Komitetler

DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGI

Köýtendag etrabynyň Magdanly şäheriniň Medeniýet merkezinde bilim edaralarynyň ilkinji partiýa guramalarynyň işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda «Ýürekler joşanda» atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda oňa gatnaşanlar dürli ugurlar boýunça erkin aýdym aýtmak, tans etmek, degişme sahnalaryny ýerine ýetirmek boýunça bäsleşdiler.

Bäsleşigiň jemi boýunça Baş baýraga 28-nji «Jaňjagaz» çagalar bagynyň topary, 1-nji orna Çagalar we ýetginjekler öýüniň we 27-nji «Güneş» çagalar bagynyň topary, 2-nji orna 22-nji «Şöhle» we 23-nji «Nowça» çagalar bagynyň topary, 3-nji orna 21-nji «Körpe» çagalar bagynyň topary mynasyp boldy. Bäsleşigiň ýeňijilerine TDP-niň etrap komitetiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Laçyn HOJAKULIÝEWA,

TDP-niň Köýtendag etrap komitetiniň başlygy.