Komitetler

DÖWLETLI IŞLER

TDP-niň Tejen şäher komiteti «Tejenkarbamid» zawodynda, şäher hassahanasynda, Süleýman Demirel adyndaky pagta egirme fabriginde hem-de şäher «Elektrikaragatnaşyk» ulgamynda wagyz-nesihat maslahatlaryny geçirdi. Olarda ýurdumyzyň konstitusion esaslaryny berkitmek we döwlet dolandyryşynyň demokratik ýörelgelerini kämilleşdirmek bilen bagly Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen möhüm çözgütleriň ýerlerde ýerine ýetirilişi, wagyz-nesihat edilişi, şeýle hem, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019—2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň edildi. Şonuň ýaly-da, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi ykdysady we durmuş taýdan mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge mynasyp goşant goşmak üçin edilmeli işler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mekanmyrat TAGANOW,

TDP-niň Tejen şäher komitetiniň partiýa guramaçysy.