Komitetler

BAÝRAMÇYLYK RUHUNDA GEÇDI

Biz Balkan welaýatynyň ýaşaýjylarynyň uly topary bolup, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işine işjeň gatnaşdyk. Onda hormatly Prezidentimiziň çuň manyly çykyşyny uly höwes bilen diňledik.

Taryhy mejlisde ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokary götermäge ýardam etjek, halkymyzyň abraý-mertebesini dünýä ýaýjak il-ýurt bähbitli çözgütler kabul edildi.

Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde göni wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň täze iki palataly kanun çykaryjy edarasyny — Türkmenistanyň Milli Geňeşini döretmek meselelerine garaldy. Hormatly Prezidentimiziň maksatnamalaýyn çykyşynda ýurdumyzda garaşsyzlyk ýyllary içinde sazlaşykly, depginli ösýän ykdysadyýeti bolan häzirki zaman döwletiň gurluşy, adalatly raýat jemgyýetini berkitmek, amatly durmuş şertlerini döretmek boýunça ägirt uly işleriň ýerine ýetirilendigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Watanymyzyň Garaşsyzlygyny we hemişelik Bitaraplygyny, durmuş ykdysady we medeni ösüşini berkitmegiň esasy ugurlaryny kesgitläp, döwlet gurluşyny we hukuk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, jemgyýeti demokratiýalaşdyrmak, parahatçylygyň we ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýan Watanymyzy rowaçlygyň täze belentliklerine çykarmak boýunça anyk wezipeleri kesgitledi.

Biragyzdan goldanylan «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanunyň kabul edilmegi mejlisiň esasy jemine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Konstitusion özgertmeler jemgyýetimiziň durmuşynda demokratik ýörelgeleri berkitmekde, Garaşsyz ýurdumyzyň geljekki ösüşiniň hukuk esaslaryny pugtalandyrmakda we döwlet häkimiýet edaralaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmakda aýratyn ähmiýetlidir. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlaryny bellemek bilen baglanyşykly guramaçylyk işlerini geçirmek hakyndaky Karara hem gol çekdi. Şeýle-de, milli Liderimiz Halk Maslahatynyň «Türkmenistany 2021-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny makullamak hakynda» Kararyna gol çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalarynyň hatarynda Mejlisde Gahryman Arkadagymyz saglygy goraýyş meselelerine degip geçmek bilen, ýurdumyzyň lukmanlarynyň halkyň saglygyny goramak boýunça ägirt uly işleri bitirýändiklerini, keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek maksady bilen yhlasly zähmet çekýändiklerini belledi. Döwlet Baştutanymyz «Saglygy goraýyş işgärleriniň durmuş taýdan goraglylygyny pugtalandyrmak hakynda» Karara hem gol çekdi. Biz şeýle eşretli döwri halkymyza peşgeş beren, il günümizi baky bagtyýarlyga ýetiren döwlet Baştutanymyza alkyşlar aýdýarys.

Satlyktagan MAŞOW,

TDP-niň Gumdag şäher komitetiniň başlygy.