Komitetler

DÖWLETIŇ JEMGYÝETÇILIK-SYÝASY GÜÝJI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni esaslandyryjy hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ata Watanymyzy ýokary derejede ösdürmek boýunça ýurdumyzda kabul edilen maksatnamalar, öňe sürlen başlangyçlar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu elbetde, döwrüň öňe çykarýan wezipeleriniň esasynda täze ýollaryň, usullaryň işläp taýýarlanylmagy bilen bagly amala aşyrylýar. Döretmek ýoly bilen belent maksatlara tarap ynamly öňe barýan ýurdumyzda durmuş syýasatyny, ykdysady-medeni özgerişleri, halkyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilen wezipeler häzirki bagtyýarlyk döwrümiziň baş maksady bolup durýar. Ol bolsa her bir işiň ýokary düşünjelilik bilen ýerine ýetirilmegini şertlendirýär.

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzy ösdürmegiň ýolunda syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriň durmuşdaky möhüm ornuna uly baha berýär. Berkarar Watanymyzyň mundan beýläk hem demokratik ösüş ýoluny pugtalandyrmaga, ýurdumyzy ösdürmegiň maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekde jemgyýetiň döredijilik güýjüni işjeňleşdirmäge we birleşdirmäge, onuň ideologiýasyny, aň-düşünjesini, ruhy-ahlak ýörelgelerini emele getirmäge ähmiýet berilmelidigini hemişe nygtaýar.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň ähli derejedäki guramalary hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan wezipelerine amal etmekde, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda gazanylýan üstünlikleri halk köpçüliginiň aňyna ýetirmekde, döwür bilen jemgyýetiň arasyndaky özara bitewüligi pugtalandyrmakda döredijilikli işleri durmuşa geçirýär. Bu babatda TDP-niň S.A.Nyýazow adyndaky etrap komiteti we onuň ilkinji guramalary tarapyndan gaýragoýulmasyz işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesiniň esasynda durmuşa geçirilýän tutumlaryň her biriniň halkyň durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşygy döwlet syýasatymyzyň esasy hökmünde pugtalandyrylýar. Onuň esasynda halkyň şu günümize buýsanjy, ýagty ertirlerimize bolan beýik ynamy artýar, syýasy işjeňligi ýokarlanýar. Munuň özi partiýa işjeňlerine halk köpçüligi bilen degişli çäreleri öz wagtynda we gyzgyny bilen geçirmekde ýokary täsirini ýetirýär.

Häzirki wagtda etrabymyzda 117 sany ilkinji partiýa guramalary hereket edip, olar özlerine partiýa agzalarynyň 3745-sini birleşdirýär. Ýeri gelende, partiýa agzalarynyň 82-siniň üstümizdäki ýylyň geçen döwrüniň dowamynda kabul edilendigini bellemelidiris. Bu bolsa halkyň döwrüň hem döwletiň durmuşyna dahylly wezipelere işjeň gatnaşmaga, Gahryman Arkadagymyzyň töweregine öňküden-de berk jebisleşip, menzilleriň mertebe beýikligine goşulyşmaga höwesleriniň artýandygyny, netijede, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynyň düýpli täzelenýändigini görkezýär.

Üstümizdäki «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly buýsançly şygara beslenen ýylymyzyň ilkinji günlerini gurşap alan taryhy wakalaryň dowamat-dowam tapyp, häzirki wagtda hem türkmen jemgyýetiniň we umumadamzat bähbidiniň meselelerini araýan wezipelere ýugrulyp, tutuş durmuşymyzy gurşap alandygynyň özi partiýa işjeňlerinden has gaýratly zähmeti talap edýär. Munuň şeýledigine oňat düşünýän we öz öňlerindäki borja ygrarly hereket edýän partiýa işjeňlerimiz hormatly Prezidentimiziň her bir başlangyjyny goldap çykyş etmekde, durmuşa geçirilýän belent tutumlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine ýetirmekde uly işjeňlik görkezýärler. TDP-niň etrap komiteti tarapyndan üstümizdäki ýylyň geçen döwründe hormatly Prezidentimiziň kabul edýän çözgütleriniň, ýurdumyzda konstitusion özgertmeleri amala aşyrmak boýunça öňe sürlen başlangyçlaryň ähmiýetini halka düşündirmek, ilkinji partiýa guramalarynyň hataryna mynasyp raýatlary kabul etmek, agzalyk tölegleriniň tölenilişini we partiýa ýygnaklarynyň geçirilişini resmileşdirmek boýunça ýygnaklar yzygiderli geçirildi, amala aşyrylan işlere seljermeler berildi, öňde durýan wezipeler kesgitlenildi. Onuň netijesinde partiýa işjeňleri bilen ilatyň arasyndaky özara sazlaşygyň işjeňleşmegi gazanyldy. Öňde goýlan wezipelere laýyklykda, etrabyň edara-kärhanalarynda, guramalarynda, orta hünär okuw mekdebinde, halk köpçüliginiň arasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly senesini, hemişelik Bitaraplygymyzyň ýubileý toýuny, Esasy Kanunymyza üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça durmuşa geçirilýän ajaýyp başlangyçlaryň ähmiýetini, ýurdumyzyň daşary syýasatynda gazanylýan üstünlikleri, ýetilýän belent sepgitleri giňden dabaralandyrmaga gönükdirilen wagyz-nesihat ýygnaklary, duşuşyklar, söhbetdeşlikler yzygiderli geçirilip gelinýär. Şonuň ýaly-da, zähmetkeşleriň hem-de ýerli ýaşaýjylaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, tertip-düzgüni pugta berjaý etmek, arassaçylyk we abadanlaşdyryş işlerine uly ähmiýet bermek, döwrüň öňe sürýän wezipelerine doly we dogry düşünip, ygrarly bolmak babatda guralýan duşuşyklaryň baý täsirlere eýe bolýandygyny bellemek örän ýerlikli.

TDP-niň etrap komitetiniň işgärleri, onuň ilkinji guramalarynyň ýolbaşçylary we işjeň agzalary şonuň ýaly-da, metbugat sahypalarynda, teleradioýaýlymlarda yzygider çykyş etmek arkaly, dünýäde ykrar edilen milli Liderimiziň döwlet syýasatynyň gadyr-gymmatyny halk köpçüligine ýetirmekde hem nusgalyk işleri alyp barýarlar. Nesip bolsa, sahawatly güýzüň her bir gününe şan berjek wakalar gol aýlap gelýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk, hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şanly senelerine halkymyz uly joşgun, ruhubelentlik, ýokary taýýarlyk derejesinde ynam bilen barýar. Bu partiýa işjeňleriniň hem öňlerinde durýan wezipeleri işjeňlik bilen durmuşa geçirmeklerine uly itergi berer. Çünki hormatly Prezidentimiziň belent ynam bildirişi ýaly, syýasy partiýalar jemgyýetimizi birleşdirýän, jebisleşdirýän güýje öwrüldi.

Täzebaý ŞERMETOW,

TDP-niň S.A.Nyýazow adyndaky etrap komitetiniň başlygy.

“Daşoguz habarlary” gazeti.