Komitetler

«BAGYM BAR, BARYM BAR»

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 31-nji ýanwarynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek bilen baglanyşykly Karara gol çekdi. 2020-nji ýylda ekiljek bag nahallarynyň möçberini kesgitledi. Şoňa laýyklykda, geçen şenbe güni, ýagny 21-nji martda ýurdumyzyň dürli ýerinde bag ekmek dabaralary bolup geçdi.

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek maksady bilen geçirilýän bu dabara indi däbe öwrüldi. Köpçülikleýin bag ekmek dabaralarynyň netijesinde bagy-bossan ýurdumyz has-da gözel keşbe eýe boldy. Bu gözel görnüşleri synlap, öz ýanyňdan «Adam eli — gyzyl gül» diýeniňi duýman galýarsyň. Çünki bereketli ene toprak diňe bir rysgal eçilip ýagýan ýagyş ýagmyryň emrinden däl-de, eýsem, adamlaryň yhlasyndan, çekýän zähmetiniň güýjünden hem gülleýär. Muňa eziz Arkadagymyzyň gatnaşmagynda bolup geçen bag ekmek dabarasynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirdik. Bagtyýar adamlar irgözinden, uly ruhubelentlik bilen ýaýylyp ýatan meýdanlara çykdylar. Olaryň hersiniň dünýäsinde agaç nahallaryny oturdyp, bag ekip, ýere tohum sepip, ene topragy özgertmek höwesi bardy.

Şol gün, dogrudanda, ýatdan çykmajak günleriň biri bolup, uly yhlas bilen zähmet çekildi. Bu pursatda her bir adamyň dünýäsini ýere atylan ýekeje tohumyň müňläp gitjekdigi hakyndaky pikir gurşap aldy. Yhlas bilen ekilen agaç nahallary sanlyja ýyldan gür saýaly agaçlara öwrülip, ýurdumyzyň gözelligine gözellik goşar, nesillere ýadygär galar.

Şol gün Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň işgärleri we işjeň agzalary hem säher bilen ýaşyl don geýen meýdanlara çykdylar. Bag ekiş dabarasyna mynasyp goşantlaryny goşdular. Bu biziň ählimizi begendirýär. Çünki mähriban Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyz şeýle işleriň netijesinde gülleýär. Goý, beýik başlangyçlary ýola goýup, ýurdumyzy gülledýän, ösüşlere besleýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, alyp barýan işleri elmydama rowaç bolsun!

Ýakup MUHAMMEDOW,

TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň hünärmeni.