KANUNÇYLYK

I. 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edilen, 2016-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Konstitusion kanuny bilen rejelenen görnüşde tassyklanan Türkmenistanyň Konstitusiýasyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý. № 3, 131-nji madda; 2017 ý., № 4, 130-njy madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň ilkinji guramalarynda hasabat-saýlaw ýygnaklaryna taýýarlyk görmek we olary ýokary derejede guramaçylykly geçirmek boýunça partiýa guramalarynyň ýolbaşçylary üçin mysaly

GOLLANMA

 

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Tertipnamasyna laýyklykda, 2020-nji ýylyň fewral — mart aýlary aralygynda ilkinji partiýa guramalarynda hasabat saýlaw ýygnaklary geçiriler.

I. UMUMY DÜZGÜNLER

Türkmenistan özüniň mukaddes Garaşsyzlygynyň ýyllary içinde uly ykdysady kuwwata we adam mümkinçiliklerine eýe bolan, jemgyýetiň durmuşynyň dürli ugurlarynda giň gerimli özgertmeleri üstünlikli amala aşyrýan, berk binýatly, bäsleşige ukyply döwlete öwrüldi. Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe süren giň möçberli özgertmeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegi döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşini täze, has belent derejelere galdyrdy.

Şu Kanun Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda raýatlaryň syýasy partiýalary döretmäge bolan hukugynyň durmuşa geçirilmegi we syýasy partiýalaryň döredilmeginiň, işiniň, üýtgedilip guralmagynyň we işiniň bes edilmeginiň aýratynlyklary bilen baglanyşykda ýüze çykýan jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär.