Komitetler

ARKADAG TAGLYMATY

Bitaraplyk syýasaty dünýä ýalkym saçyp dur,

Arkadagyň taglymaty biziň baş ýörelgämiz.

Bagtyýarlyk zamanasy kalbymyza çaýyp nur,

Arkadagyň taglymaty biziň baş ýörelgämiz.

 

Öňe sary urýas gadam, belent tutup başymyz,

Topragymda bereket bar, boldur nan-u-aşymyz,

Dost bolýar, dogan bolýar, bu gün ýakyn-daşymyz,

Arkadagyň taglymaty biziň baş ýörelgämiz.

 

Ýaýdandyrmaz kynçylyklar, çünki dagdan arkam bar,

Päk ýürekden zähmet çekseň, sylagyň bar, sarpaň bar,

Bagtyýardyr şu günümiz, has ajaýyp ertäm bar,

Arkadagyň taglymaty biziň baş ýörelgämiz.

 

Jan Watanym TürkmenistanBitaraplygyň mekany,

Agzybirdir, abadandyr parahatlygyň mekany,

Gerek bolsa, Watan üçin aýamarys şirin jany,

Arkadagyň taglymaty biziň baş ýörelgämiz.

 

Her jümlesi bagta perman, her bir sözi keremdir,

Baky Bitarap Diýarym göýä bagy Eremdir,

Bu bagtyýar zamanany Arkadagym berendir,

Arkadagyň taglymaty biziň baş ýörelgämiz.

 

Kümüş MÄTNÝAZOWA,

TDP-niň Ahal welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy.