Komitetler

AJAP EÝÝAMYŇ AJAÝYP ŞÄHERI

Aşgabat diňe gözelligiň we söýginiň däl, bagtyýarlygyň hem merjen şäheridir. Çünki ak şäherimiz özünde bagtyýar halkymyzyň çäksiz söýgüsini we egsilmez buýsanjyny jemleýär. Bagtyýar türkmenistanlylar Arkadag Prezidentimiziň tagallasy bilen gün-günden gözelleşýän ak şäherine — bagt şäherine buýsanýarlar.

 Aziýanyň göwher gaşyna deňelýän ak şäherimiziň özgerýän keşbi ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynyň üstünlige beslen ýändiginden habar berýär. Milli Liderimiz tarapyndan öňe sürlen gurluşyk senagatyny ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi bu möhüm ulgamyň okgunly ýokary göterilmegini, ýaşaýyş jaýlarynyň, durmuş we medeni ulgamynyň, senagat düzümleriniň, täze önümçilikleriň desgalarynyň gurluşyklarynyň artdyrylmagyny şertlendirdi. Şu ýylyň 19-njy martynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek, gurluşyk ulgamynyň we gurluşyk senagaty önümçi liginiň işini yzygiderli kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere garalyp, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky işleriň ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatda «Türkmenistany 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, senagat we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyny bellenilen möhletlerde tamamlamak we olarda ýokary hil derejesini üpjün etmek bilen baglanyşykly öňde duran wezipeler aýdyňlaşdyrylyp, häzirki döwürde ýurdumyzda dürli maksatly binalaryň gurulýandygyna üns çekildi. Şeýle hem 2020 — 2023-nji ýyllarda senagat we önümçilik desgalaryny gurmak hakyndaky döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 20-nji fewralynda gol çeken Kararynyň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen giň möçberli işler barada hem aýdyldy. Maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň belleniljek ýylynda ulanylmaga tabşyrylmagy göz öňünde tutulan ähli desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletleriniň anyk berjaý edilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi.

Ýeri gelende ýatlap geçsek, Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 2-nji martynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren nobatdaky iş maslahatynda ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli gurup, ulanmaga bermek göz öňünde tutulýan önümçilik hem-de medeni durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Şonda şanly senä gabatlanyp ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dürli maksatly binalaryň ulanylmaga tabşyrylmagynyň meýilleşdirilýändigi habar berildi. Eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň bütin dünýä ýaň saljak şanly 25 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalaryň hatarynda, hususan-da, paýtagtymyzda mekdepleriň, çagalar baglarynyň, saglyk merkezleriniň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň bardygyny bellemek, gör, nähili guwandyryjy!

Şu ýylyň 11-nji maýynda milli Liderimiz paýtagtymyza iş saparyny amala aşyranda hem Aşgabady durmuş ykdysady taýdan ösdürmek, şäher düzümlerini kämilleşdirmek, paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri bilen baglanyşykly meseleler bilen tanyşdy. Mahlasy, hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz boýunça guraýan her bir iş saparynda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň gidişi bilen içgin tanyşýar, onuň her bir tapgyrlary bilen gyzyklanýar. Ýurdumyzyň taslamaçylary, bina gärleri, gurluşykçylary Gahryman Arkadagymyzyň desgalaryň ähmiýeti, olaryň ygtybarlylygy, howpsuzlygy hem-de bezeg aýratynlyklary bilen baglanyşykly görkezmelerini, tekliplerini baş ýörelge edinýärler.

Gün günden köpelýän gözel binalarda ýaşamaga, okamaga, zähmet çekmäge döredilýän amatlyklaryň aňyrsynda milli Liderimiziň yhlasly zähmetiniň bardygy, halk hakyndaky alada synyň durandygy baradaky ýürek buýsandyryjy sözler öz beýanyny tapdy. Gözel paýtagtymyzyň arassalygyny hem owadanlygyny gorap saklamakda ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň işjeňleriniň işjeň gatnaşmalydyklary baradaky jümleler çagyryş bolup ýaňlandy. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary, etrap häkimlikleri, işjeň partiýa agzalarymyz bilen bilelikde bu ugurda öňde duran wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, iş meýilnamasyny düzüp, hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipesini üstünlikli durmuşa geçirmekde ukyp başarnygymyzy, gujur-gaýratymyzy gaýgyrman zähmet çekeris.

Soltanmyrat ÝAZMYRADOW,

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy.