Komitetler

BAGT BAGYNYŇ MIWESI

Ýurdumyz saýlap alan döredijilik, ynsanperwerlik we giň möçberli özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ägirt uly özgertmeleriň ýaýbaňlandyrylýan ýeri bolan gadymy türkmen topragy gözümiziň alnynda täze keşbe girýär. Ata Watanymyzda türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň ähli ulgamlaryny öz içine alýan maksatnamalaýyn özgertmeler barha giň gerime eýe bolýar. Taryh üçin gysga döwrüň içinde hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda asyrlara barabar işler bitirildi.

Ýurt Baştutanymyzyň halkymyzyň milli gymmatlyklaryny göz öňünde tutup, döwletiň hukuk binýadyny pugtalandyrmagy, ýurdumyzy syýasy, ykdysady, ylym, bilim, medeniýet taýdan ösen döwletleriň hataryna goşmakda alyp barýan tutumly işleri belent maksatly özgertmeleri her birimiziň geljege bolan ynamymyzy artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen giň maksatnamalaýyn şygary astynda ajaýyp durmuşyň eşretini görýän halkymyz häzirki döwürde taryhy pursatlary başdan geçirýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýetilen sepgitler, beýik özgertmeler türkmen halkyny täzeden täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň baş bolmagynda halk hojalygynyň ähli ugurlarynda ýetilen belent sepgitler her birimize aýandyr. Türkmenistan döwletimiziň dürli künjeginde giň gerim bilen gurlup, ulanylmaga berilýän döwrebap binalar, ýaşaýyş jaýlary, mekdeplerdir çagalar baglary, lukmançylyk merkezleri ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlandyrylmagyna ýardam edýär. Lebap welaýaty barha ösýär, özgerýär. Yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýän binadyr desgalaryň sany barha artýar. Muňa mysal edip welaýat köpugurly hassahanasyny hem-de ýokanç keseller hassahanasyny we beýleki binadyr desgalary görkezmek Mundan başga-da, Çärjew, Saýat, Halaç, Kerki etraplarynda şu ýyl täze şäherçeleriň düýbi tutuldy. Ol şäherçelerde dünýä ülňülerine laýyk gelýän, raýatlar üçin ähli şertleri bolan ýaşaýyş jaýlary, ak bazarlary, hyzmatlar öýleri, mekdeplerdir çagalar baglary gurlar.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019—2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» beýan edilen wezipeler barada oýlananyňda, öňde türkmeni dünýä tanatjak ajaýyp işleriň bardygyna göz ýetirýärsiň. Olaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna mynasyp goşant goşmak hyjuwy kalbyňy gaplap alýar. Şol ynam, umyt, hyjuw bilen ruhlanyp, mukaddes Garaşsyzlygymyza söýgiň has-da artýar. Kalbyňda täzeden täze arzuwlar peýda bolýar. Olaryň bolsa seni öňde durýan belent wezipelere, beýik maksatlara ýetirjekdigine şübhe ýok. Çünki şanly Garaşsyzlygymyzyň saýasynda Gahryman Arkadagymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen agzybir halkymyz bar.

Izatylla ABDULLAÝEW,

TDP-niň Çärjew etrap komitetiniň başlygy.