Komitetler

BOL HASYL UGRUNDA

Etrabymyzyň «Pagtaçy» daýhan birleşiginde üstümizdäki ýylda gowaça ekilen 1280 gektar ýerden dokma senagaty üçin gymmatly çig mal bolan «ak altynyň» 2280 tonnasyny öndürmek ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Hojalykda pagtaçy kärendeçileriň 616-sy zähmet çekýär. Daýhanlaryň we mehanizatorlaryň ýadawsyz aladasy bilen, şu günler bu ýerde hatarara bejergi geçirmek, ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, suw tutmak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Häzirki gowaça bejergisiniň gyzgalaňly günlerinde «MTZ-80» kysymly traktorlara erk edýän Atajan Nurakow, Döwletmyrat Hangeldiýew ýaly mehanizatorlar gündelik tabşyryklarynyň abraý bilen hötdesinden gelýärler.

Daýhan birleşigi boýunça pagtaçylyk bilen meşgullanýan 11 sany kärendeçiler toparlarynyň ählisiniň ekin meýdanlarynda irki möhletde ekilen, ideg işleri kemsiz ýetirilen gowaçalar daýhan yhlasyna görä, bereketli hasyl toplaýarlar. Aýratyn-da, Atamyrat Saryýewiň, Kakamyrat Tuwakowyň, Baýramdurdy Gaýypowyň ýolbaşçylyk edýän 2,4,6-njy kärendeçiler toparlarynyň gowaçalarynyň boý alyp, atyzlary dolduryp oturşy bereketli hasyldan habar berýär. Öňdebaryjy kärendeçilerden Hurmagül Allakulyýewa, Sona Ýegelekowa, Güljemal Karataýewa, Amandurdy Begmyradow dagy şu ýyl garamagyndaky gowaçalardan has-da bol hasyla garaşýarlar. Şeýle hem kärendeçiler boýy ýeten gowaçalaryň ujuny çyrpmak işlerini üstünlikli tamamladylar. Gowaçanyň ujuny öz wagtynda çyrpmak ekiniň bol hasyl toplamagyna getirýär. Şonuň üçin hem hojalygyň kärendeçileri bu möhüm işi öz wagtynda ýokary hilli geçirdiler. Awgust aýy hasyla-hasyl goşulýan aý. Gowaçalara häzirki edilýän ýokary hilli ideg gozalaryň dok we bereketli bolmagyna getirýär. Munuň şeýledigine özleriniň köpýyllyk tejribelerinde göz ýetirip gelýän pagtaçy kärendeçiler işiň depginini birjik-de gowşatman, gowaçalara edilýän idegi tä hasyl ýygymyna köpçülikleýin girişilýänçä dowam etdirmegi maksat edinýärler.

Gurbannepes TÄÇMEDOW,

TDP-niň Köneürgenç şäher komitetiniň partiýa guramaçy.

“Daşoguz habarlary” gazeti.