Komitetler

ARKADAGYŇ SAÝASYNDA BAGTYÝARDYR ILIMIZ

«Bagtyýar ile toýlar goşa-goşadan gelýär» diýlişi ýaly, arassa asmanyň astynda, parahat, asuda Zeminiň üstünde, mähriban Arkadagymyzyň saýasynda beýik ösüşler bilen öňe barýan eziz Watanymyzyň bagtyýar gujagynda bellenilýän toýlarymyz toýa ulaşýar.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni baýramçylygynyň bir günde bilelikde bellenilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly işleriniň netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen medeniýetine, sungatyna uly üns berilýär. Söz sungatymyzyň sarpasy da belent tutulýar.

Hawa, türkmen halkynyň baý edebiýaty, mirasy bar. Edebiýatymyzy Magtymguly Pyragysyz göz öňüne getirmek mümkin däl.

Milli Liderimiz Türkmenistany ösýän, özgerýän, batly gadamlar bilen öňe barýan ýurt hökmünde dünýä tanatdy. Halkymy zyň agzybirligi, milli Liderimiziň töweregine mäkäm jebisleşmegi görlüp eşidilmedik üstünliklere ýetirdi. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň we medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen geçiren duşuşygynda ýaşlary milli ýol-ýörelgelerimiz esasynda terbiýelemek, Watan mukaddesligini, maşgala gymmatlygyny düşündirmek, wagyz etmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýat komiteti bu ugurda ýaşlarymyzyň arasynda yzygiderli wagyz-nesihat işlerini geçirip durýar. Ýakynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň Balkan welaýat, Balkanabat şäher komitetleriniň, welaýat Kärdeşler arkalaşyklary birleşiginiň, welaýat Medeniýet müdirliginiň bilelikde gurama gynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Arkadagly Diýarda joşa gelýär kalbymyz» ady bilen aýdym-sazly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşigiň maksady hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygyny dabaralandyrmakdan, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan hemişelik Bitaraplyk syýasatyny hem-de Watanymyzyň ösüşlerini wasp etmekden ugur alyp, döredijilik bilen meşgullanýan ýazyjy şahyrlaryň zehinini, ukyp-başarnyklaryny ösdürmekden ybarat boldy. Bäsleşik üç şertden ybarat bolup, şahyrlar hemişelik Bitaraplygymyz hakynda öz düzen goşgularyny ýatdan aýtmakda, Magtymguly Pyragynyň islendik goşgusynyň many-mazmunyny, ähmiýetini çeper düşündirmekde, hormatly Prezidentimiziň her etrap, şäher boýunça alyp barýan ösüşlerini çeper wasp etmekde we mähriban Arkadagymyza alkyşnama aýtmakda bäsleşdiler. Netijede birinji orna Bereket şäheriniň 15-nji orta mekdebiniň mugallymy Jänegül Gurbanowa, ikinji orna Esenguly şäheriniň 2-nji orta mekdebiniň mugallymy Arazdurdy Arazdurdyýew, 3-nji orna Balkan welaýat iç keseller hassahanasynyň hünärmeni Humaý Kelowa dagy mynasyp boldy. Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa gatnaşanlara Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň, welaýat Kärdeşler arkalaşyklary birleşiginiň Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.

Şeýle bagtyýar, eşretli döw ri halkyna bagyş edýän, milli medeniýetimize, sungatymyza aýratyn sarpa goýýan, Gahryman Arkadagymyza näçe alkyş aýtsak-da azdyr. Goý, halkymyzyň ýürekden çykýan alkyşlary eziz Arkadagymyzyň ömrüne ömür goşsun!

Bibiaýşa SAPAROWA,

TDP-niň Balkan welaýat komitetiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýynça ýerine ýetiriji.