Komitetler

DÜNÝÄMIZE NUR ÇAÝÝAN ESERLER

«Ýürekden çykan söz ýürege ýeter» diýlişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýiti paýhasyndan dörän ajaýyp eserlerini, olardaky çuň manyly sözleri okanyňda, türkmeniň milliligi, medeniýeti, taryhy bilen baglanyşykly ýakymly wakalar bilen tanyş bolmak mümkinçiligine eýe bolýarsyň.

Hormatly Prezidentimiziň halkyna peşgeş beren şol eserlerini okap, bilýän zadymyzdan bilmeýän zadymyzyň has-da köpdügine anyk göz ýetirýäris. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň haýsy birini mysal alanymyzda hem, asyrlaryň jümmüşinde halkymyzyň döreden ruhy-ahlak we milli gymmatlyklarynyň taryhy beýanyny görmek bolýar. Bütin dünýäni haýrana goýýan milli şaý-seplerimize, ady dünýä dolan halylarymyza, şan-şöhraty belende galan bedewlerimize neneň buýsanmajak?! Milli gymmatlyklarymyz halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden ajaýyp sungatydyr. Şeýle gymmatlyklarymyzy mähriban Arkadagymyzyň dünýä ýaýmagy halkymyzyň däp-dessurlaryna goýulýan beýik sarpadyr.

Gadymy ata-babalarymyz goç ýigitlerini gyny gylyçsyz, gapysy ahalteke bedewsiz, alabaýsyz, duly dutarsyz, töri nepis halysyz göz öňüne getirmändirler. Türkmen halky myhmana sylag-hormat goýýan, gelene suprasyny giňden ýazyp, gök çaý hödürläp, hezzet-hormat eden myhmanparaz halk bolupdyr. Hormatly Prezidentimiziň «Çaý — melhem hem ylham» atly eserinde çaýyň peýdasy, lezzeti, onuň gelip çykyşy, orta asyrlarda ulanylan gadymy keramiki gaplar, çäýnekler, küýze gaplary, suw gaýnatmak we çaý taýýarlamak üçin ulanylan tüňçeler hakynda maglumatlar berilýär.

Türkmen bedewleriniň goç ýigitlerimiziň ýakyn syrdaşy, wepaly dosty bolandygy baradaky gürrüňler, rowaýatlar hemişe her birimiziň aňymyzda ýaşap gelýär. Milli Liderimiz «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaplarynda türkmen bedewleriniň waspyny ýetirýär.

Hormatly Prezidentimiz medeni mirasymyzyň ýene bir parçasy bolup durýan türkmen halylary baradaky «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» ýaly eserlerinde çeper elleriň gudratyndan söz açyp, owadanlygy, nepisligi bilen görenleri haýran eden medeni sungatymyzy, halyçy zenanlarymyzyň päk zähmetini taryplaýar.

Hakykatdan-da, türkmen halylarynyň dünýä dolan şan-şöhraty bar. Muny daşary ýurtlardan gelen myhmanlaryň türkmen halylaryna hyrydar bolmaklary, olaryň nepisligine haýran galmaklary hem subut edýär.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmen alabaýy» atly täze kitaby milli baýlyklarymyza goýulýan sarpanyň üstüni ýetiren ýene bir ajaýyp eser boldy. Türkmen alabaýy halkymyzyň geçmişinde hemişe edermenligiň, wepadarlygyň nyşany bolupdyr. Arkadagymyzyň eserleriniň üsti bilen gadymdan gelýän medeni gymmatlyklarymyzyň ähmiýetini nesillerimize ýaýmak, olary aýawly saklamak, däp-dessurlarymyzy sarpalamak baradaky asylly ýörelgeleri wasp etmek biziň her birimiziň borjumyzdyr.

Gurbanbagt HAJYMÄMMEDOWA,

TDP-niň Türkmenbaşy şäher komitetiniň bölüm müdiri.

«ARKADAGLY EZIZ WATAN ROWAÇLYGYŇ ÝOLUNDA atly bäsleşige