Komitetler

Daýhandan hereket — ýerden bereket

«Ýeňiş» daýhan birleşiginiň agzybir daýhanlary diňe bir Hojambaz etrabynda bolman, eýsem, Lebap welaýatynda hem öňe saýlanýar. Daýhan birleşigiň gallaçylary galla oragy möwsüminde ýetişdirilen hasyly çalt we ýitgisiz ýygnap ýurdumyzyň edermen gallaçylarynyň gazanan ýeňşine — 1 million 500 müň tonna golaý ýetilen belent sepgide mynasyp goşant goşdylar. Häzirki wagtda bolsa hojalygyň daýhanlary pagtanyň bol hasylyny kemala getirmek ugrunda zähmet çekýärler. Bu işde Gaýgysyz Pirimkulow ýolbaşçylyk edýän 4-nji kärendeçiler toparynyň agzybir kärendeçileri yhlas edýärler. Munuň şeýledigine aňyrsy-bärsi görünmeýän atyzlary, gününi sanap, hasyl toplaýan gowaçalary synlanyňda hem göz ýeterýärsiň. Şu günler gowaça ekilen meýdanlarda suwarmak, dökün bermek, hatarara bejeriş işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda güýçli depginde alnyp barylýar.

Göni hatarlary emele getirip, birenaýy ülpüldeşýän gowaçalaryň hatar aralarynda haşal otlara gözüň düşmeýändigini aýratyn bellemek gerek. Gowaçalarda gozalaryň sanynyň köpdügi bolsa, bu ýyl hasylyň bereketli boljakdygyndan nyşandyr.

Toparyň öňdebaryjy pagtaçy kärendeçilerinden Gülbahar Rahmanowa, Hemra Haýdarow, Dünýä Rahmankulowa, Güljemal Kadyrowa ýaly tejribeli kärendeçiler tutanýerli zähmet çekip, beýlekilere görelde bolýarlar. Hojambazly pagtaçy kärendeçiler «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda «ak altynyň» bol hasylyny ýetişdirip, Watan öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmegi maksat edinýärler. Arkadagly Serdarymyzyň oba hojalygyny ösdürmek babatda alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri etrabyň gadamy batly kärendeçilerini önümçilikde täze sepgitlere ýetmäge ruhlandyryp, olaryň güýjüne güýç goşýar.

Gyzlarbeg Gulniýazowa, TDP-niň Hojambaz etrap komitetiniň hünärmeni

“Watan” gazeti

02.08.2022 ý

Image: