Komitetler

BAÝRAMÇYLYK DABARASY

Ýakynda TDP-niň Aşgabat şäher Bagtyýarlyk etrap komiteti TMÝG-niň Bagtyýarlyk etrap geňeşi we 2-nji saglyk öýi bilen bilelikde paýtagtymyzyň 140-njy orta mekdebinde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna bagyşlanan aýdym sazly baýramçylyk dabarasyny geçirdi. Dabara hormatly uruş weteranlarynyň birnäçesi gatnaşdy. Ýerine ýetirilen uruş döwrüniň ýatdan çykmajak aýdymlary ýygnananlarda uly täsir galdyrdy.

Dabaranyň dowamynda uruş weteranlaryna TDP-niň etrap komiteti tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.

Didar MEREDOW,

TDP-niň Aşgabat şäher Bagtyýarlyk etrap komitetiniň bölüm müdiri.