Şu gün paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, Jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamaklarynda Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň 13-nji jiltiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Türkmen topragynda ösýän ösümlikleriň her birinde derdiň dermany bar. Olaryň her biriniň dermanlyk häsiýetlerini, ýygnamagyň, taýýarlamagyň, ulanmagyň usullaryny jikme-jik öwrenmek we ylmy nukdaýnazar bilen berkidip, il-günümize ýetirmek irginsiz zähmeti talap edýär. Ylmy maglumatlara baý bolan kitaplar diňe bir milli lukmançylyk ylmynda däl, eýsem dünýä lukmançylygynda hem öz mynasyp ornuna eýedir. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitaby dünýä halklarynyň hem ençemesiniň diline terjime edildi we dünýä lukmançylyk ylymyny aýratynda derman senagaty pudagyny ösdürmekde uly orun eýeleýär. Sebäbi bu kitabyň her bir sahypasynda beýan edilýän ylmy maglumatlar Türkmenistanyň baý dermanlyk ösümlikleriniň adam saglygyny goramakda ony ulanmak üçin öňdebaryjy tejribelerden şeýle hem dünýäniň ösen lukmançylyk ylymynyň esaslaryndan ugur alynyp beýan edilendir.
Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň XIII jiltinde ýurdumyzda ösýän 120 sany derman ösümlikleri barada giňişleýin maglumat berilýär, her bir dermanlyk ösümlige umumy häsiýetnama, ösüş aýratynlyklary, ýaýraw derejesi, himiki düzümi, ulanylşy, derman taýýarlanylyşy barada maglumatlaryň berilmegi bu kitabyň gymmatyny has-da artdyrýar we her bir okyjyda uly gyzyklanma döredýär, adamlaryň dermanlyk ösümlikleriň peýdasy barada anyk maglumatlar bilen tanyş bolmaga, giň mümkinçilikler döreder diýip uly buýsanç bilen belläp geçdiler.
Çykyşlaryň dowamynda Hormatly Prezidentimiz uzak ömrüň, sagdyn ýaşaýşyň ilkinji nobatda daşky gurşawa baglydygyny, adam özüniň ýaşaýşy üçin zerur bolan ähli zatlary tebigatdan alýar diýip belleýär we şu kitabyň giriş bölüminde «Türkmen lukmançylygynyň milli mirasynyň köklerini goýup giden beýik şahsyýetleriň ömrüni, hünär döredijiligini, ylmy mirasymyzy öwrenmek biziň nesillerimiziň mukaddes borjudyr» diýip belleýändigi barada nygtap bellediler.
Dabaraly maslahatyň arasynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň şeýle ajaýyp eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Dabarada medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdymlary dabaranyň şowhunyny hasam artdyrdy.