Komitetler

BUÝSANJA BESLENDI

Köneürgenç etrap merkezi kitaphanasynda kitaphana işgärleri hem-de kitaphana bilen yzygiderli aragatnaşyk saklaýan okyjylar köpçüliginiň gatnaşmagynda, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän eserler barada söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda okyjylara kitaphana işgärleriniň taýýarlan edebi-sazly sahnalary hem görkezildi. Kitaphana işgärleriniň guran «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri» atly kitap sergisi-de özüneçekiji boldy. Onda hormatly Prezidentimiziň döwet galamyndan çykan «Türkmen alabaýy» atly kitaby we beýleki eserleri ýerleşdirildi.

Aýbölek ARAZOWA,

Köneürgenç etrap Merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy,

TDP-niň işjeň agzasy.