Komitetler

DAÝHANLAR HÖWESLENDIRILDI

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda bol däne hasylyny ösdürip ýetişdiren edermen gallaçylarymyzyň şu günlerki zähmet görkezijileri has-da guwandyryjy.

Dok başly bugdaýly meýdanlary synladygyňça synlasyň gelýär.

Galla oragyna guramaçylykly girişilmeginde Sarahs etrabynyň gallaçy kärendeçileriniň hem ilkinji günlerde zähmet görkezijileri ýokarlanýar. Golaýda etrap galla kabul ediş kärhanasynda etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň şu ýylyň galla hasylyny ösdürip ýetişdirmekde we ony çalt we zaýasyz ýygnap almagyň ilkinji günlerinde zähmet adamlaryny netijeli işlere höweslendirmek maksady bilen, öňdebaryjy kärendeçileri, kombaýnçylary, däne daşaýjylary, tehniki hyzmat ediş toparynyň işgärlerini sylaglamak boýunça geçirilen dabara has täsirli boldy. Höweslendiriş dabarasynyň barşynda gallaçylar, kombaýnçylar, şeýle hem oraga işjeň gatnaşýan beýleki zähmet adamlary öz çykyşlarynda ýetişdirilen hasylyň ýitgisiz ýygnalmagyny üpjün etmekde wagtdan netijeli peýdalanjakdyklaryny, däne tabşyrmak baradaky meýilnamalaýyn tabşyryklaryň ýerine ýetirilmegini gazanmakda ýokary işjeňlik görkezjekdiklerini aýtdylar. Dabaranyň dowamynda etrap medeniýet merkeziniň bagşy sazandalary, wäşiler topary özleriniň täsirli çykyşlary bilen onuň şowhunyny has-da artdyrdylar.

Maral JUMADURDYÝEWA,

TDP-niň Sarahs etrap komitetiniň hünärmeni.