Komitetler

DÖWRÜŇ TALABYNDAN UGUR ALYP

Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti Aşgabat şäher häkimligi bilen bilelikde «Konstitusion özgertmeler — döwrüň talaby» ady bilen Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça maslahat geçirdi.

Maslahatyň barşynda çykyş edenler demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň, Esasy Kanunymyzy has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň adam we onuň abadan durmuşyna gönükdirilendigini hem-de ýurtda demokratik ýörelgeleriň dabaralanýandygynyň subutnamasydygyny aýratyn belläp geçdiler.

Ahmet REJEPOW,

TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiriniň orunbasary.