Komitetler

ARKADAGLY EZIZ WATAN GALKYNÝAR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy ösdürmekde gazanylýan ajaýyp üstünlikler Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiz bagtyýar jemgyýeti gurmak we ýurdumyzy ösen döwletleriň hataryna goşmak ugrunda uly işleri amala aşyrýar.

Döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň, halkara abraýynyň gün günden artýandygy, il günümiziň agzybir, asuda, jebisdigi, gözel paýtagtymyzyň, obalarymyzyň, şäherlerimiziň ýyl ýyldan ajaýyp görnüşe eýe bolýandygy, raýatlarymyzyň ýaşaýyş durmuş şertleriniň barha gowulanyp barýan dygy her birimiziň ata Watanymyza, Arkadag Prezidentimize bagtyýar şu günlerimize, ýagty ertirlerimize bolan guwanjymyzy, buýsanjymyzy, goşalandyrýar. Milli Liderimiz ýurdumyzyň welaýatlarynda iş saparlarynda bolup, raýatlar bilen duşuşýar we olaryň hal ýagdaýy bilen içgin gyzyklanýar, Watanymyzyň her bir sebitinde, her bir etrabynda, şäherinde we oba synda ýaşaýan raýatlar üçin ýo kary durmuş şertlerini döredýär. Ýerlerde täze iş orunlary açylýar, aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, talyp haklary, döwlet kömek pullary yzygiderli köpeldilýär we ilata durmuş ýeňillikleri berilýär. Şonuň ýaly-da, Diýarymyzda ähli amatlyklary bolan has oňaýly ýaşaýyş jaýlary, şypahanalar, saglyk merkezleri, medeni durmuş maksatly desgalar toplumlaýyn gurlup, ulanylmaga berilýär. Biziň Akdepe etrabymyzda hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki milli Maksatnamasynyň» çäklerinde birnäçe durmuş maksatly binalar guruldy. Etrabymyzda mekdepler, saglyk öýleridir merkezleri, mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralary, döwrebap sport toplumlary gurlup, ulanylmaga berildi. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döw letimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy ykdysady, syýasy, medeni taýdan ösdürmegiň uzak möhletleýin meýilnamalarynyň çäklerinde alnyp barylýan işler her birimizi begendirýär.

Hormatly Prezidentimiziň kabul eden milli Maksatnamalary ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmakda, obalaryň, etrap merkezleriniň ösüşini tizleşdirmekde, täze iş orunlaryny döretmekde, ilata edilýän hyzmatlaryň möçberini we hilini ýokary götermekde, medeniýet, saglyk we bilim ulgamlaryny döwrebap ösdürmekde uly ähmiýete eýedir.

Halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen beýik işleri wagyz-nesihat etmekde jemgyýetçilik guramalarynyň öňünde möhüm wezipeler durýar. Şonuň bilen baglanyşykly, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň wekilleri we agzalary ýerlerde netijeli işleri alyp barýarlar. Döwletimiziň pajarlap ösmegine, halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen il-ýurt bähbitli işleri, hormatly Prezidentimiziň sagdyn jemgyýeti kemala getirmek ugrundaky asylly başlangyçlaryny ilat arasynda düşündirmekde hem-de wagyz nesihat etmekde TDP-niň Akdepe etrap komitetiniň we onuň ilkinji guramalarynyň işgärleri hem köpugurly işleri alyp barýarlar. Zähmet toparlarynda sagdyn durmuş ýörelgelerini yzygiderli wagyz etmek arkaly ýerine ýetirilýän işler oňyn netijesini-de berýär. Şol wagyz-nesihat çärelerine jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bir hatarda, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň, şeýle-de, il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagy, olaryň täsirliligini artdyrýar.

Şu ýylyň geçen döwründe TDP-niň etrap komiteti we onuň ilkinji guramalary hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň raýatlarynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilen ýörelgelerinden ugur alyp, ýörite iş meýilnamalaryň çäklerinde wagyz nesihat çärelerini has da ýaýbaňlandyrdylar. Partiýa agzalarymyz asylly başlangyçlara eýerip, köpçülikleýin çärelerde işjeňlik görkezýärler. Geljekde hem TDP-niň etrap komitetiniň işjeň agzalary bilen bilelikde milli Liderimiziň öňde goýýan wezipelerini ýerine ýetirmek üçin yhlasymyzy gaýgyrman işläris. «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelge esasynda ýurdumyzda düýpli özgertmeleri durmuşa geçirýän hem-de dünýä derejesinde umumadamzat bähbitli tutumly işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Kuwat MÄMMEDOW,

TDP-niň Akdepe etrap komitetiniň bölüm müdiri.

“Parahatlyk ýürek baýdagy, Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atly bäsleşige.