Komitetler

BERKARARLYGYŇ WE BAGTYÝARLYGYŇ BEÝIK BAÝRAMY

Halkymyzyň alnyndan bagt kuýaşy bolup dogan beýik Garaşsyzlygymyzyň hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda uludan toýlanan 29 ýyllyk şanly baýramy döwletli Diýarymyzyň asudalygynyň, abadançylygynyň, parahatçylyk söýüji, zähmetsöýer, merdana halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň ýene bir ýola aýdyň ýüze çykmasy bolup, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk toýuna barýan Arkadagly Watanymyzyň bedew batly ösüşlerini täze many-mazmun bilen baýlaşdyrdy. Berkarar döwletimizde toýlaryň toýa ulaşýan günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen nobatdaky mejlisi bagtdan paýly, sowulmaz döwranly ulus-ilimiziň buýsanjyny goşalandyran möhüm taryhy waka boldy.

Biziň habarçymyz ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň biri bolan TDP-niň bu taryhy wakalara gatnaşan işgärleriniň we işjeň agzalarynyň birnäçesi bilen söhbetdeş bolanynda olar öz ýürek buýsançlaryny şeýle beýan etdiler:

Soltanmyrat ÝAZMYRADOW,

TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy:

— Baş baýramymyzyň — halkymyzyň asyrlardan gözbaş alýan arzuwlarynyň hasyl bolan Garaşsyzlyk gününiň 29 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda demokratik özgertmeleri, strategik ösüşleri gazanmaga gönükdirilen, jemgyýetimiziň iň ýokary gymmatlygy diýlip ykrar edilen adam hakdaky aladalara we watansöýüjilige ýugrulan çuňňur mazmunly çykyşy hem de Maslahatda kabul edilen il ýurt bähbitli çözgütleri bütin halkymyz uly alkyşlar bilen garşylady.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramynyň uly dabaralar bilen ýokary derejede bellenilip geçilmegi bütin halkymyzyň ruhuny galkyndyryp, täze üstünliklere, belent sepgitlere atardy. Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda geçirilen baýramçylyk at çapyşygy toýly günleriň şatlygyny has-da artdyrdy. Bu gün türkmen halky agzybirlik, jebislik we tutanýerlilik bilen merdana pederlerimiziň arzuwlan berkarar döwletini täze derejelere çykarýar. Goý, bagtyýarlyk döwrümizde berkarar döwletimizi ösüşli menziller bilen öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň belent başy aman bolsun, il-ýurt we umumadamzat bähbidine ýugrulan başlangyçlary mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Resul IŞANGULYÝEW,

TDP-niň Ahal welaýat komitetiniň başlygy:

— Ata Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramyny ýokary derejede guramaçylykly belläp geçdi. Şol mynasybetli ýurdumyzda uly toý tutulyp, baýramçylyk dabaralary giňden ýaýbaňlandyryldy. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty wideoaragatnaşyk arkaly üstünlikli geçirildi we onda döwletimiziň durmuşuna degişli möhüm syýasy wakalara seredildi. Maslahatda hormatly Prezidentimiz çuň mazmunly taryhy çykyş etdi.

Maslahatda döwletimiziň, jemgyýetimiziň berkararlygynyň synmaz sütünleriniň biri bolan Esasy Kanunymyza — Konstitusiýamyza üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky Türkmenistanyň Konstitusion kanuny biragyzdan makullanyldy. Milli Parlamentimizi iki palataly ulgama geçirmek boýunça degişli möhüm çözgütleri kabul edildi. Biz Esasy Kanunymyzyň ýurdumyzyň demokratik ýol bilen mundan beýläk hem ösdürilmeginiň kämil raýat jemgyýetiniň kemala getirilmeginiň we türkmen halkynyň hal ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagynyň mizemez binýady bolup hyzmat etjekdigine ynanýarys. Şonuň ýaly da Halk Maslahatynyň kararlaryny tüýs ýürekden goldaýarys. Olary wagyz-nesihat etmäge, halkymyza düşündirmäge borçlanýarys.

Akmämmet ŞIRMÄMMEDOW,

TDP-niň Magtymguly etrap komitetiniň başlygy:

Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wideoaaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisindäki çuň mazmunly çykyşy her birimiziň kalbymyzda buýsanç duýgularyny oýardy. Bu çykyş täze taryhy eýýamda belent sepgitlere gadam goýýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda amala aşyrylýan demokratik özgertmeleriň, syýasy, ykdysady, medeni we durmuş ulgamlarynda gazanylýan ösüşleriň beýany bolup, ählimiziň kalplarymyza şatlyk çaýyp, ömrümize bagtyýarlyk eçildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy kararlary ähli halkymyz bilen birlikde ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerini hem täze sepgitlere ruhlandyrdy. Biz hem döwlet Baştutanymyzyň halkymyzy bagtly menzillere atarýan tagallalaryndan ylham alyp, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak ugrunda yhlasymyzy gaýgyrmajakdygymyza ynandyrýarys. Döwletimiziň berkararlygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň sakasynda duran hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli tutumlary rowaç bolsun!

Kakageldi GURBANOW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, TDP-niň Mary welaýat komitetiniň başlygy:

— Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde eziz Diýarymyzyň halk hojalyk pudaklarynyň ösdürilmegine, halkymyzyň durmuş-ykdysady derejesiniň has-da ýokarlanmagyna, milli kanunçylygymyzy mundan beýläk de kämilleşdirmäge, ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemäge degişli we başga-da ençeme il-ýurt bähbitli wajyp meselelere garaldy. Milli Liderimiziň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden maksatnamalaýyn çykyşynda giň gerimli durmuş ykdysady özgertmeleriň täze sepgitleri bellenildi.

Elbetde, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen iki palataly ulgama geçilmegi we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilçilikli kanun çykaryjy häkimiýetiň wezipelerini amala aşyrýan edaralar ulgamyna goşulmagy möhüm ähmiýete eýedir. Parlament ulgamynyň iki palataly ulgamy na geçmegi demokratik edaralary döwletiň we jemgyýetiň bitewüligini berkitmegiň netijeli guralyna öwrüler. Bu konstitusion özgertmeleriň geçirilmegi ýurdumyzyň durnukly ösüşine gönükdirilen maksatnamalaýyn wezipeleriň amala aşyrylmagynyň berk hukuk binýady bolup hyzmat etjekdigini milli Liderimiz Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde aýratyn belledi.

Maslahatda kabul edilen çözgütleri, öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmäge biz — Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň işgärleri hem işjeň partiýa agzalarymyz bilen agzybirlikde işläp, mynasyp goşandymyzy goşarys. Goý ösüşleriň şaýoly bilen öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň belent başy aman, beýik başlangyçlary mundan beýläk-de rowaç bolsun!

Baýram KERIMOW,

TDP-niň Türkmenabat şäher komitetiniň başlygy:

— Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde kabul edilen giň möçberli kararlardyr çözgütler halkymyzyň ertirki eşretli güne bolan ynamyny has-da artdyrdy. Şolaryň hatarynda ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamyny kämilleşdirmek, Esasy Kanunymyza üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen baglanyşykly ykbal kesgitleýji çözgütleriň bolmagy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk toýunyň toýlaryna utgaşan Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýetini şertlendirdi. Täze taryhy eýýamda jemgyýetimizi gurşap alan demokratik özgertmeleriň esasy wezipesi döwletimiziň iň ýokary hazynasy bolan adamyň bähbitlerini goramaga we ýurdumyzda halk häkimiýetini dabaralandyrmaga gönükdirilendir.

Bu gün türkmen ili ata-babalarymyzyň asyrlarboýy arzuwlan Garaşsyz ýurdunda şöhratly geçmişine guwanyp, bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Täze zähmet ýeňişleri bilen nurana geljege ynamly gadam urýar. Halkymyzyň bagtyýarlygy we döwletimiziň berkararlygy hormatly Prezidentimiziň çuňňur oýlanyşykly başlangyçlarynyň, öňdengörüjilikli syýasatynyň datly miweleridir. Toýly günleriň şeýle bagtyýar pursatlarynda şöhratly geçmişimize sarpa goýup, häzirki bagtly günlerimize we nurana geljegimize giň ýol açýan ýurt Baştutanymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent tutumlarynyň rowaç bolmagyny arzuw edýäris!

Sapargül REJEPOWA,

TDP-niň Boldumsaz etrap komitetiniň başlygy:

— «Türkmenistan Bitaraplygyň mekany» ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramynyň dabaralary bilen utgaşyp, berkarar Watanymyzyň durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan oňyn özgertmeleri göz öňünde tutýan tutumly çözgütleri kabul eden Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisine gatnaşmak el ýetmez bagtdan nyşandyr. Bize-de şeýle uly bagtdan paý alyp, möhüm ähmiýetli taryhy wakanyň janly şaýady bolmak miýesser etdi.

Halk Maslahatynda hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary esasynda Esasy Kanunymyzy kämilleşdirmek, hususan-da, iki palataly Parlament ulgamyna geçmek boýunça ähli halkymyzyň erk-islegi, teklipleri göz öňünde tutulyp taýýarlanylan Konstitusion Kanunyň kabul edilmegi «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgä uýýan jemgyýetimiziň kanunçylyk binýadyny hasda pugtalandyrmaga ýardam eder. Kanunçylyk ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan döwlet syýasaty her bir raýatyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň, döwletiň we jemgyýetiň kanuny bähbitleriniň gora gynyň iň ýokary derejesini kepillendirýär.

Pederlerimiziň arzuw-umytlaryny hasyl eden mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramy bütin ýurdumyzda ýokary ruhubelentlikde bellenilip geçildi. Bu baýram mynasybetli ata Watanymyzyň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşant goşan ildeşlerimize döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy, paýtagtymyzyň baş meýdançasynda ýaýbaňlandyrylan dabaralar, Halkara atçylyk sport toplumynda geçirilen baýramçylyk çäreleri, ýurdumyzyň ähli ýerini gurşap alan toý şatlygy Gahryman Arkadagymyzyň daşynda mäkäm jebisleşen halkymyzyň göwnüni galkyndyryp, her birimizi täze üstünliklere ruhlandyrdy.