Komitetler

DÖWLETLI IŞLERIŇ BAŞYNDA

Bagtyýarlyk zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň ýiti pähim-paýhasy we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde berkarar döwletimiz dünýäde agzybirligiň hem-de ruhubelentligiň ýurdy hökmünde giňden tanalýar we gün-günden gülläp ösýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi ykdysady we durmuş taýdan ösdürmek, ýurdumyzyň konstitusion esaslaryny berkitmek, döwlet dolandyrylyşynyň demokratik ýörelgelerini kämilleşdirmek ýaly derwaýys meselelere garalyp, olar boýunça möhüm çözgütler kabul edildi. Hormatly Prezidentimiz taryhy çykyşynda dünýäde bolup geç ýän özgertmeleri we köp ýurtlarda toplanan tejribäni nazara almak bilen, ýurdumyzyň iki palataly Parlament ulgamyna geçmegini we Türkmenistanyň Halk Maslahatyny hemde Türkmenistanyň Mejlisini wekilçilikli kanun çykaryjy häkimi ýetiň wezipelerini amala aşyrýan edaralar ulgamyna goşmagy maksadalaýyk hasaplaýandygyny aýtdy. Milli Liderimiziň bu sözleri her bir türkmen raýatynyň mähriban Arkadagymyza, Watanymyza bolan buýsanjyny artdyrdy. Çünki Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň çykarjak kanunlary halkymyzyň gündelik durmuşy ugrunda hereket etjek kanunlar bolup, Bitarap döwletimizde adam hukuklarynyň goraglylygyny mundan beýläk hem berkitmek ugrunda hereket edýän kanunlarymyzy hasda baýlaşdyrar. Şeýle hem, hukuk ulanyş işlerine gözegçilik etme giň netijeli amala aşyrylmagyna şert döreder.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň kabul eden çözgütleri boýunça ýurdumyzda ençeme işler alnyp barylýar. Muňa mysal hökmünde ýurdumyzda Konstitusion toparyň döredilmegini, şol toparyň agzalarynyň, mejlisiň deputatlarynyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda obadyr şäherlerde, edara-guramalarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýetini düşündirmek, şeýle hem, kabul edilen çözgütleri durmuşa geçirmek, Konstitusiýamyzy kämilleşdirmek maksady bilen, teklipleri kabul etmek boýunça geçirilýän duşuşyklary görkezmek bolar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geçirilmeginiň yzysüre biziň etrabymyzda hem etrap halk maslahatynyň mejlisi geçirildi. Şol mejlisde Türkmenistanyň Halk Maslahatynda kabul edilen çözgütleri durmuşa geçirmek, halk arasynda wagyz nesihat etmek ugrunda etrap halk maslahatynyň agzalarynyň we etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň öňünde anyk wezipeler goýuldy. Şol wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, etrabymyzyň Madaw, Akýaýla, Gyzylbaýyr obalarynda, Etrek şäherinde, etrap Gaz hojalyk edarasynda, etrap hassahana synda, sport we ýaşlar syýasaty bölüminde we başga da birnäçe edara kärhanalarda wagyz nesi hat duşuşyklary ýokary derejede geçirildi.

Dabarasy dag aşyp, at-owazasy älem-jahana ýaň salýan bu beýik işler Gahryman Arkadagymyzyň mähriban halky bilen bir jan, bir ten bolup, her ädimde halkymyza sala salyp we pähim paýhasa gol berip, bitirýän dünýä nusgalyk işleridir. Onuň üçin milli Liderimize egsilmez şöhrat bolsun!

Toýguly GURBANOW,

TDP-niň Etrek etrap komitetiniň başlygy.