Komitetler

BAGTYŇ AÇARY

Ynsany bezeýän we terbiýeleýän zatlaryň biri-de zähmetidir. Öz zähmeti bilen uly abraýa, bagta ýeten ynsanyň il arasyndaky hormat-sarpasy-da belentdir. Halkymyzda «Halal zähmet adamy terbiýeleýär», «Zähmet soňy — rehnet», «Işleseň, il tanar» diýilmegi hem zähmetiň adamyň durmuşyny at-abraýa besläp, berekede eltýändigini tekrarlaýar. Hormatly Prezidentimiz halk hojalygynyň dürli ugurlarynda halal we päk zähmet çekip, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýan raýatlaryň asylly zähmetine mynasyp baha berýär, olary döwlet sylaglary — ordendir medallar bilen sylaglaýar, olara hormatly atlary dakýar.

Ynsan zähmete ýaşlykdan werziş bolmaly. Ol mekdep döwründen bilimleri çuňňur özleşdirip, hünär öwrenmeli, öz güýjüniň ýetýän işi bilen meşgullanyp, zähmete uýgunlaşmaly hem-de taplanmaly. «Men geljekde nähili adam bolup ýetişmeli?! Kim bolup ýetişmeli?! Haýsy hünäri başararyn?!» diýen ýaly sowallara ol mekdep döwründen jogap gözlemeli. Eger mekdepde öwredilýän bilimleri, hünärleri yzygiderli özleşdiren bolsa, oňa hünär saýlamak kyn düşmez. «Ýigide müň dürli hünär hem azdyr» diýlişi ýaly, durmuşda peýdasy degäýjek hünärleri öwrenmeli. Oglanlar elektrik enjamlaryny bejermek, gurluşyk, zergärçilik ýaly hünärleri öwrenseler, oba hojalyk we ussaçylyk işlerinden baş çykarsalar, gyzlar tikin işleri, haly, tara dokamak, saçak bezemek ýaly hünärleri mekdep ýyllaryndan özleşdirseler, geljekde bu hünärleriň durmuşda peýdasy uly bolar. «Hünärli ýigit hor bolmaz» diýlişi ýaly, ynsan nirede bolsa-da, hünär ony goldar, hor etmez.

Mekdebi tamamlan ýaşlar durmuşda özüniň ornuny tapmalydyr. Ornuňy tapmak diýmek, öz başarnygyňa, zehiniňe, ukybyňa laýyk kär saýlamagy başarmagy aňladýar. Ýaşlaryň uly topary mekdebi tamamlansoň, ýokary we ýörite hünär okuw mekdeplerinde okuwlaryny dowam etdirmegi maksat edinýär. Munuň üçin ýurdumyzda ähli şertler bar, hemme mümkinçilikler döredilen. Ýöne ynsanda synanyşjak şol hünäre ukybynyň, söýgüsiniň bolmagy hökmandyr. Mysal üçin, lukmançylyk ugrundan ýokary bilim almakçy bolsaň, ilki bilen, özüňde lukmançylyk hünärine söýgi, höwes bolmaly, ukyp-başarnyk endiklerini terbiýelemeli. Şol hünäri ylmy nukdaýnazardan öwrenmegi, soňra ony ösdürmegi maksat edinmeli.

Bilimli nesle, ýaşlara ýokary amatlykly şertlerde halal zähmet çekmäge giň ýol açyldy. Ýurdumyzda gurlup, ulanylmaga berilýän kuwwatly önümçilik kärhanalarynda ýaşlaryň müňlerçesi üçin iş orunlary yzygiderli döreýär, ýaş hünärmenler öz hünärleri boýunça döwrebap şertlerde işlemäge mümkinçilik alýarlar. Täze taryhy döwrümizde hususyýetçilige, telekeçilige hem giň ýol açyldy. Ýurdumyzda orta we kiçi telekeçilige aýratyn ähmiýet berilmegi bilen, onuň bilen meşgullanmagy ýüregine düwen adamlar öz başarnygyna görä, özbaşdak önümçilik işini hem ýola goýup bilýär. Elbetde, bu asylly işi döwrebap derejede alyp barmak üçin häzirki zaman bilimleri ele almaly, hünär öwrenmeli we hemişe döredijilikli gözlegde bolmaly. Munuň özi maksadyňa ýetmegiň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň döredýän giň şertleridir mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, bilim almak, hünär öwrenmek, döretmek bagtyň açarydyr.

Araphan ERNIÝAZOW,

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň bölüm müdiri.

“Ahal durmuşy” gazeti.