Komitetler

BAGTYÝARLYGYŇ WE DOST-DOGANLYGYŇ ÝURDY

Ýokary depginli ösüşlere beslenýän 2020-nji ýylyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde maslahatlar, aýdym-sazly dabaralar giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Türkmen halky Gahryman Arkadagymyzyň daşyna jebis bolup, ösüşiň täze belentliklerine tarap barýar.

Milli Liderimiziň öňe sürýän umumadamzat bähbitli başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly goldawa eýe bolmagy beýik işleriň özenini düzýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak, halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň gerimini giňeltmek, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary alyp barmakdan ybaratdyr. Ýurdumyz dünýä döwletleriniň ençemesi bilen ykdysady, medeni, gumanitar we ylym, bilim babatynda hyzmatdaşlygy giň gerimde ýola goýýar.

Türkmenistanyň depginli ösüşleri bilen bir hatarda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi hem barha ýokarlanýar we gözelleşýär, abadanlaşýar. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde giň gerimde gurluşyk işleri alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda özümizde öndürilýän önümleriň mukdaryny köpeltmek we daşary döwletlerden getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleri öndürmek, olaryň hilini ýokarlandyrmak hususyýetçilerimiziň esasy maksady bolup durýar. Diýarymyzda alnyp barylýan gurluşyk işlerinde özümizde öndürilýän gurluşyk materiallarynyň ulanylýandygyny görüp begenýärsiň. Döwletimizde halkyň gündelik sarp edýän harytlary bilen birlikde gurluşyk harytlarynyň öndürilmegi-de diýseň guwandyryjydyr.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz-tagallalary netijesinde gurlup, ulanylmaga berilýän durmuş medeni maksatly binalarda, iri kärhanalarda, zawodlarda kiçi hem-de orta telekeçileriň kärhanalarynda ýüzlerçe iş orunlary döredilip, halkymyzyň abadançylygy pugtalandyrylýar. Häzirki wagtda Gökdepe etrabynda hem iki döwrebap obanyň, welaýat ýokanç keselleri hassahanasynyň we başga-da birnäçe kiçi kärhanalaryň düýbi tutulyp, gurluşygy güýçli depginlerde alnyp barylýar. Şeýle hem Ahal welaýatynyň edara ediş merkeziniň gurluşygy, ýagny durmuş medeni maksatly binalaryň gurluşyklary türkmen telekeçileri tarapyndan agzybirlikde ýokary hil derejesinde dowam etdirilýär.

Şu ýerde aýratyn bellemeli zat, döwlet Baştutanymyz iri we örän jogapkärli taslamalary hususy kärhanalara ynanýar. Şol taslamalaryň hatarynda ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň, Kerki şäherindäki häzirki zaman howa menziliniň gurluşyklary bar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda desgalaryň birnäçesini, Aşgabatda we welaýatlarda ýokary derejeli söwda merkezlerini, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda ýaşaýyş jaý we sport toplumlaryny, täze obalary, döwrebap düzümleri bolan senagat, ulag we durmuş maksatly köp sanly beýleki iri desgalary bina etdiler. «Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini gurmak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygy üçin 1,5 milliarda golaý amerikan dollaryny bölüp bermek barada Karara gol çekmegi welaýatymyzyň halkyny begendiren we şatlygyny goşalandyran taryhy waka boldy. Bu habary eşiden Ahal iliniň tüýs ýürekden çykýan alkyşy derýa kimin joşdy.

Ahal welaýatynyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda häzirki wagtda giň gerimli işler alnyp barylýar. Gurluşyk meýdanynda durmuş medeni maksatly binalar bilen bir hatarda ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy hem alnyp barylýar. Yhlasly zähmet çekýän türkmen gurluşykçylary ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda milli binagärligiň täzeçillik talaplaryna laýyklykda sazlaşykly alnyp barylmagyny üpjün edýärler. Ylaýta da, gurluşygy türkmen gurluşykçylarymyzyň alyp barmagy halkymyzy juda begendirýär.

Buýsançly başy Göge ýeten ilimiz ýurdumyzyň raýatlarynyň abadançylygyna, ata Watanymy zyň gülläp ösmegine gönükdirilen syýasaty alyp barýan mähriban Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýdýarlar. Belent mertebeli döwlet Baştutanymyzyň jany sag, ömri uzak, beýik işleri hemişe rowaç bolsun!

Nurjahan HOJAÝEWA,

TDP-niň Gökdepe etrap komitetiniň başlygy.

“Parahatlyk ýürek baýdagy, Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atly bäsleşige.