Komitetler

DÜNÝÄ NUSGALYK GYMMATLYK

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni toýdur baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Mähriban Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň Mejlisiniň Karary bilen 2020-nji ýylyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilmegi buýsanjymyza buýsanç goşdy. Şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Rezolýusiýasyny kabul edenine 25 ýyl dolýar. Bu abraýly halkara guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyz biziň beýik gymmatlygymyzdyr. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýuna barýan ýurdumyz gysga taryhy döwrüň içinde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen sazlaşykly gatnaşyklary ýola goýmak, halkara hyzmatdaşlygynyň düýbünden täze, netijeli ýollaryny hem-de ugurlaryny kemala getirmek babatynda gymmatly tejribeleri toplady.

Her bir ösüşli menziliň, ýetilen belent sepgidiň özenini agzybirlikde, jebislikde görýän türkmen halky bu gün dünýä ýüzüne ýaň salýan ajaýyp özgerişlikleriň Diýarynda agzybir ýaşaýar. Hemişelik Bitarap döwletimizde dürli ugurlarda amala aşyrylýan özgertmeler zähmetsöýer halkymyzyň, şeýle hem tutuş sebitiň, dünýä ýurtlarynyň ykbalyna täsir ediji häsiýete eýe bolýar.

Mähriban Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz bu gün dünýäniň iň öňdebaryjy, iň abraýly döwletleriniň hatarynda öz üstüne alan halkara borçnamalaryny doly berjaý edýär. Halkara hyzmatdaşlygyna örän jogapkärli çemeleşip, sebitde we tutuş dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň, ösüşiň, özara düşünişmegiň berkarar bolmagy ugrunda tagallalary birleşdirýär. Geljegi uly hyzmatdaş hökmünde has-da meşhurlyk gazanýar.

2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň, şonuň ýaly-da, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň parahatçylygy, howpsuzlygy, sebit we ählumumy derejede durnukly ösüşi pugtalandyrmak boýunça öňe sürýän syýasatynyň halkara derejesinde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär

«Türkmenistanyň Bitaraplygy dünýä syýasatynyň ähli ölçeglerinde, şol sanda howpsuzlygy üpjün etmekdäki tagallalary birleşdirmekde, ykdysady we durmuş taýdan ösüş ugrundaky hyzmatdaşlykda, ynsanperwerlik we medeni gatnaşyklaryň çäkleriniň giňelmeginde öz beýanyny tapýar. Häzirki döwürde biz demokratik özgertmeleriň giň gerimler bilen amala aşyrylmagyna, halk häkimiýetiniň esaslarynyň berkidilmegine, hakyky raýat jemgyýetiniň döredilmegine, onuň ösüş ugurlaryny we görnüşlerini kesgitlemäge, ýurdumyzda alnyp barylýan köptaraply we uzakmöhletleýin maksatnamalary amala aşyrmaga raýatlarymyzyň işjeň gatnaşmagy üçin ähli şertleriň döredilmegine aýratyn uly üns berýäris» diýip, Gahryman Arkadagymyz parasatlylyk bilen belleýär. Mähriban Arkadagymyzyň daşary syýasatda amala aşyrýan beýik işleri bir maksada gulluk edýär. Şol maksat bolsa dünýä döwletleri bilen alnyp barylýan netijeli gatnaşyklary ösdürmekden, ähli halklaryň bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşamaklaryna mümkinçilikleri döretmekden, dünýä döwletleriniň arasynda parahatçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdan ybarat bolup durýar.

Ýurdumyzy bedew bady bilen uly-uly ösüşlere tarap alyp barýan hormatly Prezidentimize çäksiz sagbolsunymyzy aýdýarys.

Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, halk bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işlerinde rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuw edýäris.

Nurmuhammet JAPAROW,

TDP-niň Mary şäher komitetiniň bölümçe müdiri.

“Mary-şahu jahan” gazeti.