Komitetler

DABARALY MASLAHAT

Geçen hepdäniň anna güni Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy — berkarar Watanymyzyň mertebesi, buýsanjy» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahaty Aşgabat şäher häkimligi Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde gurady. Maslahata şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda çykyşlara giň orun berildi. Olarda ýurdumy zyň hemişelik Bitaraplygy, halkara derejesindäki abraýy barada giňden durlup geçildi. Eziz Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy netijesinde gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler buýsanç bilen bellenildi. Maslahatyň geçýän ýerinde amaly haşam sungatynyň sergisi guralyp, aýdym-sazly çykyşlar giňden ýaýbaňlandyryldy.

Roza RAHYMOWA,

TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň jogapkär işgäri.