Komitetler

ARKADAGA ALKYŞ AÝDÝARYS

— Ýaňy-ýakynda berkararlygymyzyň hem bagtyýarlygymyzyň gözbaşy bolan beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 29 ýyllyk baýramy hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda giňden bellenilip geçildi. Baş baýramymyzyň uludan toýlanylýan günlerinde bähbitli wajyp meselelere garalyp, berkarar döwletimizi täze belentliklere ýetirjek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny mundan beýläk-de ýokary göterjek möhüm çözgütleriň kabul edilmegi ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň guwanjyny goşalandyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň bu umumymilli forumda eden çuň many-mazmunly çykyşynda hem parasatlylyk bilen nygtaýşy ýaly, ata Watanymyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň, tutumly işleriň halkyň asuda, abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy, jemgyýetiň azat erkin, sagdyn ösüşi bilen bagly derwaýys talaplardan ugur alýandygy berkarar döwletimizde halkyň bähbidinden ileri zadyň ýokdugynyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatlylyk bilen belleýşi ýaly: «Berkarar Watanymyza çäksiz söýgi, mähriban halkymyza mahsus bolan ýokary watançylyk duýgusy we raýatlarymyzyň ak ýürekli, yhlasly zähmeti biziň gazanan ajaýyp üstünliklerimiziň ählisiniň berk binýady bolup durýar». Bagtyýarlyk zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gazanylýan üstünlikler, eýelenýän belent sepgitler merdana halkymyzyň syýasy-ykdysady we medeni-ruhy taýdan kämil ösüşleri gazanýandygyna güwä geçip, kalbymyzy joşa getirýär. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek, raýatlarymyzyň ýaşaýyş derejesini gowulandyrmak bilen bagly wezipeleri üstünlikli çözmek boýunça ýokary netijeleriň gazanylýandygyna şaýatlyk edýär. Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 29 ýyllyk baýramynyň toýlanýan günlerinde hormatly Prezidentimiziň Permany bilen «Gaýrat» medaly bilen sylaglanmagym başymy Göge ýetirdi. Çeken zähmetime goýan belent sarpasy üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýaryn. Men geljekde hem Gahryman Arkadagymyzyň bütin dünýä nusgalyk adyl, parasatly we öňdengörüjilikli beýik başlangyçlaryny wagyz-nesihat etmekde, milli maksatnamalaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmekde, olaryň ýerine ýetirilmegine ýardam bermekde gujur-gaýratymy, ukyp-başarnygymy gaýgyrman zähmet çekerin. Goý, bagtyýarlyk zamanamyzda berkarar Watanymyzy gülledip ösdürýän hormatly Prezidentimiziň ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Meretguly ALLAKOW,

TDP-niň Saýat etrap komitetiniň bölüm müdiri,

«Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medalyň eýesi: — Halkymyzyň alnyndan bagt Kuýaşy bolup dogan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramy türkmen toýlaryna mahsus ruhda — şatlyk-şowhuna beslenen dabaralar bilen ýokary ruhubelentlikde bellenilip geçildi. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen ýurdumyzyň ähli pudaklarynyň öňdebaryjy işgärleriniň, yhlasly zähmet çekip, üstünlik gazanan hünärmenleriň onlarçasyna hormatly atlaryň dakylmagy hem-de ýokary döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy baş baýramymyzyň şatlygyna şatlyk goşup, ähli halkymyzyň göwün guşuna ganat baglady. Hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp bolmak bagtynyň miýesser etmegi meniňem başymy Göge ýetirdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynda kabul edilip, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga ýardam etjek, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini dünýä derejesine çykarmaga, jemgyýetimizde demokratik ýörelgeleri dabaralandyryp, halk häkimi ýetliligini pugtalandyrmaga itergi berjek çözgütler jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň, şol sanda TDP-niň agzalarynyň öňünde-de möhüm wezipeleri kesgitledi. Biz, öz gezegimizde, ýurdumyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň, gazanylýan üstünlikleriň ähmiýetini giň halk köpçüligine wagyz etmek boýunça maksatnamalaýyn işleri mundan beýläk hem ýokary derejede dowam etdireris. Aýratyn-da, taryhy ähmiýetli Halk Maslahatynda kabul edilen «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň many-mazmunyny raýatlarymyza düşündirmekde hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryna taýýarlyk görmek bilen bagly guramaçylyk işlerini alyp barmaga ýardam etmek ugrunda ähli yhlasymyzy we başarnygymyzy gaýgyrmarys.

Bagtyýar zamanamyzda halkymyzyň eşretli durmuşynyň sakasynda durup, Berkarar döwletimizi ýeňişli menzillere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli başlangyçlary rowaç bolsun!