biregiň bähbitlerini hormatlamak esasynda beýleki ýurtlaryň halklary, öňdebaryjy dolandyryjy syýasy partiýalary hem-de jemgyýetçilik guramalary we birleşikleri bilen dostlukly, hoşniýetli aragatnaşyklary ýola goýmak, ösdürmek arkaly Türkmenistanyň döwletara dostlukly gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam etmek;

-        Türkmenistany senagat taýdan ösen kuwwatly döwlete öwürmeklige gönükdirilen uzakmöhletleýin ykdysady milli maksatnamalaryny işläp düzmäge we durmuşa geçirmäge, bazar gatnaşyklarynyň şertlerinde halkyň bolelin, eşretli durmuşyny üpjün etmäge, ýokary tehnologiýalary ele alan we täze şertlerde işlemeklik ukybyna eýe bolan hünärmenleri ýetişdirmäge işeňňir gatnaşmak;

-        senagatyň hemme pudaklaryny, ylaýta-da gaýtadan işleýän önümçiligi ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmak esasynda ösdürmek, nebiti, gazy we beýleki tebigy baýlyklary özleşdirip, olary halkyň eşreti üçin peýdalanmaga ýardam etmek;

 -       ýurdumyzda bazar gatnaşyklarynyny özleşdirmek bilen milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryny ösdürmäge, içerki we daşarky bazarlarda ýokary bäsdeşlik ukybyna eýe bolan harytlaryň öndürilişini ýola goýmaga, öňdebaryjy tehnologik täzelikleri  önümçilige ornaşdyrmaga ýardam etmek;

-        ähli ugurlarda hususyýetçiligi goldap, önümçilik serişdelerini hususyýetleşdirmek baradaky maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna, eýeçiligiň ähli görnüşleriniň kadaly ösmegi üçin deň şertleriň döredilmegine ýardam etmek;

-        Türkmenistanda oba hojalygyny düýpli özgertmäge gönükdirilen syýasatyň durmuşa geçirilmegine, halkymyzyň galla, gök, miwe, et, süýt we beýleki azyk önümleri bilen bolelin üpjün edilmegine, ýurdumyzda pagtanyň we bugdaýyň bol hasylynyň öndürilmegine ýardam etmek, öňdebaryjy tejribäni ýaýratmak;

-        döwletiň salgyt-býujet, pul-karz, baha emele getiriş syýasatyny halkyň peýdasyna ösdürmäge, kämilleşdirmäge we durmuşa geçirmäge ýardam etmek;

-        önüm öndürýän kärhanalaryň hem-de birleşikleriň ykdysady işeňňirligini, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga partiýa işjeňleriniň we  agzalarynyň giňden gatnaşmagyny we täsir etmegini gazanmak;

-        ykdysadyýeti dolandyrmagyň guramaçylyk düzümini yzygiderli kämilleşdirmäge, netijeli maýa goýum syýasatyny durmuşa geçirmäge işeňňir gatnaşmak;

-        täze önümçilik kuwwatlyklarynyň gurulmagyna ünsi güýçlendirmäge, ahyrky önümiň özümizde öndürilmegini giňden ýola goýmaga, telekeçiligi, täjirçiligi ösdürmäge ýardam bermek;

-        Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşini çaltlandyrmak üçin ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny önümçilige  giňden ornaşdyrmaga ýardam etmek;

-        Türkmenistanyň daşary ykdysady aragatnaşyklarynyň giňelmegine we çuňlaşmagyna, onuň özara peýdaly şertler esasynda dünýä ykdysadyýetine işeňňir goşulmagyna, «Açyk gapylar» syýasatynyň mundan beýläk-de has-da rowaçlanmagyna goldaw bermek.

 

III. TÜRKMENISTANYŇ GELJEGI IŞEWÜR, BAŞARNYKLY, BÄSLEŞIGE UKYPLY ADAMLARA BAGLYDYR

 

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy Milli Liderimiziň adamlaryň durmuş goraglylygyny ýokarlandyrmak, hemme ugurlarda biziň döwrümiziň ähli aragatnaşyk we multimediýa tehnologiýalaryny ele alan işgärleri we hünärmenleri, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän iş dolandyryjylary ýetişdirmek baradaky tagallalaryny doly goldaýar. Şu maksat bilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasy:

-        Türkmenistandaky her bir adamyň ýaşamaga, zähmet çekmäge, dynç almaga, saglygyny goramaga, bilim almaga, maşgala gurmaga, abadanlaşdyrylan ýaşaýyş jaýyny edinmäge, ylmy-döredijilik işi bilen meşgullanmaga, durmuş taýdan doly üpjün edilmäge bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasy we kanunçylygy tarapyndan kepillendirilen hukuklaryny goramaga ýardam etmegiň;

-        Türkmenistanda täze iş ýerlerini döretmäge, zähmete ukyply adamlaryň iş bilen doly üpjün edilmegini gazanmaga, işsizligiň öňüni almaga gönükdirilen syýasaty goldamagyň;

-        býujet serişdelerini dünýäniň ösen ýurtlarynyň hünärmenleri bilen bäsleşige ukyply ylmy, dolandyryş, inžener-tehniki elitanyň täze neslini ýetişdirmäge gönükdirmegiň;

-        bilim almagyň her bir adam üçin öz ukybyna görä elýeterli bolmagyny üpjün etmek baradaky şahsyýetiň kanuny hukuklaryny goramak, zehinli ýaşlaryň döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn goldanmagyny gazanmak, mugt bilim almagy saklamak bilen tölegli okuwyň hem kanuny esasda guralmagyny goldamak, ýaş nesle bilim berlişini dünýä derejesine ýetirmäge hemme çäreler arkaly goldaw bermegiň;

-        jemgyýetiň, döwletiň hem şahsyýetiň bähbitleriniň sazlaşykly ösüşini gazanmak barada alada edip, ruhy taýdan baý, sowatly, täzeçe pikirlenýän, kämil şahsyýeti, adamlary terbiýelemegiň;

-        şäherleriň, şäherçeleriň we obalaryň doly abadanlaşdyrylmagy, durmuş taýdan hemmetaraplaýyn ösdürilmegi baradaky Türkmenistanyň Prezidentiniň Maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegine ýardam bermek, ilatyň agyz suwy, gaz, elektrik energiýasy, duz, lagym ulgamlarynyň hyzmaty bilen mugt üpjünçiligini, azyk önümleri we beýleki gündelik zerur harytlar bilen doly üpjün edilmegini, aragatnaşyk, ulag, söwda, durmuş hyzmatynyň mundan beýläk-de elýeterlikli ýokary derejede ýola goýulmagyny gazanmagyň;

-        Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň maksatlaryndan ugur alyp, maşgalany pugtalandyrmak we oňa hemmetaraplaýyn kömek etmek, eneleri we çagalary hukuk, durmuş hem saglyk taýdan goramak, çagalary ösdürip kemala getirmekde, terbiýelemekde maşgalanyň, mekdebiň, mekdep ýaşyna çenli çagalar edaralarynyň, saglygy goraýyşyň, döwletiň hem-de jemgyýetiň tutýan ornuny ýokarlandyrmak, jemgyýetde zenanlaryň hem-de erkekleriň deňhukuklylygyny goramak, neşekeşlige we beýleki ýaramaz nogsanlyklara garşy barlyşyksyz göreş alyp barmagyň;

-        maýyplaryň, uruş we zähmet weteranlarynyň, ýalňyz eneleriň, köp çagaly maşgalalaryň, talyp we okuwçy ýaşlaryň durmuş şertlerini, maddy hal-ýagdaýyny gowulandyrmak barada Türkmenistanda edilýän aladalary doly goldap, sagdyn ýaşaýyş keşbini wagyz-nesihat etmek, giňden düşündirmek we muňa ýardam bermegiň;

-dünýä standartlaryna laýyk gelýän saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmeklige, ýaşaýyş gurşawyny sagdynlaşdyrmaklyga hemaýat etmegiň;

-        Türkmenistanyň ähli ýerinde ekologik ýagdaýy sagdynlaşdyrmaga, «Gök guşak» zolaklarynyň ösdürilmegine, tebigy baýlyklary goramaga we rejeli ulanmaga, daş-töweregi arassa saklamaga ýardam etmegiň;

-        milletiň saglygynyň daşky gurşaw hem-de sagdyn ýaşaýyş durmuşyny kemala getirmek bilen bagly bolýandygyny göz öňünde tutup, ekologiki taýdan goragly önümçiligiň, sportyň we bedenterbiýäniň ösdürilmeginiň, çilime, neşekeşlige we beýleki ýaramaz endiklere göreşi ýitileşdirmegiň tarapdary bolup çykyş edýär.

 

IV. ÝURDY MUNDAN BEÝLÄK HEM DEMOKRATIÝALAŞDYRMAK  SYÝASY,  DURMUŞ - YKDYSADY ÖSÜŞIŇ ÇEŞMESIDIR

 

2008-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasynda kabul edilmegi diňe bir jemgyýetde bolup geçýän oňaýly özgerişleri berkitmeklige däl, eýsem olaryň has hem ýokarlanmagyna - täze demokratik jemgyýetçilik gurluşynyň berkararlanmagyna esas döretdi.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy ýurtda demokratik ýörelgelere esaslanýan döwrebap, netijeli we bäsleşige ukyply syýasy ulgamyň kemala gelmeginiň tarapdary bolup çykyş edýär. Ol demokratiýalaşmagyň ýurdumyzyň täzeleniş döwründe öňe sürlen uzakmöhletleýin wezipeleri amal etmekligiň usuly bolýanlygyna we bagtyýarlyga gönügen döwletiň kämilleşmegine we jemgyýetiň özgerişine, geljekki ajaýyp açyşlara, beýik işlere we uly üstünliklere esas boljakdygyna berk ynanýar.

Täze redaksiýada kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasy raýat jemgyýetiniň syýasy wezipeleriniň berkemegine tarap aýgytly ädim boldy. Demokratiýalaşmagyň täze döwri demokratik jemgyýetiň has çalt ösüşine gulluk eder. Bu bolsa jemgyýetiň we döwletiň bähbitleriniň sazlaşygynyň has ýokarlanmagyna getirer. Raýat jemgyýetiniň edaralarynyň işewürleşmegine, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna raýatlaryň işjeň gatnaşmagyna, adamlaryň raýatlyk medeniýetiniň kemala gelmegine we ösmegine täze esaslar döreder.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe jemgyýetçilik birleşmeleri we guramalary, kärdeşler arkalaşyklary, ähli raýatlar kanunçykaryjy çözgütleri kabul etmekligiň konseptual pikiri öňe sürmek we işläp düzmekde başlanýan tapgyrlaryň ählisine täsir etmeklige mümkinçilige eýe bolmaly. Türkmenistanyň Demokratik partiýasy şeýle täsirliligi demokratik ýörelgeleriň esasynda gazanmagyň tarapdary bolup çykyş edýär.

Demokratik partiýa özbaşdak köpçülikleýin jemgyýetçilik gurama bolan Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň zähmetkeşleriň ýaşaýyş-durmuş we zähmet şertlerini gowulandyrmaga, döwlete degişli pudaklara hem, hususy pudaklara hem iş berijileriň öňünde zähmetkeşleriň bähbitlerini durmuş taýdan goramaga, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga we olaryň hünär derejelerini kämilleşdirmäge gönükdirilen aladalaryny goldaýar.

Demokratik partiýa bazar ykdysadyýetine işewür girişilýän döwürde zähmet üpjünçiligi baradaky derwaýys meseleleri çözmekde, zähmet şertnamalaryň esasynda zähmet gatnaşyklaryny kämilleşdirmeklikde, sagdyn we tehniki taýdan howpsuz zähmet üçin amatly şertleri döretmekde hem-de şol şertleriň ýerine ýetirilmegine döwlet we jemgyýetçilik gözegçiligini ýokarlandyrmakda,  adamlaryň zähmet babatda başlangyçlaryny goldamakda, zähmete adalatly hak tölemekde, zähmetkeşleriň we olaryň maşgalalarynyň durmuş goraglylygyny, kadaly dynç alşyny guramakda Kärdeşler arkalaşyklary bilen agzybir hereket edýär.

Demokratik partiýa zenanlaryň ýurdumyzyň bitewiligini, abadançylygyny, asudalygyny pugtalandyrmakda, olaryň gülläp ösmegini gazanmakda, halka, Watana, Türkmenistanyň Prezidentine wepaly nesillerimizi kemala getirmekde, her bir maşgalanyň mukaddes ojagyny, agzybirligini, jebisligini gorap saklamakda edýän uly yhlasyna, bitirýän asylly işlerine, goşýan mynasyp goşandyna ýokary baha berýär. Türkmenistanyň Demokratik partiýasy  Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň zenanlaryň döwlet, zähmet we jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek, eneligi we çagalygy goramak ugrunda alyp barýan ajaýyp işlerini, aýdyň ýörelgelerini, päkize umyt-arzuwlaryny hemmetaraplaýyn goldaýar, onuň bilen ysnyşykly işleýär, oňa ýardam berýär.

Ýaşlar Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň geljegidir. Şu mynasybetli Demokratik partiýa ýaş nesliň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek, syýasy taýdan ösen, raýat garaýşy bolan, öz jogapkärçiligini duýýan ýaş raýatlary, täzeçe pikirlenýän, sagdyn durmuş keşbine eýe, zähmetsöýer we geljege uly ynamy bolan hakyky watançylary terbiýelemek, ýaşlaryň aňynda täze dünýägaraýşy emele getirmek barada uly aladalary eder.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy bilen sazlaşykly, arkalaşyp işlemegi, ýaşlary syýasy, durmuş-ykdysady, ruhy-medeni-ahlak meseleleri çözmek baradaky işlere giňden çekmäge ýardam bermegi, ösüşler we özgerişler syýasaty, beýik tutumly ýörelgeleri esasynda olaryň arasynda syýasy-düşündiriş, wagyz-nesihat işlerini ýaýbaňlandyrmagy, ýaşlary partiýa hataryna çekmegi, olara milletimiziň gadymy köklerinden gelýän demokratik gymmatlyklaryň häzirki döwrüň saýlawly demokratiýasynyň çuň many-mazmunyny açyp görkezmegi özüniň esasy wezipeleriniň biri hasaplaýar.

Demokratik partiýa ýurdumyzyň ýaşulylarynyň, weteranlarynyň, döredijilik we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de birleşikleriniň işini hemmetaraplaýyn goldaýar, olaryň durmuş tejribesini öwrenip, olar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär, haýyr-sahawat, medeni,    aň-bilim, bedenterbiýe-sport we beýleki meýletin jemgyýetler, guramalar hem-de birleşikler bilen hemmetaraplaýyn aragatnaşykly iş alyp barýar.

Şu işleriň netijeliliginiň ýokarlanmagy üçin Türkmenistanyň Demokratik partiýasy geljekde hem Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe has täsirli we täze şertlerde işlemeklige ukyply, ilatyň goldawyna daýanýan partiýa bolup çykyş eder.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy ösüş we innowasiýalar döwründe raýat jemgyýetiniň ähli edaralarynyň işewür ösmekliginiň tarapdary bolup çykyş edýär. Partiýa Milli Liderimiziň raýat jemgyýetini berkarar etmek ugrunda edýän tagallalaryny durmuşa geçirmeklige işewür gatnaşar.

Demokratik partiýa adam hukuklarynyň çäklendirilmegini, bozulmagyny, kemsidilmegini, mejbur etmeleri,  ahlak-syýasy yzarlamalary, syýasy, milli, dini we jynsy garşy durmalary, milletçiligi, jynsparazlygy, urşy we dawa-jenjeli wagyz etmegi aýgytly, berk ýazgarýar we düýpgöter ret edýär.

Türkmenistanyň halk häkimiýetiniň ýokary we ýerli wekilçilikli, döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji edaralary bolan Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň, häkimlikleriň, geňeşlikleriň işine ýakyndan kömek bermek, olaryň garamagyna hödürlenýän taslamalardyr nazarlanmalara, tekliplere syýasy baha we goldaw bermek, Türkmenistanyň Prezidentiniň  syýasatynyň, ýörelgesiniň, beýik tutumlarynyň amal edilmegine, il bähbitli kanunlaryň hem-de kararlaryň kabul edilmegine we durmuşa geçirilmegine ýardam bermek Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň maksadydyr, wezipesidir.

Demokratik partiýa döwlet dolandyryş edaralarynyň işini öňdebaryjy usullaryň giňden ornaşdyrmak arkaly, mundan beýläk hem işewür alnyp barylmagynyň tarapdary bolup çykyş edýär. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ähli derejelerinde maglumat üpjünçiliginiň we ýerli öz-özüni dolandyryşyň kämilleşdirilmegini gazanýar.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy saýlawly demokratiýanyň ösdürilmegini, saýlaw ulgamynyň mundan beýläk hem kämilleşdirilmegini goldaýar. Ol ýurtda açyk we bäsleşikli saýlawlaryň geçirilmeginiň, ses bermeklige we olaryň netijelerine mundan beýläk hem jemgyýetçilik gözegçiligini güýçlendirmegiň gerekdigini belleýär.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň özgerdiji güýjüne daýanyp, syýasy-düşündiriş, wagyz-nesihat  işleri, hereketleri bilen halkyň ynamyny gazanyp we öňde durýan wezipeleri durmuşa geçirmegi özüniň esasy borjy hasap edýär.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe öňe sürlen başlangyçlaryň giňden durmuşa ornaşmagyna, Türkmenistanyň demokratik taýdan pajarlap ösmegine ýardam etmek isleýän, Türkmenistanyň Prezidentiniň syýasatyny doly goldaýan her bir adam üçin Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň gapysy açykdyr we bu ugurda TDP her bir döwlet edarasy, jemgyýetçilik guramasy, birleşmesi, her bir adam we adam toparlary bilen bilelikde işleşmäge hemişe taýýardyr.