Komitetler

BITARAPLYK SYÝASATY DABARALANÝAR

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy sebitde halkara hyzmatdaşlygynyň we goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösmegine düýpli itergi berdi. Türkmenistan gysga wagtda halkara giňişliginde özboluşly daşary syýasatyny amala aşyrýan döwlet hökmünde özüni tanatdy. Ylalaşdyryjy merkez hökmünde 25 ýylda bitiren hyzmatlary ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da artdyrdy.

Bütin dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak ýurdumyzyň ýöredýän daşary syýasatynyň ileri tutýan esasy ugry bolup durýar. Şuňa laýyklykda, Diýarymyz soňky ýyllarda halkara giňişliginde Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, şeýle hem sebitde we bütin dünýäde emele gelen ýagdaýy nazara almak bilen, ählumumy abadançylygy we parahatçylykly ösüşi üpjün etmäge, häzirki döwrüň iň bir wajyp meselelerini oňyn çözmäge, dünýäde özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynyň ýola goýulmagyna we saklanylmagyna gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýar. Bu bolsa hemişelik Bitarap Watanymyza goňşy we beýleki döwletler bilen syýasy, söwda-ykdysady we gumanitar ugurlar boýunça alyp barýan gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge mümkinçilik berýär. Biziň ýurdumyz bilen uzak möhletli we köpugurly gatnaşyklary ýola goýmaga bildirilýän gyzyklanmalaryň barha artýandygy Türkmenistanyň «Açyk gapylar» syýasatynyň halkara ähmiýetli çäreleriň ählisinde öz aýdyň beýanyny tapýandygyna şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ýurtda abadançylygy we asudalygy berkarar etmek häsiýetine eýe bolmak bilen, ýurdumyz ylalaşdyryjy merkez hökmünde hem täze belent derejelere eýe boldy. Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýerleşmegi ýurdumyza bildirilýän halkara derejesindäki ynama aýdyň şaýatlyk edýär.

Ata Watanymyz Garaşsyzlyga eýe bolan ilkinji ýyllarynda hemişelik Bitaraplyk derejesinede eýe boldy. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletler tarapyndan iki gezek ykrar edilmegi örän buýsandyryjydyr. 1995-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky» Rezolýusiýa şol döwürde gurama agza 185 döwlet tarapyndan biragyzdan goldanylan bolsa, 2015-nji ýylda 193 döwlet tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Biziň hemişelik Bitaraplygymyz parahatçylyk söýüjilik, islendik meseläni gepleşikler arkaly çözmegiň mümkindigini öňe sürýän, ýagny milli aýratynlygymyzyň ajaýyp taraplaryny düzýän häsiýetlerden ugur alýar.

Geçen ýylyň sentýabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «2021-nji ýyly — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamany kabul etmegi halkara jemgyýetçiliginde giň seslenme döretdi. Bu resminamanyň düzgünleriniň ýerine ýetirilmegi babatda ýurdumyzyň geljek ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyny geçirmek başlangyjyny öňe sürýändigi aýratyn bellärliklidir. Bu başlangyç häzirki döwrüň ählumumy gün tertibiniň iň möhüm meseleleri boýunça netijeli we özara hormata daýanýan köp taraply gatnaşyklara kuwwatly itergi bermäge gönükdirilendir. 2017-nji ýylyň fewral aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň agza döwletleriň köpüsiniň awtordaşlygynda 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip biragyzdan yglan edendigi hem örän möhüm wakadyr.

Gahryman Arkadagymyz 23-nji sentýabrda BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki ştab kwartirasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde wideoýazgy bilen çykyş edende hem ýurdumyzyň anyk başlangyçlaryny beýan etdi. Şol başlangyçlaryň döwrüň möhüm meselelerini çözmek boýunça tagallalary birleşdirmäge, ählumumy parahatçylygy, abadançylygy we rowaçlygy üpjün etmäge gönükdirilendigi möhüm ähmiýete eýedir.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylymyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy halkara derejesinde giňden bellenilip geçiler. Milli Liderimiziň paýtagtymyzda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatda belleýşi ýaly: «Bu, hakykatdan-da, wajyp senedir, türkmen döwletiniň Garaşsyzlygynyň taryhynda ähmiýetli wakadyr, onuň daşary syýasatyndaky tapgyrlaýyn sepgitdir». Bu şanly sene mynasybetli dürli dabaralardyr çäreleriň giň gerime eýe bolmagy parahatçylyk söýüjilik ýörelgämiziň Ýer ýüzünde dabaralanýandygyna şaýatlyk edýär.

Meretgeldi ATABAÝEW,

Murgap etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň mugallymy, TDP-niň işjeň agzasy.