Komitetler

BEHIŞDI BEDEWLER — ŞAN-ŞÖHRATYMYZ

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen täze taryhy döwrümizde ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgeleri täzeden dikeldilip, türkmeniň atşynaslyk sungaty rowaçlyga beslenýär. Ýyndamlygy hem-de owadanlygy bilen şan-şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewlerimiziň şöhratly ýoly gaýtadan dabaralanýar. Häzirki bagtyýarlyga beslenen döwrümizde durmuşyň ähli ugurlarynda gazanylýan üstünlikleriň, ýetilýän belent sepgitleriň bedew badyna deňelmegi hem ahalteke bedewlerine berilýän ähmiýetden, oňa goýulýan belent sarpadan nyşandyr.

Hormatly Prezidentimiz milli buýsanjymyz bolan ahalteke atlarymyzyň çyn janköýeri bolmak bilen, behişdi bedewler bilen ýygy-ýygydan didarlaşýar, tebigatyň gözel ýerlerinde atly gezelenç edýär, şonuň bilen bir hatarda, atçylygyň we atçylyk sportunyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Soňky sanlyja ýylyň içinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman atçylyk-sport toplumlarynyň gurulmagy, meşhur atlaryň hormatyna ýadygärlikleriň dikeldilmegi, Gökdepe etrabynyň Kärizek geňeşliginiň çäginde atşynaslar, seýisler üçin döwrebap obanyň — Aba Annaýew obasynyň döredilmegi atçylyga berilýän ünsden alamatdyr.

Ýurdumyzda atçylygyň we atçylyk sportunyň ösüşine mynasyp goşant goşýan ildeşlerimize hormatly atlaryň dakylmagy guwandyryjy ýagdaýdyr. Şu taryhy günlerde «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly adynyň döredilmegi bolsa, diňe bir atçylyk pudagynyň işgärlerini, seýisleri däl-de tutuş ulus-ilimiziň kalbyna şatlyk eçildi. Şeýle hormatly adyň döredilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen atşynaslyk sungatyny gorap saklamak, ösdürmek we geljekki nesillere ýetirmek, türkmen bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak babatda edilýän tagallalardan gözbaş alýar.

Seýisçilik türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdiren, iň sarpaly hem arzyly sungatlarynyň biridir. Şol sebäpli hem, ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça türkmen atşynaslarynyň asyrlar boýy çeken irginsiz zähmeti esasynda toplanan baý seýisçilik tejribesi häzirki taryhy döwrümizde halypa seýislerimiz tarapyndan giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle bolansoň, bu gün ynsan kimin duýgur, eýesine wepaly we gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen, ýelden ýüwrük bedewleri ussatlyk bilen seýislemek babatdaky işe saldamly goşant goşýan ildeşlerimize «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly adynyň dakyljakdygy şatlygymyzy goşalandyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, atly sport bäsleşiklerini, bedew üstündäki dürli milli oýunlary, ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiklerini geçirmek hem-de atçylyk pudagynda gazanylan üstünlikleri dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri bilen utgaşdyryp has-da kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işleri dünýä nusgalykdyr. Bu ugurdaky taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza bimöçber alkyş aýdýarys.

Araphan ERNIÝAZOW,

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň bölüm müdiri.

“Ahal durmuşy” gazeti.