Komitetler

BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BERK BINÝADY

Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň durmuşynyň ähli ulgamlarynda iri möçberli özgertmeler, taryhy ähmiýetli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watanymyzyň berkararlygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň hatyrasyna beýik işler amala aşyrylýar. Ykdysadyýetiň ähli pudaklary, ýurdumyzyň ähli künjekleri giň gerimli özgertmelere we bedew batly buýsançly ösüşlere eýe bolýar.

Gahryman Arkadagymyz döwletimiziň abadançylygyna hem-de onuň hemmetaraplaýyn gülläp ösüşine gönükdirilen maksatnamalary hem-de milli strategik meýilnamalary bilen örän gysga wagtyň içinde dünýä jemgyýetçiliginiň nazaryny Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza gönükdirdi. Türkmen topragynda amala aşyrylýan beýik işler milli Liderimiziň halkymyzyň häzirki bagtyýar durmuşynyň we ýagty geljeginiň, bolelin ýaşaýşynyň üpjün edilmeginiň bähbidine gönükdirilen taýsyz tagallalarynyň aýdyň netijesidir.

Bu özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan depginli ösüşi, halkymyzyň ýaşaýşynyň derejesi we hili ýokarlandy, adamlar üçin ähli babatda oňaýly şertler döredildi. Jemgyýetiň we döwletiň has möhüm ugurlaryny ösdürmek, adam hukuklaryny hem-de azatlyklaryny mundan beýläk-de giňeltmek we goramak, ähli ulgamlaryň hukuk esaslaryny kämilleşdirmek kanunçylyk taýdan üpjün edildi. Ýurdumyzda kanunyň agalyk edýän demokratik, hukuk we dünýewi döwletiniň berk binýady tutuldy.

Dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen Bitaraplyk ýörelgesini içeri we daşary syýasatynyň esasy hökmünde kabul eden Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýerýän, dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalary bilen deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasaty ýurdumyzyň halkara derejesindäki ornuny has hem berkitdi.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli pudaklarynda demokratik esaslary çuňlaşdyrmaga, hukuk medeniýetini we işini pugtalandyrmaga, halkymyzyň we her bir raýatyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça giň möçberli özgertmeler alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň dürli edara-kärhanalaryndan, guramalaryndan we raýatlarymyzdan köp teklipleriň gelip gowşandygyny, teklipleriň gelmeginiň häzir hem dowam edýändigini nygtap, hormatly Prezidentimiz: «Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça öňe süren başlangyçlarymyz halk köpçüligi tarapyndan giň goldaw tapýar. Bu bolsa hukuk özgertmelerini geçirmek boýunça alyp barýan syýasatymyzyň hem-de halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda durmuşa geçirýän işlerimiziň oňyn netije berýändigini aýdyň görkezýär» diýip belleýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça Konstitusion toparyň mejlisinde milli Liderimiz Konstitusiýamyzyň kämilleşdirilmeginiň derwaýys meselelerine bagyşlanan taryhy çykyşynda esasy Kanunymyz işlenilip taýýarlananda, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen talaplarynyň ileri tutulmalydygyny, ynsanperwerlige, adalatlylyga esaslanmalydygyny, Türkmenistany dünýäde iň bagtly adamlaryň ýaşaýan ýurduna öwürmegi maksat edinmelidigini, ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ýokary depginli ösüşini talap etmek bilen, adamyň hemme taraplaýyn, esasan-da, hukuk taýdan goragly bolmalydygyny esasy wezipe edip goýdy.

Türkmen halkyny ýagty geljege alyp barýan, ýurdumyzyň halkara abraý-mertebesini Arşa göterýän, jemgyýetimiziň her bir agzasynyň hukuk taýdan goralmagyny üpjün etjek hukuk özgertmelerini amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaç bolsun!

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,

TDP-niň Köneürgenç etrap komitetiniň başlygy.