Komitetler

DÖWLETLI MASLAHATYŇ ŞUGLASY

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi taryhy ähmiýetliligi bilen alamatlandy. Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilen bu taryhy maslahata gatnaşan ildeşlerimiziň birnäçesiniň ýürek buýsanjyny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Araphan ERNIÝAZOW, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň bölüm müdiri:

— Halk Maslahatynda döwlet Baştutanymyzyň çuň manyly çykyşyny uly gyzyklanma we dykgat bilen diňledik. Milli Liderimiziň ýurdumyzy ähli babatda gülledip ösdürmek, şan-şöhratyny arşa götermek, il-günümizi has mynasyp durmuşda ýaşatmak bilen bagly aladalary şol çykyşyň düýp özenini düzdi.

Biz — bagtyýar raýatlar Gahryman Arkadagymyzyň her birimiziň bagtyýar durmuşy ugrunda edýän bimöçber aladalaryny her bir ädimimizde duýýarys. Obadyr şäherçelerimiziň özgerýän keşbi, ilatly ýerlerde yzygiderli gurulýan durmuş-medeni maksatly desgalar, döredilýän ýokary amatlykly iş we durmuş şertleri şeýle aladalaryň subutnamasydyr. Soňky ýyllarda biziň welaýatymyzyň çäginde hem döwrebap orta mekdepler, çagalar baglary, saglyk öýleri, medeniýet öýleri, sport mekdepleridir toplumlary, ýaşaýyş jaýlarynyň uly toplumy, döwrebap obalardyr şäherçeler, senagat kärhanalary gurlup ulanylmaga berildi. Häzirki wagtda hem welaýatymyzda durmuş ugurly desgalaryň gurluşyklaryna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu zatlar ildeşlerimiziň durmuş üpjünçiliginiň ýokarlanmagyna oňyn täsir edýär.

Hormatly Prezidentimiz taryhy mejlisinde eden çykyşynda ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli işleriň berkarar döwletimiziň geljegini aýdyň kesgitleýändigi, mähriban halkymyzyň mundan beýläk-de abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmegiň baş maksatdygy barada aýratyn bellemegi ata Watanymyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäniň has-da rowaçlanjakdygynyň ýüze çykmasydyr. Biz — jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri Halk Maslahatynda kabul edilen çözgütleri ilata düşündirmekde netijeli işleri alyp bararys. Röwşen geljegimiziň şanyna beýik işleri durmuşa geçirýändigi, Watanymyzy bagtyýarlygyň mekanyna öwürýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza alkyş aýdýarys.

Ýazga geçiren Aýdo ŞEKEROW, ýörite habarçymyz.

 “Ahal durmuşy” gazeti.