Komitetler

DAÝHAN HOJALYGYNYŇ YNAMLY IŞLERI

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny döwrebap derejede kämilleşdirmek we ekerançylyk ýerlerini uzakmöhletleýin hususy eýeçilige bermek baradaky öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň önümçilikde has ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýändigini iş tejribeleri doly görkezýär. Munuň şeýledigine Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň Şabende geňeşliginiň çäginde hereket edýän «Galkynyş» daýhan hojalygynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar.

— «Şabende» daýhan birleşiginiň kärendeçiler toparyna agza bolup işlänimizde, belli bir möçberdäki ýeri eýeçiligimize alyp, önümçilikde özbaşdak zähmet çekmäge höwes ederdik. Ynha, indi şol arzuwymyz hasyl boldy. Gahryman Arkadagymyzyň şeýle mümkinçiligi döredip bermegi bilen, ekerançylyk üçin 50 gektar ýeri uzakmöhletleýin kärendesine alyp, täzeçe usulda işläp başladyk — diýip, «Galkynyş» daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy Arazmet Garryýew guwanmak bilen gürrüň berýär.

Arzuwlarynyň hasyl bolmagy maşgala agzalarynyň begenjini goşalandyrdy. Olar ekinlere göwnejaý ideg etmekde we bereketli hasyly kemala getirmekde talap edilýän çäreleriň maksadalaýyk bolmagyny gazanmak üçin janypkeşlikli zähmet çekdiler. Ata-babalarymyzyň daýhançylyk tejribesiniň döwrebap iş usullary bilen utgaşdyrylyp geçirilmegi bolsa, gowaça ekilýän meýdanlaryň hasyl berijiliginiň gysga wagtda ýokarlanmagyna getirdi.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ekin dolanyşygyny amala aşyrmak maksady bilen, bu daýhan hojalygynyň eýeçiligindäki ýeriň 20 gektarynda gowaça, 4 gektarynda bakja, 1 gektarynda pomidor ekinleri ösdürilip ýetişdirilýär. Galan böleginde bugdaý we beýleki oba hojalyk ekinlerini ekmek meýilleşdirilýär.

Gözýetime çenli ýaýylyp gidýän atyzlardaky hatary dolduryp oturan gowaçalary göreniňde, daýhan hojalygy üçin pagtanyň öndürilişinde şu ýylyň hem ajaýyp zähmet üstünliklerine beslenjekdigine ynamyň pugtalanýar. Traktora ezberlik bilen erk edýän mehanizator Muhammet Saryýewiň janypkeşligi bilen, gowaçalaryň hatararasy eýýäm ýokary hil derejesinde ýumşadylypdyr.

Maşgalanyň agzalary Agagül Ataýewa, Üzümgül Garryýewa, Amangül Saryýewa dagy gowaçalara ideg etmekde gaýratlylyk görkezýärler.

Gurbannepes TÄÇMEDOW,

TDP-niň Köneürgenç şäher komitetiniň partiýa guramaçysy.

“Bereketli toprak” gazeti.