Komitetler

«AK KERWEN» ÜSTÜNLIKLERIŇ BADALGASY

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary, parasatly başlangyçlary netijesinde ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen birlikde obasenagat toplumynda hem giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Bereketli toprakdan bol hasyl almak ugrunda yhlasly zähmet çekýän erjel daýhanlarymyz üçin hemme şert-mümkinçilikler döredilýär. Obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, ony tehnika we tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrmaga, pudagyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen özgertmeler amala aşyrylýar. Şeýle tagallalar ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny berkitmäge, ýokary hilli önümleri öndürmäge gönükdirilen gaýtadan işleýän ulgamy ösdürmekde ähmiýetlidir.

Bu gün eziz Diýarymyzyň edermen daýhanlary Watanymyzyň şöhratly ösüşlerine buýsanýarlar hem-de özlerine döwlet tarapyndan berilýän ýeňilliklerden netijeli peýdalanyp, ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşmak ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Çünki döredijilikli işlemek we bolelin durmuşyň hözirini görüp ýaşamak üçin ähli şertleriň döredilýän bagtly zamanamyzda halkymyzyň durmuş şertleri hil taýdan täze derejä çykýar.

Mälim bolşy ýaly, ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimiziň şa gadamy biziň Ak bugdaý etrabymyza düşdi. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň edermen babadaýhanlarymyza döwrebap «John Deere» kysymly kombaýnlaryny sowgat etmegi bizi ýeneki üstünliklere ruhlandyrdy. Çünki munuň özi milli Liderimiziň daýhan zähmetine goýýan belent sarpasynyň nyşanydyr.

Şeýle asylly başlangyçlardan ugur alnyp, Ak bugdaý etrabynyň «Üzümli toprak» daýhan hojalygynyň ekin meýdanynda Ahal welaýaty boýunça 2020-nji ýylyň pagta ýygymy möwsüminiň başlanmagy mynasybetli «Ak kerwen» dabarasy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.

Dabaranyň geçirilen ýerinde pagtanyň we pagta önümleriniň, çörek we çörek önümleriniň, piläniň, suw hojalygyna degişli sergileriň, oba hojalyk ekinlerinde ulanylýan dökünleriň we dermanlaryň, tohumlaryň dürli görnüşleriniň, sergileriniň guralmagy dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. «Ak kerwen» dabarasyna welaýatymyzyň bagtyýar raýatlary, ýaşuly nesliň wekilleri, ýygymçy gyzlar uly höwes bilen gatnaşdylar. Dabarada medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren hoş owazly aýdym-sazlary oňa gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň işgärleri hem öz gezeginde pagta ýygymy möwsüminde meýdanlarda zähmet çekýän daýhanlaryň, mehanizatorlaryň, ýygymçylaryň armasyny ýetirip durýarlar. Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň saýasynda täze badalga berlen pagta ýygym möwsüminiň üstünlige beslenip, daýhan yhlasynyň ýerine gowuşmagyny arzuw edýäris.

Röwşen GULOW,

TDP-niň Ak bugdaý etrap komitetiniň başlygy.